Çilim galyndylary şäherlerdäki köçelerde iň köp ýaýran zibilleriň biri hasaplanýar. Olaryň daşky gurşawa, hususan-da, ösümlikleriň ösmegine ýetirýän zyýanlary uludyr. Bu barada Beýik Britaniýanyň alymlarynyň täze geçiren barlaglarynyň netijesinde bellenip geçilýär.
Statistika maglumatlaryna görä, dünýäde bir ýylyň dowamynda 5,6 trillion sany çilim çekilýär, onuň galyndysynyň üçden ikisi, ýagny 4,5 trilliony zibil gutusyna taşlanman, onuň golaýyna zyňylýar. Geçirilen pikir soraşmalaryň netijesine görä, çilim çekýänler çilimiň düzüminde plastigiň ýokdugyny belleýärler. Emma, onuň süzgüji asetat sellýuloza süýüminden öndürilýär. Ol hem giň ýaýran bioplastikadyr. Asetat sellýuloza bir ýarym ýyldan on ýyla çenli döwürde dargaýar. Şol döwürde ol daşky gurşawa uly zyýan berýär, ösümlikleriň adaty ösüşine päsgelçilik döredýär.
Angliýadaky Raskin uniwersitetiniň alymlarynyň barlaglarynyň netijelerine görä, çilimiň galyndysy ýorunjanyň ösüşini 27 göterim haýalladýar. Olar Kembrijiň golaýyndaky meýdanlarda muny barlap gördüler. Bu meýdanyň käbir böleklerinde bir inedördül metr ýer böleginde 128 çilim galyndysyna duş gelindi.
Beýik Britaniýada çilimiň galyndysyny zibile taşlamaýan çilimkeşlere jerime salmak meýilleşdirilýär. Munuň jerimesi London şäherinde 157 funt sterlinge (187 dollar) deňdir. Beýik Britaniýanyň paýtagtynyň häkimliginiň maglumatyna görä, her ýylda Londonyň köçelerine 6 million çilim galyndysy zyňylýar. Olary arassalamak üçin şäher häkimligi takmynan, 3,8 million funt sterling (4,7 million dollar) çykdajy edýär.
Şeýle hem Ýewropanyň ýene bir ýurdy Portugaliýada köçä çilim galyndysyny taşlana jerime salmak göz öňünde tutuldy. Ýurduň parlamenti bu babatda täze kanun kabul etdi. Şol kanuna laýyklykda, köçä çilim galyndysyny taşlan çilimkeşlere 25 bilen 250 ýewro möçberinde jerime salmak meýilleşdirildi. Bu kanun öňümizdäki aýdan güýje girýär. Täze kanun esasynda diňe köçeleri däl, eýsem, deňizleriň we derýalaryň kenarlaryny hem-de seýilgäh zolaklaryny çilimiň galyndysyndan arassalamak maksat edinilýär. Bu kanunda köpçülikleýin jemgyýetçilik ýerlerinde, söwda merkezlerinde we myhmanhanalarda hem çilim çekýänler üçin käbir jogapkärçilikler bellenildi. Bu ýerlerde çilim çekýänler üçin ýörite gutular goýup, olaryň arassaçylygyna şol edaralar jogapkärdir. Eger kanun bozulmalara ýol berlende edaralara 240 ýa-da 1500 ýewro jerime salnar. Portugaliýanyň çäklerinde her minutda köçelere 7 müň çilim galyndysy zyňylýar.