Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň dür­li şä­her­le­rin­de 2016-njy ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da 7,17 mil­li­on tä­ze iş orun­la­ry dö­re­dil­di. Bu ba­ra­da ýur­duň Adam re­surs­la­ry we dur­muş go­rag­ly­ly­gy mi­nistr­li­gi ha­bar ber­ýär. 2016-njy ýy­lyň iýun aýyn­da iş­siz­li­giň de­re­je­si 4,05 gö­te­ri­me deň bol­dy. Ýy­lyň 1-nji çär­ýe­gin­de bu gör­ke­zi­ji 4 gö­te­ri­me ba­ra­bar bo­lup­dy. Ýur­duň çä­gin­de şä­her­dir oba­lar­da tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi ba­bat­da köp iş­ler edil­ýär. 6 aýyň do­wa­myn­da­ky gör­ke­zi­ji­ler bu ugur­da edil­ýän iş­le­riň ge­ri­mi­niň bar­ha gi­ňe­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Li Kes­ýan mart aýyn­da her ýyl ge­çi­ril­ýän mil­li par­la­men­tiň ýyg­na­gyn­da şu ýy­lyň do­wa­myn­da 10 mil­li­on tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­jek­di­gi­ni we 2016-njy ýyl­da iş­siz­li­giň de­re­je­si­ni 4,5 gö­te­rim­den pe­se ga­çyr­mak üçin ta­gal­la edil­jek­di­gi­ni mä­lim edip­di. Hy­taý­ly ýol­baş­çy­lar öňün­de go­ýan bu mak­sa­dy­na ýet­mek üçin de­giş­li iş­le­ri ge­çi­rip, eý­ýäm 7 mil­li­on­dan gow­rak tä­ze iş or­nu­nyň dö­re­dil­me­gi­ne go­şant goş­dy.