2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Аwaza” milli syýahatçylyk zolagynda ähmiýetli çäre – birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi.
Foruma Hazarýaka we beýleki döwletleriň ýokary derejeli döwlet işgärleri, halkara guramalarynyň wekilleri, ylmy işgärler, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we dünýä metbugatynyň wekilleri bilen bir hatarda, dünýäniň köp ýurdundan müňlerçe myhman geldi.
Fo­ru­myň da­ba­ra­ly açy­ly­şy “Ha­zar deň­zi: hal­ka­ra yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­me­giň bäh­bit­le­ri” at­ly hal­ka­ra mas­la­hat bi­len baş­lan­dy, onuň bar­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ry­hy çy­ky­şy­ny ama­la aşyr­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy hem-de dur­muş taý­dan ösü­şi­ni pug­ta­lan­dyr­mak nuk­daý­na­za­ryn­dan Ha­zar deň­zi­niň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti­ni nyg­tap geç­di. Ha­zar deň­zi­niň te­bi­gy gor­la­ry­ny go­ra­p sak­la­mak we ne­ti­je­li ula­nmak mak­sa­dy bi­len tä­ze Ha­zar eko­lo­gi­ýa mak­sat­na­ma­sy­nyň dö­re­dil­me­gi bo­ýun­ça baş­lan­gyç or­ta atyl­dy.
Şeý­le hem eko­lo­gi­ki taý­dan go­rag­ly­ly­gy bi­len bir­lik­de Ha­zar­da hyz­mat­daş­ly­gyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne se­re­di­lip ge­çil­di, çün­ki olar dur­muş taý­dan ösü­şe, dur­nuk­ly­ly­ga hem-de yk­dy­sa­dy in­teg­ra­si­ýa özü­niň oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän­dir. Bu­la­ryň äh­li­si 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin gün ter­ti­bi­niň çäk­le­rin­de Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek­li­ge gö­nük­di­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň mil­li mak­sat­na­ma­la­ry we dün­ýä de­re­je­sin­de al­nyp ba­ryl­ýan he­re­ket­ler bi­len saz­la­şyk­ly ut­gaş­dy­ryl­ýan­dyr.
Açy­lyş da­ba­ra­sy­na “Ha­zar bäş­li­gi­niň” ýurt­la­ry­nyň hö­kü­met we­kil­le­ri – Azer­baý­ja­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Now­ruz Ma­me­dow, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň bi­rin­ji wi­se-pre­zi­den­ti Es­hak Ja­han­gi­ri, Ga­za­gys­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri As­kar Ma­min we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy Dmit­riý Med­we­dew gat­na­şyp, olar hem öz çy­kyş­la­ryn­da se­bit­de söw­da, ener­ge­ti­ka, se­na­gat we ulag ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi bi­len bir ha­tar­da sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň hem gel­je­gi­niň ulu­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Hu­su­san-da, Rus­si­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Dmit­riý Med­we­dew öz çy­ky­şyn­da aja­ýyp te­bi­gat, baý ta­ryh, me­de­ni­ýet – bu­la­ryň hem­me­si Ha­zar se­bi­ti­ne dün­ýä bel­li sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da my­na­syp orun eýe­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Bi­ler­men­le­riň ba­ha ber­me­gi­ne gö­rä, Ha­za­ryň ke­na­ry her ýyl sy­ýa­hat­çy­la­ryň azyn­dan 1 mil­lio­ny­ny, ýag­ny, hä­zir­ki ýag­da­ýa ga­ra­nyň­da, has köp möç­be­ri­ni ka­bul edip bil­ýär. Bu ugur­da “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da köp iş­ler edil­ýär. Rus­si­ýa­nyň Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy bu ýer­de 10 ýyl mun­dan öň bo­lan­dy­gy­ny bel­läp, Türk­me­nis­ta­ny sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek­de ga­za­nan aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri bi­len gut­la­dy.
Be­lent mer­te­be­li myh­man­la­ryň bel­leý­şi ýa­ly, Ha­zar se­bi­ti­niň özü­niň baý ener­gi­ýa çeş­me­le­ri bi­len köp­le­riň ün­sü­ni çek­ýän­di­gi mä­lim­dir. Pars aý­la­gy­nyň ýurt­la­ry bi­len bi­le­lik­de Ha­zar se­bi­ti “ener­ge­ti­ka el­lip­si” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan zo­la­gy eme­le ge­tir­ýär, on­da dün­ýä­niň ne­bit gor­la­ry­nyň 70 gö­te­ri­mi­ne go­la­ýy hem-de te­bi­gy ga­zyň 40 gö­te­ri­mi jem­le­nen­dir. Ha­zar­ýa­ka ýurt­lar üçin mu­nuň özi el­bet­de, geost­ra­te­gik ar­tyk­maç­lyk­dyr we hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.
Ulag dü­zü­mi ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa Ha­zar se­bi­ti­niň, ha­ky­kat­dan-da, dün­ýä ge­çel­ge­le­ri­niň örän mö­hüm çat­ry­gy bo­lup dur­ýan­dy­gy bel­le­ni­lip ge­çil­di. Soň­ky bir­nä­çe ýy­lyň do­wa­myn­da se­bi­tiň ulag-lo­gis­ti­ka kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak ba­bat­da köp iş­ler edil­di. De­ňiz ula­gy ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da bäş­ta­rap­la­ýyn Yla­la­şy­gyň tas­la­ma­sy­nyň üs­tün­de iş­le­nil­ýär. Onuň mak­sa­dy Ha­zar deň­zi bo­ýun­ça bir nus­ga­ly hem-de bäs­deş­li­ge ukyp­ly şert­le­ri dö­ret­mek bo­lup dur­ýar.
Bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň di­ňe bir se­bit­de däl-de, bü­tin dün­ýä­de uly gy­zyk­lan­ma eýe­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Türk­me­nis­tan­ly žur­na­list­ler bi­len bir ha­tar­da, onuň işi­ni da­şa­ry ýurt­ly köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň köp san­ly­sy­nyň – ha­bar­lar agent­lik­le­ri­niň, te­le we ra­dio kom­pa­ni­ýa­la­ryň, ga­zet­le­riň, In­ter­net-ne­şir­le­riň we­kil­le­ri gat­na­şyp, fo­ru­myň ge­çiş ter­ti­bi­ni gyz­gy­ny bi­len ýe­tir­di­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň oňyn baş­lan­gyç­la­ry mö­hüm bo­lup, olar döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk gel­ýär. Mu­ňa bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­na gat­na­şy­jy­la­ryň we­kil­çi­lik­li dü­zü­mi hem aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Fo­ru­myň çäk­le­rin­dä­ki çä­re­ler­de çy­kyş eden­ler Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň we onuň mil­li Li­de­ri­niň di­ňe bir Ha­zar se­bi­ti­niň döw­let­le­ri­niň däl-de, ser­het­deş se­bit­le­riň hem ara­syn­da köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar üçin he­mi­şe­lik esas­da he­re­ket ed­ýän meý­dan­ça­nyň dö­re­dil­me­gi­ne goş­ýan go­şan­dy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­myz dö­re­di­ji­lik­li pa­ra­hat­çy­lyk­ly sy­ýa­sa­ty üýt­gew­siz dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň me­se­le­le­ri­ne uzak­dan gö­rü­ji hem-de tä­ze­çil çe­me­leş­me­le­ri gör­kez­ýär, ola­ryň ne­ti­je­li çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da iş­jeň or­ny eýe­le­ýär.
Ikin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ast­ra­han şä­he­rin­de ge­çi­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar.