Ýewropa Statistika Edarasynyň (Eurostat) maglumatlaryna görä, 28 agzaly Bileleşikde daş kömrüň ulanylyşy geçen ýyl 4 göterim azalyp, 226 million tonna çenli azalypdyr. Şeýle hem maglumatda ýangyjyň bu görnüşiniň ulanylyşynyň birnäçe ýyldan bäri yzygiderli azalýandygy mälim edildi. Sebitde 1990-njy ýylda 497 million tonna kömür sarp edilen bolsa, bu görkeziji şondan bäri jemi 54 göterim azalypdyr. Ýewropa ýurtlarynda kömrüň önümçiligi hem geçen ýyl 6 göterim azalyp, 74 million tonna bolupdyr. Bu görkeziji 1990-njy ýyldaky 368 million tonna bolan önümçilikden 80 göterim az. Germaniýa, Ukraina we Polşa Ýewropada iň köp kömür sarp edilýän ýurtlar bolup, bu döwletlerde hem onuň sarp edilişi yzygiderli azalýar.