ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Ba­rak Oba­ma Ýew­ro­pa ama­la aşy­ran sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Pol­şa­dan soň­ra Is­pa­ni­ýa­da-da sa­par­da bol­dy. Bu soň­ky 15 ýy­lyň do­wa­myn­da ABŞ-dan Is­pa­ni­ýa Pre­zi­dent de­re­je­sin­de ama­la aşy­ry­lan il­kin­ji sa­par bol­dy. Mun­dan ozal, 2001-nji ýy­lyň iýun aýyn­da Jorj Buş­la­ryň ki­çi­si Is­pa­ni­ýa­da sa­par­da bo­lup­dy.
Ak Ta­myň ýol­baş­çy­la­ryn­dan Duaýt Eý­zen­ha­ur il­kin­ji bo­lup, Is­pa­ni­ýa­da sa­par­da bo­lup­dy. Bu sa­par 1959-njy ýyl­da ama­la aşy­ryl­dy. ABŞ-nyň 37-nji Pre­zi­den­ti Ri­çard Nik­son bi­len bir ha­tar­da, on­dan soň­ky äh­li Pre­zi­dent­ler öz döw­rün­de Is­pa­ni­ýa ge­lip git­di­ler.
Is­pa­ni­ýa­nyň Pa­ty­şa­sy Fe­li­pe VI we ýur­duň hö­kü­me­ti­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry we­zi­pe­si­ni wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­tir­ýän So­ra­ýa Saens de San­ta­ma­ri­ýa ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Ba­rak Oba­ma­ny Mad­ri­diň go­la­ýyn­da Tor­re­hon ho­wa men­zi­lin­de gar­şy al­dy­lar.
Pre­zi­dent Oba­ma bi­len Pa­ty­şa Fe­li­pe VI ara­syn­da pa­ty­şa köş­gün­de gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Soň­ra Pre­zi­dent Oba­ma ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň res­mi ka­bul­ha­na­sy­na ba­ryp, ol ýer­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­si, 20-nji iýun­da ge­çi­ri­len saý­law­da ýe­ňiş ga­za­nan “Halk” par­ti­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Ma­ria­no Ra­hoý bi­len du­şuş­dy. Gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­lar ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Pre­zi­dent Oba­ma res­mi gep­le­şik­le­riň çäk­le­rin­de eden çy­ky­şyn­da Is­pa­ni­ýa­nyň ABŞ-nyň he­mi­şe esa­sy hyz­mat­da­şy bol­ma­gyn­da gal­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ol ýurt­da ge­çi­ri­len saý­law­dan soň­ra dü­zül­jek tä­ze hö­kü­me­tiň ag­za­la­ry bi­len hem hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi ug­run­da bi­le­lik­de iş­le­jek­dik­le­ri­ni aýt­dy.