ormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösüş depginine eýe bolup, Merkezi Aziýada, galyberse-de tutuş dünýäde iň ýokary görkezijilere eýedir. Milli Liderimiziň alyp barýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň dürli pudaklary bilen bir hatarda söwda hem-de hususy telekeçilik ugry yzygiderli ösdürilýär. Bu pudaklaryň işi ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmak maksatnamasy esasynda düýpgöter özgerdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça şu ýylyň sekiz aýynda haryt dolanyşygynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 23,8 göterim, şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygynyň mukdary 13 göterim, lomaý haryt dolanyşygynyň mukdary bolsa 32,4 göterim köpeldi. Kärhanalarda öndürilen önümleriň möçberi 11,3 göterim artdy. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda birža söwdalarynyň 167-si geçirilip, şolaryň dowamynda 20 müň 666 şertnama baglaşyldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar – awgust aýlarynda senagat önümlerini öndürmegiň mukdary 10,2 göterim, oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň mukdary bolsa 11,2 göterim artdy.
Hususan-da, soňky ýyllarda hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizdäki paýy yzygiderli ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça 2008-nji ýylda döredilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi häzirki wagtda hususy bölegiň 23 müň wekilini özünde birleşdirip, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda diýen ýaly işleri alyp barýan kuwwatly işewürler birleşigi bolup durýar.
Hususy pudagyň ýeten
sepgitleri barada gysgaça:
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Pekinde, Dubaýda we Wenada wekilhanalary bar. Mundan başga-da, birleşmäniň hemaýatkärliginde onuň agzalary Gyrgyz Respublikasynda, Gruziýada, Owganystanda, Hytaýda söwda öýlerini açdylar.
Jemi içerki önümiň düzüminde ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan döwlete degişli bolmadyk bölegiň paýy 2018-nji ýylda 64 göterime deň boldy.
Geçen 10 ýylyň dowamynda birleşmäniň agzalary tarapyndan ABŞ-nyň 5,5 milliard dollaryna golaý maýa goýumy goýuldy, olaryň 2 milliardy obasenagat toplumynyň ösdürilmegine gönükdirildi. Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy bilen 150 müňden gowrak täze iş orny döredildi.
Ýurdumyzda öndürilýän önümleri eksporta ibermegiň möçberleri yzygiderli artdyrylýar. Russiýanyň we Gazagystanyň bazarlaryna iberilýän gök-miwe önümleriniň möçberleri ep-esli artdyryldy. Daşarky bazarlara iberilýän harytlaryň hatarynda miwe we gök önümlerden şireleri öndürmek üçin goşundylar, süýji-köke önümleri, ýumurtgalar, alkogolsyz içgiler, doňdurmalar we beýlekiler bar. Şeýle hem Hazar deňziniň kenaryndaky sebitde bekre balyklaryny köpeltmek, gara işbil we beýleki gymmatly balyk önümçiligi boýunça sebitde iri toplumda öndürilýän balyk önümleri eksporta iberilýär.
Telekeçileriň senagat pudagynda ýeten sepgitleri hem guwandyryjydyr. Ýokary hilli ýod, sintetiki ýuwujy serişdeler, zyýansyzlandyryjy serişdeler, azyklyk duzy, boýaglar, gurluşyk ýelimleri, gazbeton gurluşyk serişdeleri we beýlekiler ýaly himiýa önümçiligi boýunça iri kärhanalar guruldy, olaryň önümleri daşary ýurtlara iberilýär.
Elektron we elektrotehniki pudaklary ösdürmek ugrunda hem işler geçirilýär. Telekeçiler elektron töleg terminallaryny we öwrediji kompýuterleri, planşetleri, routerleri hem öndürip başladylar.
Telekeçiler syýahatçylyk pudagynyň ösüşine hem öz mynasyp goşandyny goşýarlar. Bu ugurda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzüminde syýahatçylyk kärhanasy döredildi. Döredilen syýahatçylyk kärhanasy daşary ýurtlaryň ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyklary baglaşmagy hem-de daşary ýurtlaryň birnäçesinde wekilhanalary açmak boýunça çäreleri meýilleşdirýär.