Ulag satyn alnanda beýleki tehniki aýratynlyklary bilen bir hatarda onuň näçeräk ýangyç sarp edýändigine hem üns berilýär. Islendik
awtoulag sürlende ýangyçdan tygşytly peýdalanmagyň usullary bar. Olaryň käbirlerini siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
Tigirler ulagyňyza laýyk we dogry ölçeglerde bolmalydyr. Onuň howa basyşynyň kadaly bolmagy artykmaç ýangyç sarp edilmeginiň öňüni alýar.
Ulagy ilkibaşda işledeniňizde gyzdyrmak üçin köp garaşmak hökman däl. Motory gyzdyrmak üçin ilki haýalrak sürüp bilersiňiz.
Ulagy sürüp barýarkaňyz belli bir tizlikde hereket ediň! Hemişe üýtgäp durýan tizlikde sürülse, ýangyç hem şoňa görä köp gider.
Tomus aýlarynda sowadyjyny, gyş aýlarynda ýyladyjyny işletmek ýangyjy has köp talap edýär. Ulagyň ýangyjyny tygşytlamak üçin bulardan mümkin boldugyça azrak ulanylmaly.
Ulagyňyzda köp ýük daşamak hem ýangyjyň artykmaç gitmegine sebäp bolýar. Şonuň üçin ulagyňyzdaky gerekmejek zatlary azaltmagyňyzy maslahat berýäris.
Ulagyň ýagyna-suwuna wagtly-wagtynda seretmegi ýatdan çykarmaly däl.
Ýokary hilli ýag almaly. Pes hilli we näbelli ýaglar ulagda kemçiligiň döremegine we ýangyjyň hem köpräk gitmegine sebäp bolýar.
Ýolda barýarkaňyz ulagy birden haýallatmak hem ýangyjyň artykmaç sarp edilmegine sebäp bolýar.
Ýokardan aşaklygyna sürülende tormoza birden däl-de, ýuwaşjadan basmaly.
Gaz pedalyna basanyňyzda hem ünsli bolmalydyr. Gaza gaty basylanda ulag has köp ýangyç sarp edýär.