Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümine şu ýylyň 15-nji iýulyndan 15-nji awgustyna çenli aralykda zähmet rugsadynyň berilýändigini aýtdy. Şu günler ýurdumyzyň şypahanalarynda, dynç alyş merkezlerinde ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary öz saglyklaryny berkidýärler hem-de wagtlaryny peýdaly geçirýärler.
Milli Liderimiz dynç alyş pursatlarynda hem öz wagtyny netijeli peýdalanýar. Ozal habar berlişi ýaly, dynç alyş döwründe döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy işiniň nobatdaky kitabyny ýazyp gutardy.
Bu gezek hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy gurmagyň täze tapgyryny amala aşyrmak boýunça halkara bäsleşigiň yglan edilmeginiň öňüsyrasynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda, sanly we IT-tehnologiýalar arkaly işlenip taýýarlanylan taslamalar bilen tanşyp, şolar babatda degişli belliklerini hem-de maslahatlaryny berdi.
Gürrüň, hususan-da, Aşgabat-siti adyna eýe bolan döwrebap, binagärlik taýdan ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilişi barada barýar. Ony amala aşyrmagyň çäklerinde zerur bolan düzümli durmuş, dolandyryş we beýleki maksatly desgalaryň iri toplumynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Hödürlenen taslamalarda milli binagärligiň iň gowy däpleriniň hem-de dünýäniň şähergurluşygynyň öňdebaryjy meýilleriniň sazlaşykly utgaşmagy öz beýanyny tapdy we şonuň bilen birlikde, innowasion çemeleşmäni aýdyň görkezdi, şol çemeleşme bolsa, hormatly Prezidentimiz tarapyndan taslamanyň esasynda goýuldy.
Olary işläp taýýarlamaga Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň gatnaşandygy guwançly ýagdaýdyr. Soňky ýyllarda talyp ýaşlar şeýle işlere ýygy-ýygydan çekilýär, bu bolsa olaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini işjeň ulanmaga ýardam edýär.
Häkim döwlet Baştutanymyza taýýarlanylan taslamalar, şolaryň özboluşly aýratynlyklary we desgalaryň gurluşygynda ulanylmagy meýilleşdirilýän serişdeler barada hasabat berdi. Hususan-da, täze şäheriň çäklerinde bina edilmegi meýilleşdirilýän ýolagçy duralgalarynyň taslamalary hakynda giňişleýin habar berildi. Duralgalaryň daşky keşbinde milli binagärlik babatda nusgalyk hasaplanylýan hem-de türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasynyň ösmegine mynasyp goşandyna aýdyň şaýatlyk edýän dünýä belli taryhy-medeni ýadygärlikleriň häsiýetli aýratynlyklary öz beýanyny tapdy.
“Şäheriň içindäki täze şäheriň” ýollarynyň ugrunda ýerleşdiriljek jemgyýetçilik ulagynyň duralgalary barada aýdylanda, häkimiň habar berşi ýaly, häzirki döwürde duralgalaryň taslamasy taýýarlanyldy. Şolaryň birinjisi, ak öý şekilinde bolup, döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen bir hatarda, desganyň milli we estetiki täsirliligini üpjün eder. Taslama laýyklykda, ikinji duralga gadymy Nusaýyň şekilinde bolup, onda taryhda öçmejek yz goýan Parfiýa-türkmen döwletiniň esasy aýratynlyklary öz beýanyny tapypdyr.
Nobatdaky duralganyň daş keşbi türkmen binagärliginiň belent nusgasy hasaplanylýan Soltan Sanjar aramgähiniň şekilindedir. Gündogaryň Orta asyr binagärliginiň merjeni diýlip ykrar edilen bu meşhur ýadygärlik halkymyzyň döredijilik zehininiň aýdyň nyşany bolup, onuň mirasy umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Birwagt Türkmenistanyň çäginden geçen we häzir täze görnüşde dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm duralgalarynyň biri kaşaň kerwensaraýlary, köpugurly bazarlary bolan Amul şäheridir. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenen nobatdaky duralganyň taslamasynda şol şäheriň keşbi öz beýanyny tapdy. Täze şäherde jemgyýetçilik ulagynyň duralgasynyň keşbinde täsin binagärlik ýadygärlikleri bilen bilelikde, Köneürgenjiň esasy aýratynlyklary öz beýanyny tapypdyr.
Milli Liderimiz görkezilen taslamalary, umuman, makullap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy bilen Aşgabat ösüşiň täze tapgyryna, öz taryhynyň sanly tehnologiýalar döwrüne gadam goýup, innowasiýalaryň, ýokary şäher medeniýetiniň, maýa goýum işjeňliginiň, syýahatçylygyň paýtagtyna öwrüler. Täze duralgalaryň gurluşygynda ýurdumyzyň tebigy-howa şertlerine laýyk gelýän serişdeler ulanylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şeýle hem täze şäheriň ugurdaş desgalary häzirki zamanyň ylmy-tehnologik derejesine kybap gelmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, duralgalary awtobuslaryň hereketini, ugruny we gelmeli wagtyny görkezýän anyk maglumatlary almaga mümkinçilik berýän ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bezelişi taýdan tapawutlanýan duralgalarda ýylyň ähli paslynda ulaga garaşyp duran adamlar üçin amatly howa ýagdaýy döredilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz täze şäheriň taslamalarynyň we maketleriniň awgust aýynda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde guraljak halkara sergide görkezilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz täze binalaryň gurluşygynda ulanyljak ähli serişdeleriň häzirki zaman talaplaryna kybap gelmelidigini, şol sanda ekologiýa we bezeg nukdaýnazaryndan gabat gelmelidigini belledi.
Milli Liderimiz ak mermerli Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça taýýarlanylan maksatnamany ýokary derejede durmuşa geçirmek boýunça wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.