Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň äh­li künjegin­de iň öň­de­ba­ry­jy teh­ni­ka­lar bi­len üp­jün edi­len döw­re­bap ho­wa men­zil­le­ri, de­mir ýol men­zil­le­ri­niň bi­na­la­ry gu­rul­dy, de­mir hem-de aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň müň­ler­çe ki­lo­met­ri çe­kil­di, in­že­ner­çi­lik des­ga­la­ry – de­mir ýol we aw­to­mo­bil köp­rü­le­ri gu­rul­dy. Dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän aw­to­mo­bil ýol­la­ry­ny gur­ma­gyň giň möç­ber­li tas­la­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi se­bi­ta­ra gat­naw­la­ry gi­ňelt­mek­de, üs­ta­şyr gat­naw­la­ry ös­dür­mek­de amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär. Ýo­ka­ry tiz­lik­li Aş­ga­bat-Türk­me­na­bat aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň gu­rlu­şy­gy hem-de beý­le­ki iri tas­la­mar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ýo­ka­ry tiz­lik­li ýol üç tap­gyr­da: Aş­ga­bat – Te­jen bö­le­gi 2020-nji ýy­lyň de­kab­ry­na, Te­jen – Ma­ry ara­ly­gy – 2022-nji ýy­lyň de­kab­ry­na, Ma­ry – Türk­me­na­bat bö­le­gi – 2023-nji ýy­lyň de­kab­ry­na çen­li gur­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 28 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy­nyň öň ýa­nyn­da ýur­du­my­za aw­tou­lag se­riş­de­le­ri­niň iň tä­ze gör­nüş­le­ri­niň no­bat­da­ky tap­gy­ry ge­lip go­wuş­dy. “KA­MAZ 6520” ýük ulag­la­ry­nyň 200-si hem-de “Toyo­ta Corol­la” ky­sym­ly ýe­ňil aw­tou­lag­la­ryň 70-si “Türk­me­naw­tou­lag­la­ry” agent­li­gi­niň teh­ni­ki bin­ýa­dy­nyň üs­tü­ni ýe­tir­di.
Ýur­du­my­zyň ara­gat­na­şyk ul­ga­my­ny has-da döw­re­bap­laş­dyr­ma­k göz öňün­de tu­tul­yp, do­ly yk­jam ara­gat­na­şyk, şol san­da 4G bi­len, ýa­kyn dö­wür­de bol­sa in­ter­ne­tiň 5G tiz­lik­li hem-de yk­jam ara­gat­na­şy­gyň beý­le­ki hyz­mat­la­ry bi­len üp­jün edi­ler. Şeý­le hem, mil­li eme­li hem­ra­nyň no­bat­da­ky­sy­nyň äle­me çy­ka­ryl­ma­gy we “Türk­me­nÄ­lem 520E” mil­li eme­li hem­ra­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň has ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy üçin iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Ýur­du­my­zyň ulag ul­ga­my­nyň beý­le­ki ugur­la­ry bi­len bir ha­tar­da, de­mir ýol pu­da­gy­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da, ýo­lag­çy­la­ra edil­ýän hyz­ma­tyň hi­li­ni, me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da hem anyk iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Tä­ze po­lat ýol­la­ry gur­lup, pu­da­gyň ge­ri­mi bar­ha gi­ňel­dil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da “Türk­men­de­mir­ýol­la­ry” agent­li­gi ta­ra­pyn­dan ýo­lag­çy­lar üçin el te­le­fon­la­ry we komp­ýu­ter­ler ar­ka­ly elekt­ron ýol bi­let­le­ri­ni sat­mak hyz­ma­ty he­re­ket ed­ýär.
“Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” agent­li­gi­niň teh­ni­ki par­ky­nyň üs­ti döw­re­bap uçar­lar bi­len yzy­gi­der­li ýe­ti­ril­ýär, tä­ze gat­naw­lar açyl­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek ba­bat­da alyp bar­ýan yk­dy­sa­dy­ stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­syn­da ýur­du­myz se­na­gat taý­dan ösen ýurt­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­ýar. Ýur­du­my­zyň dür­li se­bit­le­rin­de iri se­na­gat des­ga­la­ry he­re­ket ed­ýär, bar bo­lan­lar döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar, tä­ze tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň se­na­gat pu­da­gy­nyň kuw­wa­ty­ny bar­ha ýo­kar­lan­dyr­mak­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­sin­de, dok­ma, hi­mi­ýa önüm­çi­li­gin­de ägirt uly ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu pu­dak­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­re şu ýy­lyň il­kin­ji se­kiz aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler hem gü­wä geç­ýär. Ýur­du­my­zyň se­na­gat we kom­mu­ni­ka­si­ýa top­lu­my­nyň mi­nistr­lik­le­rin­de hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryn­da şu ýy­lyň ýan­war – aw­gust aý­la­ryn­da önüm­çi­lik me­ýil­na­ma­sy 117,6 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di hem-de 119,6 gö­te­rim ösüş dep­gi­ni ga­za­nyl­dy.

Sanlar we maglumatlar:
Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi bo­ýun­ça önüm­çi­li­giň ösüş dep­gi­ni 150,3 gö­te­ri­me deň bol­dy.
“Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­la­ry bo­ýun­ça ha­sa­bat döw­rün­de mi­ne­ral dö­kün­le­riň önüm­çi­li­gi­niň ösüş dep­gi­ni 167,7 gö­te­ri­me ba­ra­bar bol­dy.
Teh­ni­ki ýod ön­dür­me­giň me­ýil­na­ma­sy 113 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di.
Se­na­gat we kom­mu­ni­ka­si­ýa mi­nistr­li­gi bo­ýun­ça önüm ön­dür­me­giň we hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň ösüş dep­gi­ni 107,1 gö­te­ri­me deň bol­dy.
“Türk­men­se­na­gat” agent­li­gi ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ösüş dep­gi­ni 103,1 gö­te­ri­me,
“Türk­me­naw­tou­lag­la­ry” agent­li­gi bo­ýun­ça ösüş dep­gi­ni 125,7 gö­te­ri­me,
“Türk­men­de­mir­ýol­la­ry” agent­li­gi ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ösüş dep­gi­ni 101,1 gö­te­ri­me,
“Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” agent­li­gi bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len awia­hyz­mat­la­ryň ösüş dep­gi­ni 103,6 gö­te­ri­me,
“Türk­men­de­ňiz­der­ýa­ýol­la­ry” agent­li­gin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ösüş dep­gi­ni 108,2 gö­te­ri­me,
“Türk­me­na­ra­gat­na­şyk” agent­li­gi bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ösüş dep­gi­ni 106,7 gö­te­ri­me ba­ra­bar bol­dy.

Taýýar önümleriň
möçberi artýar
Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň dok­ma pu­da­gy di­ňe bir içer­ki ba­zar­da däl, eý­sem, hal­ka­ra ba­zar­lar­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ýar. Dok­ma se­na­ga­ty­ny öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar we ýur­du­my­zyň hem-de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri esa­syn­da dep­gin­li ös­dür­mek ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ta­ra­pyn­dan mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň se­na­gat top­lu­my­nyň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan dok­ma se­na­ga­ty­nyň öňün­de da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­gi ýo­kar­lan­dyr­mak, tä­ze ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly kär­ha­na­la­ry eme­le ge­tir­mek, çig mal se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li ulan­mak ar­ka­ly dür­li gör­nüş­li we bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­riň önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­la­ry dö­ret­mek we­zi­pe­le­ri go­ýul­dy. Pu­da­gyň kär­ha­na­la­ryn­da mak­ro­yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­riň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni üp­jün ed­ýän ugur­lar bo­ýun­ça giň möç­ber­li iş­le­r dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň möç­be­ri köp ugur­lar­da ýyl­sa­ýyn ýo­kar­lan­ýar.
Dokma pudagy:
Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de pag­ta sü­ýü­mi­ni gaý­ta­dan iş­le­mek 3 gö­te­rim­den 51 gö­te­ri­me çen­li ýo­kar­lan­dy.
Dok­ma pu­da­gyn­da­ky kär­ha­na­lar­da ýo­ka­ry hil­li nah we ga­ry­şyk ýüp­lük­le­riň, ma­ta­la­ryň, ör­me ma­ta­la­ryň, taý­ýar sü­tük­li, ti­kin we jins önüm­le­ri ön­dü­ril­ýär.
Mun­dan baş­ga-da, ýü­pe­gi gaý­ta­dan iş­le­ýän we aýak­gap kär­ha­na­la­ry, de­ri­niň il­kin­ji iş­len­me­gi­ni üp­jün ed­ýän za­wod­lar bar.
Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň ga­ra­ma­gyn­da “Al­tyn Asyr” söw­da mer­ke­zi we ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­kan­la­ryň 11-si he­re­ket ed­ýär.
Pu­da­gyň kär­ha­na­la­ryn­da 30 mü­ňe go­laý iş­gär zäh­met çek­ýär.
Döw­re­bap kär­ha­na­la­ry dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len.
Ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň hal­ka­ra hil ül­ňü­si­ne we eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­na la­ýyk gel­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.
Kär­ha­na­la­ryň önüm­le­ri “Önüm­çi­li­gi do­lan­dyr­mak we hi­le gö­zeg­çi­lik et­mek ul­ga­my” ISO 9001, “Daş-tö­we­re­gi go­ra­mak” bo­ýun­ça ISO 14001, “Zäh­me­ti go­ra­mak we kär­ha­na­lar­da teh­ni­ki howp­suz­ly­gy” bo­ýun­ça OH­SAS 18001 ýa­ly gü­wä­na­ma­la­ra my­na­syp bol­du­lar.
Ýa­kyn gel­jek­de dok­ma önüm­le­ri­niň gör­nüş­le­ri wel­wet ma­ta­sy­nyň, do­kal­ma­ýan ma­ta­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­niň – span­bon­dyň, span­leý­siň, hol­lo­faý­be­riň, tu­ty­nyň, şeý­le hem sin­te­po­nyň we kow­ro­li­niň çy­ka­ry­ly­şy­ny ýo­la goý­ma­gyň ha­sa­by­na gi­ňel­di­ler.