1994-nji ýyldan bäri her ýylyň 5-nji oktýabrynda mugallymlaryň halkara güni bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk 1966-njy ýylda Halkara Zähmet Guramasy tarapyndan mugallymlaryň düzgünnamasyna we ÝUNESKO maksatnamasyna gol çekilmegi mynasybetli döredildi.
Mugallymlaryň halkara güni bu kärde işleýän adamlaryň gazanan üstünliklerini we öňde durýan wezipelerini gözden geçirmek üçin uly ähmiýete eýedir. Bu baýramçylyk ÝUNISEF, BMG-niň ösüş maksatnamasy, Halkara Zähmet Guramasy we beýleki ugurdaş guramalaryň gatnaşmagynda dürli çäreler bilen bellenip geçilýär.
Mugallym bilim pudagynda deňligiň, hiliň hem-de durnukly ösüşiň gazanylmagynda özboluşly kuwwatly güýç bolup hyzmat edýär. ÝUNESKO-nyň Statistika edarasynyň maglumatlaryna laýyklykda, tutuş dünýäde 2030-njy ýyla çenli başlangyç hem-de orta bilimi üpjün etmek üçin azyndan 69 million mugallym gerek bolar.
Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatdaky meýilnamasynyň 4-nji bendi hem mugallymçylyk kärine hem-de bilim pudagyna degişlidir.
Gambarguly ÝALKAMYŞOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly
mugallymy, biologiýa ylymlarynyň
kandidaty.