Dünýäniň iň iri awtoulag sergilerinden biri bolan Frankfurt sergisi sentýabrda öz myhmanlaryny kabul eder. Iri awtoulag öndürijileriň ählisiniň diýen ýaly gatnaşýan bu sergisinde tehnologiýa babatda has ösen ulaglar görkeziler. Awtoulag tigirlerini öndürmegi bilen tanalýan “Continental” kompaniýasy bolsa, ulaglaryň howpsuzlygy üçin täze tehnologiýalaryny hödürlär. Kompaniýa “akylly” baglanyşygy bolan aýnalary işläp düzýär. Bu tehnologiýa ýol heläkçilikleriniň öňüniň alynmagyna we sürüjiniň işiniň ýeňilleşmegine ýardam eder. Geçen ýyl ulaglaryň awtonomlaşmagy üçin 3 milliard ýewrodan gowrak maýa goýum goýan kompaniýa ulagyň içine degişli tehnologiýalary taýýarlaýar. “Continental”-yň işläp düzen 80 kilogramlyk modulynda hereketlendiriji, geçiriji guty, dolandyryş ulgamy we beýleki enjamlar bar. Täze ulgam elektrokarlarda tok geçiriji kabelleriň ulanylmagyny aradan aýyrýar. Şeýlelikde, bu ulgam oturdylan elektroulagyň agramy 20 kilogram azalar. Şeýle hem kompaniýa “EasyMile EX10” atly sürüjisiz ulagyny hem sergä getirer. Her biri 200 metr aralygy “görýän” ýedi sany radar sensory oturdylan ulag daş-töweregini yzygiderli gözegçilikde saklar. Şeýlelikde, özüne gelýän howpdan gaçyp hem-de öňünden çykjak päsgelçilikleri anyklap, ondan sowlup ýa-da saklanyp biler. Bu sensorlar pyýadalary we welosipedlileriň howpsuzlygy üçin ähmiýetlidir.
Biri-biri bilen “gepleşýär”
“Continental” kompaniýasy aragatnaşygyň 5-nji neslinden hem peýdalanmagy maksat edinýär. Täze taýýarlanýan platformada ulaglar öz aralarynda we ýoluň gyrasyndaky infrastrukturalar bilen maglumat alyp berer. Munuň üçin gysga aralykda ýaýradylýan radio tehnologiýasyndan hem peýdalanylar. Bu tehnologiýanyň netijesinde, ýoluň dyknyşygy ýaly ýüze çykyp biljek päsgelçilikleri anyklan maşyn ony golaýdaky ulaglara duýdurar. Täze amaly ulgamlar, üç ölçegli ekranlar sürüjileriň işini ýeňilleşdirer. Şeýle hem täze aýnalar Gün şöhlesiniň güýjüne görä garalyp-agarýar. Bu bolsa ulagyň içini sowatmak ýa-da ýylatmak üçin energiýany tygşytlamaga ýardam eder. “Akylly” şäherleriň döredilmegine hem goşant goşmak isleýän “Continental” ýol çatryklary üçin “akylly” sensorlary taýýarlaýar. Häzirki wagtda synagdan geçirilýän bu ulgam arkaly awtoulaglaryň, ýol yşyklarynyň, ýol çyralarynyň arasynda pyýadalaryň we welosipedlileriň howpsuzlygy üçin maglumat alyş-berşi ýola goýlar.