Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda güneşli Diýarymyzda sport ulgamy döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýän ugurlaryň biridir. Aýratyn hem ýokary netijeli sporty ösdürmek babatda iňňän köp işler alnyp barylýar. Toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek milli taglymata, adamlary birleşdirýän hem-de Watanymyzyň okgunly ösüşine ýardam berýän kuwwatly jebisleşdiriji güýje öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda güneşli Diýarymyzda sport ulgamy döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýän ugurlaryň biridir. Aýratynam ýokary netijeli sporty ösdürmek babatda iňňän köp işler alnyp barylýar. Toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek milli taglymata, adamlary birleşdirýän hem-de Watanymyzyň okgunly ösüşine ýardam berýän kuwwatly jebisleşdiriji güýje öwrüldi.
Türkmenistan soňky ýyllarda halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň sport ulgamy boýunça giň halkara goldawyna eýe bolýandygyny görkezýär. Häzirki wagtda gözel paýtagtymyz bolan Aşgabat şäheri 2020-nji ýylda sambo boýunça we 2021-nji ýylda welosportuň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge taýýarlanýar. Şeýle-de 2020-nji ýylda futzal boýunça Aziýa çempionaty hem biziň ak mermerli paýtagtymyzda geçiriler. Ady agzalan bu halkara ýaryşlaryň üçüsi hem sebitde iri desgalaryň hatarynda görkezilýän Olimpiýa şäherçesinde guralar. Üstümizdäki ýyllarda geçiriljek bu halkara ýaryşlaryň uly üstünliklere beslenjekdigi ikuçsuzdyr. Sebäbi halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrülen Türkmenistanyň bu babatda baý tejribesi bar. 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda Amul – Hazar awtoralli ýaryşynyň hem-de agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynyň üstünlikli guralandygy muňa doly şaýatlyk edýär.
Häzirki döwürde Merkezi Aziýa sebitinde iň iri bu sport toplumy bolan, 40-a golaý desgany özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesinde uly ýaryşlar guralýar, türgenler taýýarlanylýar saglygyny berkidýänler üçin türgenleşikler geçirilýär. Bu ýerde Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleşik geçýändigini bellemek gerek. Täsin galdyryjy binagärlik keşbi bilen tapawutlanýan sport toplumynyň çäklerinde esasy stadionyň ýokarsynda ýerleşdirilen we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ahalteke bedewiniň çeper şekili onuň özboluşly bezegidir. Şeýle-de toplumyň sportuň suw görnüşleri boýunça ýaryşlaryň geçirilýän merkezi dünýäde iň uly ýapyk ýüzüş howzy we häzirki zaman halkara standartynyň talaplaryna kybap gelýän ekologiýa taýdan arassa serişdelerden döwrebap tehnologiýalaryň esasynda gurlan desga hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Saglygym – baş baýlygym
Saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilmegi biziň daşary we içeri syýasatymyzda esasy orny eýeleýän köpugurly işiň möhüm bölegidir. Ilatymyzyň saglygyny goramak döwletimiziň ileri tutulýan we jogapkärli wezipesi bolup durýar. Bu ugurda soňky ýyllarda iňňän köp işler amala aşyrylýar. Golaýda Aşgabatda geçirilen saglygy goraýyş boýunça VIII türkmen-german forumynda düýpli meseleler barada durlup geçildi. Şu ýyl sanly lukmançylygy ösdürmek hem-de Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda ýokary tehnologiýalary ulanmak forumyň esasy meseleleriniň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan saglygy goraýşyň sanly ulgamyny ösdürmegiň 2019 – 2025-nji ýyllar üçin strategiýasynda bu ulgamdaky wezipeler hem-de olary çözmek boýunça toplumlaýyn çäreler kesgitlenildi. Şol strategiýada saglygy goraýyş edaralarynyň ählisini optiki-süýümli aragatnaşyk hem-de zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmek, olary kompýuterleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bularyň ählisi ýaşaýan ýerine garamazdan, ilat üçin döwrebap halkara ölçegleriň derejesinde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmakda deň mümkinçilikleri döretmäge hem-de jemgyýetiň sanly aragatnaşyk şertlerine uýgunlaşmagyna ýardam eder. Milli Liderimiz lukmançylyk ylmynyň iň soňky gazananlaryna hem-de lukmançylyk tehnikasy ulgamynda öňdebaryjy işläp taýýarlamalara laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyny, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakdan, olaryň ilata elýeterliligini üpjün etmek üçin şertleri döretmekden ybaratdygyny belleýär.
Syýahatçylygyň täze sepgitleri
Ýurdumyzda syýahatçylyk pudagy soňky ýyllarda üns berilýän esasy ugurlaryň biridir. “Awaza” syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki günde biziň gözel Diýarymyzyň ajaýyp ýerlerine gezelenç etmek üçin gelýän syýahatçylaryň sany barha artýar. Ýurdumyzdaky gadymy medeni-taryhy ýadygärlikler, tebigy gözellikler, aýratynam Garagumuň jümmüşinde ýerleşýän “Garagumuň ýalkymy” jahankeşdeleri haýrana goýýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzdaky syýahatçylyk kärhanalaryny bellenen tertipde hususylaşdyrmak işi ýokary depginde dowam edýär. Şol kärhanalaryň işini ulgamlaýyn dolandyrmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň garamagynda ýörite syýahatçylyk kärhanasy döredildi. Täze düzümiň esasy wezipeleri ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamakdan, bu ulgamda dürli çäreleri geçirmekden, dünýä tejribesini öwrenmekden hem-de daşary ýurtlaryň iň gowy tejribelerini ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Şol birwagtyň özünde hyzmatlaryň tutuş ulgamyny öz içine alýan syýahatçylyk pudagyny sanly ulgama geçirmek bu ugurda esasy çäreleriň biri bolar. Bu bolsa pudagyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine kuwwatly itergi berip, halkara jemgyýetçiligiň ýurdumyzyň syýahatçylyk desgalarynyň we ugurlarynyň ählisi barada giň elýeterliligini üpjün eder. Munuň özi syýahatçylyk işewürliginiň has çeýe bolmagyny, häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelmegini hem-de “sanlar dünýäsinde” bäsdeşlige ukyply bolmagyny üpjün etmäge mümkinçilik döreder. Ilkinji nobatda hususylaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçilmegiň özi aýratyn uly waka bolup, ol baý medeni-taryhy we tebigy mirasymyzy dünýäde giňden wagyz etmäge ýardam berer.
Döwrebap maglumat ulgamy Türkmenistan boýunça syýahatlaryň has elýeterli bolmagyna ýardam eder hem-de syýahatçylyk hyzmatlarynyň hilini we içerki ugurlaryň köpüsiniň özüneçekijiligini ýokarlandyrar. Şeýlelikde, pudagyň sanly ulgama geçirilmegi onuň syýahatçylyk serişdelerini netijeli ulanmaga hem-de işewürlik çärelerini ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berer, ýurdumyzyň syýahatçylyk önümlerini daşarky bazarlarda wagyz etmäge ýardam berer. Döredilen syýahatçylyk kärhanasy daşary ýurtlaryň ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyklary baglaşmagy hem-de daşary ýurtlaryň birnäçesinde wekilhanalary açmak boýunça çäreleri meýilleşdirýär.
Mahlasy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, syýahatçylyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, bu pudakda kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek, daşary ýurtly syýahatçylaryň has köp sanlysyny biziň ýurdumyza çekmek üçin zerur şertleri döretmek hem-de syýahatçylygy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň has girdejili pudaklarynyň birine öwürmek ugrunda iňňän uly işler amala aşyrylýar.