“Toyo­ta” kom­pa­ni­ýa­sy ýe­ne bir ýyl­dan ge­çi­ril­jek “Tok­io 2020” to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry üçin iş­läp taý­ýar­lan ro­bot­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy. Aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si­niň gör­ke­zen 5 sa­ny ro­bo­ty tür­gen­le­riň sport es­bap­la­ry­ny we tor­ba­la­ry­ny da­şa­ma­ga kö­mek eder, kö­çe­de aý­la­nyp, adam­la­ra na­har paý­lar hem-de to­ma­şa­çy­la­ra mag­lu­mat be­rer. Ro­bot­lar iş­le­nip dü­zü­len­de, adam­la­ra hyz­mat et­me­gi göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Mi­rai­to­wa (og­lan) we So­mei­ty (gyz) at­ly 2 sa­ny eý­je­jik ro­bot bol­sa, Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ny­şa­ny (ta­lis­man) hök­mün­de taý­ýar­la­nyp­dyr. Ro­bot­lar ge­len myh­man­la­ry gar­şy alar, ola­ryň so­wal­la­ry­na jo­gap be­rer we su­ra­ta dü­şü­rer. Ro­bot­la­ryň göz­le­ri ka­me­ra­lar we san­ly sen­sor­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lyp­dyr. Kör­pe­le­ri­niň hem oý­na­ma­gy üçin bu oý­na­waç­lar tu­tuş ýur­da ýaý­ra­dy­lar.
“THR-3” at­ly adam­sy­pat ro­bo­tyň he­re­ket et­mek uky­by has kä­mil. “THR-3” tür­gen­ler­den uzak­da­ky myh­man­la­ra ola­ryň ses we şe­kil­le­ri­ni ibe­rer. “T-TR1” at­ly ro­bot bol­sa, “Toyo­ta”-nyň ABŞ-da­ky yl­my-bar­lag ins­ti­tu­tyn­da iş­le­nip dü­zü­lip­dir. Onuň de­pe­sin­de bir ka­me­ra­sy we dö­şün­de bir ek­ra­ny bo­lup, to­ma­şa­çy­la­ra uzak­dan oý­na to­ma­şa et­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­der. Şeý­le hem beý­le­ki myh­man­lar we tür­gen­ler bi­len uzak­dan wi­deo­jaň­ly gep­leş­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.
HSR at­ly en­jam bol­sa, to­ma­şa­çy­la­ra sta­dio­n­da­ otur­jak ýe­ri­ni tap­ma­ga kö­mek eder. Şeý­le hem ola­ryň ýe­ňi­lräk tor­ba­la­ry­ny gö­te­ri­şer. “Toyo­ta DSR” at­ly ro­bot to­ma­şa­çy­la­ryň ýö­ri­te plan­şet­den sar­gyt eden na­har­dyr iç­gi­le­ri­ni ge­ti­rip be­rer.
FSR at­ly en­jam bol­sa, naý­za ýa­ly zy­ň­lyp oý­nal­ýan oýun­lar­da­ky es­bap­la­ry ge­rek­li ýe­ri­ne äkit­mek üçin di­zaýn edi­lip­dir.
Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa APM (Acces­sib­le Pe­op­le Mover) at­ly sü­rü­ji­siz ula­gy­ny hem ta­nyş­dyr­dy. Eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len üp­jün edi­len ulag sa­gat­da 20 ki­lo­metr tiz­lik bi­len he­re­ket eder. Ulag üç ka­me­ra we bir li­dar sen­so­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lyp­dyr. Bäş orun­lyk ulag bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 100 ki­lo­metr ýol ge­çip bil­ýär. Je­mi 200 sa­ny APM ula­gy Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de we dür­li ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­ýän des­ga­la­ryn­da myh­man­la­ryň hyz­ma­tyn­da bo­lar. Ula­gyň üs­tün­de LED çy­ra­sy bo­lup, ol git­me­li ýo­lun­dan azaş­man bar­ýan­dy­gy­ny gör­ke­zer. Kom­pa­ni­ýa­nyň bu tas­la­ma­la­ryn­dan jo­gap­kär ýol­baş­çy­sy Ta­ke­şi Ku­wa­ba­ra meý­dan­ça­da­ky agyr sport es­bap­la­ry­ny we gu­ral­la­ry­ny adam­la­ryň has go­wy da­şap bil­jek­di­gi­ni, em­ma ony gys­ga wagt­da da­şa­mak üçin ro­bo­tlar­dan peý­da­lan­ma­gyň has amat­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär.