Hin­dis­tan go­laý­da 20 eme­li hem­ra­ny bir ge­zek­de älem gi­ňiş­li­gi­ne çy­kar­dy. Ýur­duň gün­do­ga­ryn­da­ky Sri­ha­ri­ko­ta kos­mod­ro­myn­dan uçu­ry­lan ra­ke­ta­da­ky eme­li hem­ra­la­r ABŞ, Ka­na­da, Ger­ma­ni­ýa we In­do­ne­zi­ýa ýurt­la­ry­na de­giş­li. Bu uçuş ýur­duň kos­mos pu­da­gyn­da­ky ösü­şi­niň ýe­ten ­de­re­jesini gör­kez­ýär. Hin­dis­tan 2014-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Mar­sa öz iş­läp dü­zen “Man­ga­lyaan” at­ly eme­li hem­ra­sy­ny gon­dur­ma­gy ba­şa­ryp­dy. Bu tas­la­ma iň ar­zan pla­ne­ta­ra uçuş hök­mün­de ha­sa­ba al­nyp­dy. Şeý­le hem il­kin­ji sy­na­ny­şyk­da ama­la aşy­ry­lan uly tas­la­ma bo­lup­dy. 2013-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da uçu­ry­lan “Man­ga­lyaan” üçin 74 mil­li­on sarp edi­lip­di. Şeý­le­lik­de ýurt Gy­zyl pla­ne­ta eme­li hem­ra ug­ra­dan dör­dün­ji ýurt bo­lup­dy. Dün­ýä­de bir ge­zek­de iň köp eme­li hem­ra uçu­ran ýurt Rus­si­ýa ha­sap­lan­ýar. 2014-nji ýyl­da 37 eme­li hem­ra bir ge­zek­de at­mos­fe­ra­nyň da­şy­na çy­ka­ry­lyp­dy.
“Go­og­le”-yň hem­ra­sy hem bar
Ra­ke­ta 1,5 ki­log­ram­dan 700 ki­log­ra­ma çen­li ulu­lyk­da­ky dür­li gör­nüş­li en­jam­la­ry öz ýa­ny bi­len alyp git­di. Ola­ryň ara­syn­da bir sa­ny kar­tog­ra­fik eme­li hem­ra bi­len bir ha­tar­da uni­wer­si­tet­le­re, kom­pa­ni­ýa­la­ra we döw­let­le­re de­giş­li eme­li hem­ra­lar bar. Ola­ryň bi­ri hem “Go­og­le” kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li. Bi­ler­men­ler bir ge­zek­de şeý­le köp eme­li hem­ra­nyň uçu­ryl­ma­gy­nyň ýur­duň ta­ry­hyn­da örän uly äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Hin­dis­tan söw­da mak­sat­ly hal­ka­ra kos­mos ba­za­ryn­da ar­zan ba­ha­ly hyz­mat hö­dür­le­me­gi bi­len ta­na­lyp baş­lan­dy.
Hin­dis­ta­nyň Kos­mos bar­lag­la­ry eda­ra­sy­nyň (ISRO) baş­ly­gy Ki­ran Ku­mar met­bu­ga­ta be­ren be­ýa­na­tyn­da eme­li hem­ra­la­ry öz er­ki­ne goý­be­ri­len guş­la­ryň uçu­şy­na meň­zet­di.
Ku­mar kos­mo­sa uçu­ry­lan her en­ja­myň bir-bi­rin­den ga­raş­syz he­re­ket et­jek­di­gi­ni we her bi­ri­niň hyz­mat ediş döw­rü­niň baş­ga-baş­ga bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy.