Medeniýet ulgamynyň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň esasyny düzýän hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmeginiň netijeli guralydyr. Medeniýet ulgamynda her bir gazanylan üstünlik dürli durmuş wezipeleriniň toplumyny özünde jemläp, milletiň ruhy-ahlak kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň özboluşly baýlygy – bu nesilden-nesle geçirilýän ruhy genji-hazynamyzdyr. Halkymyzyň ruhy däpleri dünýäniň medeni giňişligine giňden aralaşyp, umumadamzat baýlygy hökmünde siwilizasiýanyň gazananlaryny beýan edýär. Medeniýetiň ösdürilmegi durmuş-ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugry, türkmen jemgyýetiniň strategik serişdesi bolmak bilen, milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Çünki halkyň ruhy gymmatlyklarynyň esasynda, ilkinji nobatda, ýaşlaryň hem-de ösüp gelýän nesliň arasynda jemgyýetçilik garaýşy kemala getirmek hut şonuň bilen üznüksiz baglydyr. Türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryny we şöhratly taryhyny giňden beýan etmek maksady bilen, pudagyň düzüminden, şol sanda milli emeli hemranyň, sanly telewideniýäniň, kitaphanalaryň, teatrlaryň we muzeýleriň, beýleki medeniýet ojaklarynyň mümkinçiliklerinden has giňden peýdalanmak möhümdir. Taryhy-medeni ýadygärlikleri we maddy däl mirasy aýawly saklamak we öwrenmek, milli gymmatlyklary artdyrmak, olary giňden wagyz etmek jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarydyr.
“Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynyň başyndan bäri Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 – 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda göz öňünde tutulan dürli medeni çäreler, şol sanda maslahatlar, festiwallar, medeniýet hepdelikleri, sergiler, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler, sahnalaşdyrylan çykyşlar, aýdym-sazly dabaralar we başga-da birnäçe çäreler geçirilip gelinýär.
Germaniýa Federatiw Respublikasynda “Margiana – Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly arheologik sergi geçirildi. 2018-nji ýylyň 25-nji aprelinden şu ýylyň 13-nji iýunyna çenli dowam eden sergi Berliniň Täze muzeýinde, Gamburgyň Arheologik muzeýinde, Mangeým şäherindäki Raýs – Engelhorn muzeýler toplumynda guraldy. Serginiň ekspozisiýasyna ýurdumyzyň üç muzeýiniň – Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Marynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Şekillendiriş sungaty muzeýiniň 220-ä golaý gymmatlygy girdi. Serginiň işlän döwründe oňa 416 müňden gowrak adam baryp gördi.
Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň Kazan şäherinde bolan wagtlary Sabantuý baýramçylygyna gatnaşmagy ýylyň möhüm wakasyna öwrüldi. Şeýle-de şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň medeniýet ulgamynyň işgärleri Germaniýada, Awstriýada, Ýaponiýada, BAE-de we beýleki ýurtlarda geçirilen halkara forumlara gatnaşdylar.
Aşgabatda hem-de welaýatlarda daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde guralan çärelerde – kinofilmleriň görkezilişinde, sergilerde, aýdym-sazly agşamlarda, sahna oýunlarynda hem ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlyk mowzugy açylyp görkezildi.
Özbegistanda geçirilen “Tansyň jadysy” atly halkara tans festiwalynda “Dessan” toparynyň görkezen çykyşy, has takygy, ýerine ýetiren küştdepdi halk tansy eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Daşoguz welaýatynyň bu topary festiwalyň ýeňijisi bolmagy başardy. Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen “Şark taronalari – 2019” XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişinde ýurdumyzyň adyndan wekilçilik eden “Arçabil” topary 2-nji orna mynasyp boldy.