Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde köp adam dynç almagyň aladasyny edýär. Kimisi şypahanalarda saglygyny berkidýän bolsa, kimisi taryhy ýerlere zyýarat edýär. Deňziň arassa howaly kenarynda dynç almagy halaýanlar hem az däl. Syýahatçylygyň dürli ugurlary bolup, adamlaryň medeniýetli dynç almagyna ýardam edýär.
Syýahat edilýän ýerlere syýahatçy çekmek maksady bilen ýerine ýetirilen ykdysady, medeni we tehniki işleriň ählisi-de syýahatçylyk pudagyna degişli bolýar. Şol sebäpli syýahatçylyk ýerlerinde myhmanhanalar, ýollar, seýilgähler, restoranlar we beýleki güýmenje üçin dürli desgalar gurulýar. Emma bu işler dogry ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda tebigata zyýan ýetmegi mümkin. Syýahat diňe yssy howada edilmeýär. Bu pudakdan yzygiderli girdeji gazanmak maksady bilen ony ýylyň ähli paslyna ýaýratmak üçin tagalla edilýär. Syýahatçylygyň täze görnüşleriniň biri hem ekosyýahatçylykdyr. Ekosyýahatçylyk tebigy gözellikleriň goralyp, syýahatçylyk maksady bilen ulanylmagyna diýilýär. Şeýle hem syýahatçylygyň bu görnüşi ýerli halkyň ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam edýär. Syýahat edýänlere bolsa, üýtgeşik tebigaty we medeniýeti görmäge ýardam edýär. Ekosyýahatçylygyň çäklerinde biodürlüligiň baý ýerlerinde ýörişe çykmak, rafting ýa-da gaýykly gezelençleri guramak, wulkanik ýerleri görmek, ýabany haýwanlary, olaryň ýaşaýan ýerinde görmek ýaly çäreler geçirilýär. Bu çäreler adatça, kiçi toparlar bilen guralýar. Ekosyýahatçylykda Braziliýa, Ekwador we Madagaskar ýaly ýurtlar öňdeligi eýeleýär. Ekosyýahatçylykda nahar, ulagy kärendesine almak, taksi, ýolbeletlik we senetçilige degişli elde taýýarlanan sowgatlyk harytlaryň satuwy ýerli ýaşaýjylar tarapyndan amala aşyrylýar. Tebigy ýerlere we janly-jandarlara zeper ýetirilmezligine aýratyn üns berilýär. Syýahatçylyk maksatly gurlan desgalaryň binagärlik aýratynlyklarynyň tebigat üçin zyýansyz bolmagy göz öňünde tutulýar. Günorta-gündogar Aziýadaky Borneo adasynda Ýer ýüzündäki biodürlüligiň 6 göterimi bar. Dünýäniň üçünji uly adasy bolan Borneoda orangutan, pil, bars we kerk ýaly ýabany jandarlar ýaşaýar. Bu ýerde ýola goýlan ekosyýahatçylyk şol tebigy gözellikleriň olara zyýan ýetirmezden goralyp saklanmagyny we tanyşdyrylmagyny üpjün edýär.