Alym­lar Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da ta­py­lan ägirt uly ping­wi­niň bö­lek­le­ri­niň üs­tün­de ge­çi­ri­len yl­my-bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ni mä­lim et­di­ler. Ga­dy­my ping­win­le­riň bo­ýu­nyň adam­la­ryň bo­ýy bi­len deň­di­gi anyk­lan­yldy. Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da ta­py­lan ping­wi­niň bo­ýy 160 sm, ag­ra­my bol­sa 80 ki­log­ra­ma deň­dir. Bu jan­dar Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da pa­leo­sen (66-56 mil­li­on ýyl öň) döw­rün­de ýa­şap ge­çip­dir.
Ken­ter­beriý mu­ze­ýi­niň uly iş­gä­ri Pol Sko­fild ta­py­lan ping­wi­niň şu wag­ta çen­li ýü­ze çy­karylan jan­da­ryň bu gör­nü­şi­niň iň ulu­sy­dy­gy­ny bel­le­di. Jan­da­ryň bu gör­nü­şi­niň Gü­nor­ta ýa­rym­şar­ynda­ky suw gi­ňiş­lik­le­rin­de ýa­şa­n­dy­gy bel­le­nil­ýär. Alym­lar um­man­lar­da­ky ägirt uly de­ňiz süý­re­ni­ji­le­ri­niň (di­no­zawr­la­ryň ýok bo­lup gi­den döw­ri) ýok bo­lup git­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de, şeý­le uly ping­win­le­riň dö­rän­di­gi­ni çak­la­ýar­lar. Şeý­le hem olar jan­ly-jan­dar­lar­da öw­rü­li­şik­le­riň çalt dep­gin­de ama­la aş­ýan­dy­gy­ny, ga­dy­my dö­wür­ler­de Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň ke­na­ryn­da­ky su­wuň fau­na­la­ryň ösü­şi üçin amat­ly bo­lan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Ägirt uly ping­wi­niň bu gör­nü­şi Waýpara der­ýa­sy­nyň hor­ma­ty­na “Crossval­lia wai­pa­ren­sis” diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Hä­zir­ki wagt­da Ýer to­ga­la­gyn­da ýa­şa­ýan iň uly ping­wi­niň bo­ýy 120 san­ti­met­re, ag­ra­my bol­sa 35 ki­log­ra­ma deň­dir.