Halypanyň pendi
Halypa mugallymlaryň biri öz okuwçylaryna başyndan geçiren durmuş tejribelerinden gürrüň berip durdy. Onuň gürrüňlerine, gyzykly ýatlamalaryna imrinip oturan okuwçylaryň biri mugallymyna ýüzlenip:
– Biz hem edil siziň ýaryňyzça bolup bilsedik..! – diýdi.
Bu söze gaty haýpy gelen mugallym, okuwçysyna ýüzlenip:
– Eýsem, sen meniň ýarymça, seniň okuwçylaryňdyr, şägirtleriň-de seniň ýaryňça bolsa, hünär ýitmezmi..? Sen menden has ökde we başarnykly bolup ýetişmelidigiňi berk belle! – diýip, okuwçysynyň egnine kakypdyr.
Berýän kepgir däl
Sahylykda Hatamtaýa barabar birinden:
– Garyp-gasarlara, mätäçlere berýän zatlaryň seniň kalbyňa gedemlik, özüňe göwnüýetijilik, kömek edenleriňi özüňe borçly hasaplamak ýaly duýgular salýarmy? – diýip sorapdyrlar. Maddy baýlyk bilen bir hatarda paýhas hazynasyna-da eýe bolan ol kişi:
– Ýok. Men özümi aşpeziň elindäki kepgir ýaly görýärin. Berilýän zat kepgirden geçýän hem bolsa, berýän aşpezdir. Heý-de “kepgir” “Nahar berýän men” diýip, ulumsylyk edip bilermi?! – diýipdir.
Ýagşy işiň peşgeşi
Ir zamanlarda uly bir bazara girýän ýoluň üstünde goýlan äpet daşa ýolagçylar pitiwa hem etmän, ondan aýlanyp ötüpdirler. Hatda baý täjirler, tejribeli kerwenbaşylar hem daşyň daşyndan aýlanyp, ony aýraýyn hem diýmändirler. Köpüsi bolsa, ony ýoldan aýyrmakdan geçen, gaýtam bu bolşy halaman igenişip geçipdirler. Ahyry bir pukara ýigit ol ýerde peýda bolýar. Bu ýigit hem söwda-satyk bilen meşgullanýan eken. Ol arkasyndaky ýüküni ýazdyryp, daşy bar güýji bilen itip, kynlyk bilen bir gyra aýyrýar. Ol ýüküni täzeden arkasyna almakçy bolanda, daşy süýşüren ýerinde ýatan haltajyga gözi düşýär. Ol haltajygy açyp görse, içi doly altynmyş. Ýanynda hem ýazgyly kagyz bar eken. Onda şeýle sözler ýazylypdyr: “Bu altynlar daşy ýoldan aýranyňkydyr”.
Şonda bu ýigit, biziň köpimiziň habarymyz bolmadyk durmuş sapagyny alýar: “Islendik böwet durmuşymyzy özgerdýän güýçdür”.
Akyl
Bir adam haýsydyr bir ruhy keselleri bejerýän lukmana ýüzlenip: – Size ýüz tutup gelýänleriň ruhy taýdan sagdyndygyny nähili anyklaýarsyňyz? – diýip sorapdyr.
Lukman onuň sowalyna şeýle jogap berýär: – Biz onuň eline çemçe, bulgur we bedre tutduryp, wannany hem suwdan doldurýarys. Soňra bolsa ondan “Wannanyň içini haýsysy bilen boşatjak?“ diýip soraýarys. Eýsem, şeýle ýagdaýda siz näme ederdiňiz?
Gürrüňdeşi: – Hä, düşündim. Akyly ýerindäki adam bedräni saýlar. Sebäbi, bedre çemçedir bulgura garanyňda, köpräk suw tutýar – diýipdir.
Lukman: – Ýok, siz ýalňyşýarsyňyz, akyly ýerindäki adam wannanyň suwuny saklaýan düýbündäki gapagyny aýryp goýberer – diýip, jogap beripdir.
Netije: “Akyl bize görkezilenlerinden başga çözgüt tapmakdyr”.
Terjime eden Maýsa KYÝASOWA.