Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­zde mu­kad­des baý­ram­çy­ly­ga – şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­myzyň 28 ýyl­ly­gy­na taýýarlyk görülýän gün­ler­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň mer­ke­zi bi­na­syn­dan hoş ha­bar­lar ge­lip go­wuş­dy.
Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji ses­si­ýa­syn­da äh­li ag­za döw­let­ler ta­ra­pyn­dan mil­li Li­de­ri­mi­ziň öňe sü­ren “2021-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” at­ly Ka­rar­na­ma­sy bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Bu ta­ry­hy Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ka­ra baş­lan­gy­jy­nyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan no­bat­da­ky ge­zek uly yk­rar­na­ma eýe bo­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Şeý­le hem BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji ses­si­ýa­sy­nyň res­mi­na­ma­sy hök­mün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça şu ýy­lyň 11-12-nji aw­gus­tyn­da Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de, ýag­ny “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Jem­leý­ji Be­ýan­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi hem-de BMG-niň res­mi dil­le­rin­de çap edil­me­gi türk­men dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ga­za­nan no­bat­da­ky üs­tün­li­gi­dir. Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan şeý­le ta­ry­hy ka­rar­la­ryň alyn­ma­gy hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mek­de we umu­ma­dam­zat ösü­şi­ne da­hyl­ly me­se­le­le­riň oňyn çöz­güt­le­ri­ni tap­mak­da ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gol­da­nyl­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji ses­si­ýa­syn­da eden ta­ry­hy çy­ky­şyn­da dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň hö­küm sür­me­gi ug­run­da en­çe­me baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňe sü­ren bu baş­lan­gy­jy­nyň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi dart­gyn­ly­ly­gy azalt­mak, je­del­le­ri we gap­ma-gar­şy­lyk­la­ry sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik ýol bi­len ka­da­laş­dyr­mak, yna­nyş­ma­gyň we öza­ra dü­şü­niş­me­giň de­re­je­si­niň pe­se gaç­ma­gy­ny ýe­ňip geç­mek, Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça anyk çä­re­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak mak­sa­dy bi­len, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­ga tä­ze iter­gi be­rer. Şo­nuň üçin bu Ka­rar­na­ma­nyň aw­tor­da­şy bo­lup, dün­ýä­niň 73 döw­le­ti çy­kyş et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň se­bit, şeý­le hem Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de yzy­gi­der­li öňe sür­ýän hä­zir­ki za­ma­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji baş­lan­gyç­la­ry we tek­lip­le­ri ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­dy.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de pa­ra­hat­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, ýurt­la­ryň ara­syn­da hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry alyp bar­mak, yna­nyş­mak we öza­ra dü­şü­niş­mek ýag­da­ýy­ny eme­le ge­tir­mek, deň­hu­kuk­ly, öza­ra hor­mat goý­mak we bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ru­hu­ny ber­kit­mek işin­de sal­dam­ly go­şant goş­ýan döw­let hök­mün­de yk­rar edil­ýär.
BMG bi­len kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar. Türk­me­nis­tan bi­len BMG-niň ara­syn­da­ky deň­hu­kuk­ly­lyk, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak we uzak­möh­let­le­ýin esas­la­ra da­ýan­ýan däp bo­lan gat­na­şyk­lar hä­zir­ki dö­wür­de tä­ze maz­mun bi­len üs­ti ýe­ti­ril­ýär. Türkmenistan soň­ky ýyl­lar­da BMG-niň ab­raý­ly dü­züm­le­ri­niň hem-de yk­dy­sa­dy eda­ra­la­ry­nyň ag­za­ly­gy­na yzy­gi­der­li saý­lan­ýar. Mu­nuň özi BMG bi­len däp bo­lan gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da­ky mö­hüm gör­ke­zi­ji­dir.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýy­lyň 17-nji sent­ýab­ryn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 74-nji ses­si­ýa­sy öz işi­ne baş­la­dy. Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­niň bu no­bat­da­ky ses­si­ýa­syn­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we suw se­riş­de­le­rini re­je­li peý­da­lan­mak bi­len bag­ly me­se­le­ler Türk­me­nis­ta­nyň ile­ri tu­tul­ýan sy­ýa­sa­tyn­da mö­hüm orun eýe­le­ýär.

Bezirgen REJEPOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň kafedra müdiri.