2019 – 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň maýa goýumlaryna esasy serişdeler 229,3 milliard manat möçberinde meýilleşdirildi. Şonuň 91,3 göterimi ýa-da 209,2 milliard manady önümçilik ulgamyna gönükdiriler, bu bolsa täze kärhanalaryň hem-de iş orunlarynyň döredilmegini höweslendirer.
Bellenen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 2019-njy ýylda 6,3 göterime, 2025-nji ýylda bolsa 8,2 göterime ýetirilmegi göz öňünde tutuldy. Şol döwre çenli jemi içerki önümiň düzüminde senagat pudagynyň tutýan paýy 33,8 göterime, oba hojalyk pudagynyňky 8,9 göterime, gurluşyk pudagynyňky 11,5 göterime we hyzmatlar ulgamynyňky 45,8 göterime deň bolar.
Milli ykdysadyýetimiziň şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ähli ministrlikler we pudak edaralary boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,8 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň sekiz aýynda, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek-satuw haryt dolanyşygy 19,1 göterim artdy, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 1,2 göterim ýokarlandy. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan işlere geçen döwürde jemi 1578,3 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Hasabat döwrüniň ýokary makroykdysady görkezijileri halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüşiň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda işlenip taýýarlanylan 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy maglumat tehnologiýasyny giňden peýdalanmagyň hasabyna halk hojalygynyň pudaklarynyň we ýurdumyzyň durmuş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki wagta bu Konsepsiýany durmuşa ornaşdyrmak boýunça möhüm ugurlaryň ählisinde uly işler alnyp barylýar. Çünki, köp derejelilik hem-de giň gerimlilik sanlaşdyrmak işleriniň esasy netijesidir.
Ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen milli Liderimiziň köpugurly özgertmelerini amala aşyrmagyň, halk hojalygynyň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyrylyşynyň ähli ulgamlaryny düzüm taýdan mundan beýläk-de täzeden guramagyň nobatdaky tapgyry başlandy.
Geljekde bölek haryt dolanyşygynyň möçberi ýokary depginde ösdürilip, bilermenleriň hasaplamalaryna görä, 2025-nji ýylda 81 milliard manada barabar bolar, şunda 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 29,1 göterime (62,7 milliard manada) deň bolar. Bölek haryt dolanyşygynda döwlete dahylsyz bölegiň paýy 91 göterime ýetiriler.
Häzirki wagtda milli manadyň durnuklylygyny, bank ulgamynyň elýeterliligini, töleg ulgamynyň netijeliligini we ygtybarlylygyny üpjün etmek, maýa goýumlary çekmek boýunça çäreleriň toplumy durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, kiçi we orta telekeçilik üçin maliýe hyzmatlarynyň elýeterliliginiň derejesini ýokarlandyrmaga we gerimini giňeltmäge, ilatyň goýumlarynyň we dürli pudaklarda ykdysady taýdan bähbitli taslamalary karzlaşdyrmagyň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen işler alnyp barylýar. Şeýle hem täze usullary we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň ulgamy kämilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen forum diňe bir Hazarýaka ýurtlar üçin däl, eýsem, beýleki döwletler üçin hem taryhy ähmiýetli waka öwrüldi. Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşyjylaryň sanawy, onuň çäklerinde geçirilen Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi we “Türkmen sährasy – 2019” halkara awtosergisi, şeýle hem 58 ýurduň wekiliýetleriniň, halkara guramalaryň 39-synyň wekilleriniň, 50 döwletden gelen işewürleriň, daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda geçirilen çäreler, şeýle-de duşuşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hazar ykdysady forumynyň dowamynda ykdysadyýet, söwda, maýa goýum, maliýe, ulag, elektroenergetika, ýeňil senagat, oba we suw hojalygy, maglumat tehnologiýalary hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyga degişli resminamalaryň 57-sine gol çekildi. Şeýlelikde, birinji Hazar ykdysady forumynyň çäginde geçirilen birža söwdalarynda geleşikleriň 256-sy hasaba alnyp, jemi ABŞ-nyň 380 million 179 müň 180 dollaryna barabar bolan we 43 million 96 müň 600 manat bolan harytlar ýerlenildi. Umumy bahasy ABŞ-nyň 251 million 371 müň dollaryndan gowrak bolan oba hojalyk önümleriniň eksporty bilen baglanyşykly resminamalaryň 10-syna gol çekildi.