Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan ila­tyň sag­ly­gy­nyň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy ba­bat­da­ky kon­sep­si­ýa iş­le­nip dü­zül­di. Şol kon­sep­si­ýa­nyň esa­sy mak­sa­dy 2030-njy ýy­la çen­li çi­lim çek­mek­den do­ly bo­ýun ga­çyr­mak­dan yba­rat­dyr.
Be­ýik Bri­ta­ni­ýa tem­mä­ki önüm­le­ri­ne gar­şy gö­reş­de iň bir berk çe­me­leş­me gör­kez­ýän ýurt­la­ryň bi­ri­dir. Ýurt­da bu ugur­da bir­nä­çe ka­nun­lar ka­bul edil­di. Ba­ryp, 1985-nji ýyl­da te­le­ýaý­lym­lar­da çi­li­miň ma­ha­ba­ty­ny et­mäge ga­da­gan­lyk gi­ri­zil­di. 2003-nji ýyl­da kö­çe­ler­dä­ki ma­ha­bat panellerinde, 2005-nji ýyl­da bol­sa, tem­mä­ki önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ra köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­re hem-de sport ýa­ryş­la­ry­na he­ma­ýat­kär bol­mak ga­da­gan edil­di.
2007-nji ýyl­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa dün­ýä­de il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da köp­çü­lik­le­ýin ýer­ler­de – res­to­ran­lar­da we ka­fe­ler­de çi­lim çek­me­gi ga­da­gan et­di. Ho­wa men­zil­le­rin­de çi­lim çek­ýän­ler üçin ýö­ri­te goý­lan zi­bil gu­tula­ry aý­ryl­dy. 2007-nji ýyl­da çi­lim sa­tyn al­ma­ga rug­sat edil­ýän ýaş 16-dan 18-e çy­ka­ryl­dy.
2010-njy ýyl­dan bä­ri ýurt­da her ýyl bir aý çi­lim çek­mek­den ga­ça dur­mak üçin ýö­ri­te çä­re gu­ral­ýar we onuň ne­ti­je­le­ri bi­len ta­nyş­dy­ryl­ýar. Şeý­le hem çi­li­miň bir gu­tu­sy­nyň ba­ha­sy her ýyl 30-80 gö­te­rim gym­mat­la­dylýar. Hä­zir­ki wagt­da onuň or­ta­ça ba­ha­sy 10 fun­ta deň­dir. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, 2020-nji ýyl­da onuň ba­ha­sy­nyň 20 fun­ta çen­li ýo­kar­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
2011-nji ýyl­da ila­tyň ara­syn­da çi­lim çek­ýän­le­riň sa­ny 19 gö­te­rim bol­sa, 2018-nji ýyl­da bu gör­ke­zi­ji 14,4 gö­te­ri­me deň bol­dy.
Tä­ze kon­sep­si­ýa­da bel­le­nip ge­çi­li­şi ýa­ly, ila­tyň ýa­ra­maz en­dik­ler­den ga­ça dur­ma­gy ug­run­da gö­rül­ýän öňü­ni alyş çä­re­le­ri­ni güýç­len­dir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Se­bä­bi, çi­lim çek­ýän­ler howp­ly dö­re­me­ler, in­sult we ýüregarysy ýa­ly ýaramaz ke­sel­ler ze­rar­ly ara­dan çyk­ýar­lar.
Psi­hi­ki kyn­çy­lyk­la­ry bo­lan adam­la­ryň köp bö­le­gi­niň çi­lim çek­ýän­di­gi mä­lim edil­di. Ýur­duň Sag­ly­gy go­ra­ýyş mil­li gul­lu­gy­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, dep­res­si­ýa ýag­daý­la­ry bi­len luk­ma­na ýüz tut­ýan has­sa­la­ryň üç­den bi­ri­niň çi­lim çek­ýän­di­gi mä­lim edil­di.