Il­kin­ji ti­gi­riň oý­la­nyp ta­pyl­ma­gy bi­len adam­zat ta­ry­hyn­da uly öw­rü­li­şik bo­lup ge­çen hem bol­sa, soň­ky ýyl­lar­da bu ugur­da has köp öňe­gi­diş­lik ga­za­nyl­dy. Go­laý­da ýa­pon hü­när­men­le­ri aw­tou­lag ti­gi­rin­den elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­me­giň usu­ly­ny oý­lap tap­dy­lar. Ti­gir­ler, esa­san, sin­te­tik kau­çuk­dan ön­dü­ril­ýär we çig mal hök­mün­de ne­bit­den peý­da­la­nyl­ýar. “Su­mi­to­mo Rub­ber” şe­re­ke­ti bi­len Kan­sai uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri ti­gi­riň iç­ki bö­le­gi­ne da­kyl­ýan sür­tül­mä­ni elekt­rik ener­gi­ýa­sy­na öwür­ýän en­ja­my iş­läp düz­dü­ler. Ti­gir­ler he­mi­şe di­ýen ýa­ly he­re­ket­de bol­ýan­dy­gy üçin, olar­dan ener­gi­ýa ön­dür­mek müm­kin. Bu en­jam ula­gy he­re­ke­te gi­ri­ze­niň­de, tiz­li­gi­ni art­dy­ran­yň­da, nä­te­kiz ýer­den ge­çe­nin­de ener­gi­ýa ön­dür­ýär. Ki­çi­jik en­ja­myň ön­dür­ýän ener­gi­ýa­sy hä­zir­ki wagt­da az hem bol­sa, gel­jek­de onuň kuw­wa­ty­nyň art­dy­ryl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Ha­çan ula­ny­şa goý­be­ril­jek­di­gi hä­zir­lik­çe bel­li bol­ma­dyk bu en­ja­myň gys­ga wagt­dan sy­nag mak­sat­ly ula­ny­lyp baş­la­nyl­jak­dy­gy mä­lim edil­di.