Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylym we medeniýet ulgamyna diplomatiýanyň ynsanperwer ugry hökmünde uly ähmiýet berýär. Türkmen halkynyň baý medeniýetini giňden wagyz etmek, şeýle hem daşary ýurtlar bilen medeni gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak bu diplomatiýanyň özenini düzýär. Şonuň netijesinde, ýurdumyzda daşary ýurtlaryň medeniýet we kino günleri ýaly dürli derejedäki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Muňa şu hepdäniň dowamynda, ýagny 3-6-njy sentýabr aralygynda geçirilen Koreýanyň hepdeligi hem aýdyň subutnama bolup durýar.
Şu hepdäniň çäklerinde geçirilen dostlukly Koreýa Respublikasynyň medeni çäresinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary koreý däpleri we medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Hepdeligiň dowamynda “hanbok” – zenanlaryň milli lybaslarynyň sergisi geçirildi.
Mundan başga-da, koreý kino sungaty barada giň maglumat almaga mümkinçilik döredilip, koreý halkynyň milli söweş sungaty bolan taekwondo boýunça görkezme çykyşlary geçirildi. Şeýle hem bu medeni çäräniň dowamynda koreý halkynyň tagamlary bilen tanyşmaga we özboluşly ajaýyp tagamlary dadyp görmäge mümkinçilik döredildi.
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlaryndaky döwletara gatnaşyklar barha ösdürilýär. Ýokary derejedäki saparlar döwletara gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşmegine itergi bermek bilen, soňky ýyllarda däbe öwrülen deňhukukly, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak arkaly ýola goýlan dostlukly türkmen-koreý gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyryp, hil taýdan täze derejä çykardy. Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy. 2007-nji ýylda Aşgabatda Koreýanyň, 2013-nji ýylda bolsa, Seulda Türkmenistanyň ilçihanalarynyň açylmagy iki dostlukly döwletiň diplomatik gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ädimleriň biri boldy. Türkmenistan döwletimiz Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berip, ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýokary tehnologiýaly senagat, ulag-aragatnaşyk, ylym we medeniýet, sport ýaly ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini üns merkezinde saklaýar. Türkmen-koreý gatnaşyklarynda medeni hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Soňky ýyllarda Türkmenistanda Koreýanyň Medeniýet günleri hem-de ýurdumyzda bu dostlukly ýurduň tans toparlarynyň çykyşlary yzygiderli geçirilýär. Iki döwletiň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ählisinde medeni-ynsanperwer ulgamdaky, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport hem-de syýahatçylyk ugurlaryndaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň derwaýyslygy aýratyn nygtalýar. Koreýa Respublikasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen dostluk assosiasiýasy hem Türkmenistan bilen gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýär.
Şu ýylyň aprelinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana bolan döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki türkmen-koreý gepleşikleriniň barşynda medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary has-da giňeltmegiň möhümdigi bellenildi. Gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň hatarynda medeniýet we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky ylalaşyk hem bar.
Sport we syýahatçylyk ulgamynda hem hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly mümkinçilikler açylýar. Ýakyn wagtda Türkmenistanda Koreýa Respublikasy bilen syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň konsepsiýasy işlenip taýýarlanylar. Türkmenistanda koreý diline hem-de koreý halkynyň gadymy özboluşly medeniýetine uly sarpa bilen garalýar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty eýýäm on ýyldan gowrak wagt bäri, koreý dili we edebiýaty boýunça hünärmenleri taýýarlaýar. Şu hepdäniň başynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýanynda Patyşa Sejong adyndaky Koreý okuw merkezinde koreý diliniň agşamky okuwlarynyň açylmagy dostlukly ýurduň dilini öwrenmäge gyzyklanmanyň uludygyny tassyklady.
Gündogar Aziýada ýerleşýän Koreýa Respublikasynyň baý taryhy hem-de medeniýeti bar. Hanbok koreý halkynyň milli egin-eşigidir. Ol koreý dilinden terjime edilende “koreý geýimi” diýen manyny berýär. Koreýler bu geýimi köp ýyllaryň dowamynda geýip gelýärler. Onda koreý halkynyň ýüzi, pelsepewi garaýyşlary we estetiki häsiýetleri ýatyr. Şeýle hem bu geýim koreý halkynyň özboluşlylygynyň nyşany hasaplanylýar.
Mundan başga-da koreý tagamlary hem meşhurdyr. Olaryň esasy tagamlary tüwi we aş (kuksu, nenmen), şeýle hem dürli çorbalary bar. Koreý tagamlary birneme ajydyr. Köplenç ähli tagamlarda gyzyl burç ulanylýar. Burçuň giňden ulanylmagyny onuň önümleri köp wagt saklaýandygy bilen düşündirilýär. Koreýanyň we oňa goňşy bolup oturan ýurtlaryň esasy tagamy tüwidir. Ol koreýalylar üçin ýewropa halklarynda çörek bolşy ýaly, saçagyň aýrylmaz bölegidir. Onuň ýany bilen kimçhi (çimçi) pekin keleminden ajy işdäaçar hem berilýär.
Milli söweş sungaty bolan taekwondo hem koreý medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegidir. Sportuň bir görnüşi bolan taekwondoda, köplenç aýak ulanylýar. 1966-njy ýylda Seulda Halkara taekwondo federasiýasy döredildi. 1974-nji ýylda bu ugurda ilkinji halkara çempionat geçirildi. Sportuň bu ugry bilen Türkmenistan döwletimiziň ýaşlary hem giňden meşgullanýarlar.
Umuman, Koreý hepdeligi iki dostlukly ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň, hususan-da ynsanperwer ugrunyň has-da ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.
Gülşat ATAMYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.