Hal­ky­my­zyň buý­san­jy we mil­li gym­mat­ly­gy hök­mün­de ru­hy dün­ýä­mi­ze eg­sil­mez güýç paý­lap ge­len ahal­te­ke be­dew­le­ri ha­kyn­da­ky ýaz­gy­lar uzak asyr­la­ryň do­wa­myn­da dö­re­di­len ta­ry­hy çeş­me­ler­de we ede­bi nus­ga­lar­da aý­dyň be­ýa­ny­ny ta­pyp ge­lip­dir. Alym­lar mi­la­dy­dan öň­ki 8000-4000-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da at­la­ryň il­kin­ji el­de­ki­leş­di­ri­len ýe­ri­niň Gü­nor­ta Türk­me­nis­tan bo­lan­dy­gy­ny yl­my esas­da su­but et­di­ler. Ta­ry­hyň sa­hy­pa­la­ryn­da miladydan öň V asyr­da at­la­ry ary taý­pa­sy­nyň köp­çü­lik­le­ýin ýe­tiş­di­rip ge­len­di­gi nyg­tal­ýar.
Miladydan öň­ki V asyr­da ýa­şap ge­çen ga­dy­my grek ta­ryh­çy­sy Ge­ro­do­tyň mag­lu­mat­la­ry­nda ahal­te­ke at­la­rynyň ata-ba­ba­la­ry “Nu­saý at­la­ry”, “Uç­ma­ga ukyp­ly at­lar” diý­lip at­lan­dy­ry­lyp­dyr. Sak­lar we mas­sa­get­ler aty Gü­nüň sim­wo­ly ha­sap­lap­dyr­lar. Alek­sandr Ma­ke­dons­ki­niň tab­şy­ry­gy bi­len ýa­zy­lan “Is­gen­de­riň be­dew­na­ma­sy” at­ly eser­de, Par­fi­ýa çeş­me­le­rin­de, Oguz-Or­hon ýaz­gy­la­ryn­da, alym hem şa­hyr, be­ýik akyl­dar Omar Haý­ýa­myň “Now­ruz­na­ma” ese­rin­de türk­men at­la­ry, ola­ryň ta­ry­hy ba­ra­da gy­zyk­ly gür­rüň­ler be­ril­ýär.
XVI asyr­da ýa­şan da­na Ata Abulgazynyň gym­mat­ly ede­bi ýa­dy­gär­li­gi bo­lan “Oguz­na­ma” poe­ma­syn­da türk­men be­de­wi­niň keş­bi­niň ta­ry­hy wa­ka­lar bi­len saz­la­şyk­ly be­ýan edil­ýän­di­gi diý­seň gy­zyk­ly­dyr. Poe­ma­nyň il­kin­ji se­tir­le­rin­den baş­lap, be­dew atyň keş­bi ör­bo­ýu­na gal­ýar:
Dag­han og­ly Sa­lyr, Eý­mir,
Aty dül­dül, gu­şy al­gyr,
Ala­ýunt­ly, ili Üre­gir,
Är­dir Sa­lyr so­ra­ny­myz.
“Gö­rog­ly” şa­des­sa­ny­nyň bü­tin do­wa­myn­da be­dew at baş gah­ry­man bi­len deň he­re­ket ed­ýär. Gy­rat – Gö­rog­ly­nyň hem­ra­sy, ýow gü­nün­de da­ýan­jy, şat­lyk­ly gü­nün­de gö­wün gal­kyn­ma­sy. Gö­rog­ly eren­le­re du­şan­da ola­ra “Me­niň di­le­gi­mi ber­se­ňiz, gö­wün-mak­sa­dy­ma ýe­tir­ýän bol­sa­ňyz, aty­ma, özü­me ýüz ýig­ri­mi ýaş be­riň” diý­ýär. Ol Gy­ra­ty­ny:
Be­dew atyň ta­ry­hy­ny aý­da­ly,
Her hü­nä­ri üç ýa­şyn­da bel­li­dir.
Boz du­man aýak­ly, bäz­bent toý­nak­ly,
Gö­zi dag ba­şyn­da, bur­ny ýel­li­dir
– di­ýip ta­ryp­la­ýar.
Be­ýik söz us­sa­dy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň be­dew at­lar hak­da­ky se­tir­le­ri hem yn­san kal­byn­da tä­miz duý­gu­la­ry oýar­ýar. Be­ýik akyl­dar:
Ýi­gi­diň dün­ýä­de üç­dir my­ra­dy,
Mah­bup ge­rek, ýa­rag ge­rek, at ge­rek
— di­ýip, be­dew atyň türk­men dur­mu­şy­na ze­rur­ly­gy­ny nyg­ta­ýar.
Bag­ty­ýar­lyk döw­rü­miziň ede­bi­ýa­ty be­dew at­la­ryň was­py­ny ýe­tir­mek­de aý­ra­tyn bir ede­bi ýo­la düş­di. Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­miz “Ahal­te­ke be­de­wi — bi­ziň buý­san­jy­myz we şöh­ra­ty­myz”, “Döw­let gu­şy”, “Ga­da­my bat­ly be­dew” at­ly eser­le­rin­de be­hiş­di be­dew­le­riň keş­bi­ni, gy­lyk-hä­si­ýe­ti­ni, meş­hur at­şy­nas­la­ryň bi­ti­ren hyz­mat­la­ry­ny dür­dä­ne se­tir­ler­de be­ýan ed­ýär. Me­se­lem, “Döw­let gu­şy” ese­rin­de Ber­di­mu­ha­met aga­nyň aga­sy Aba aga at­dan ýe­ter­lik baş çy­kar­ýan, meş­hur se­ýis hök­mün­de su­rat­lan­dy­ryl­ýar. Mo­dy baş­lyk oňa: “At­dan go­wy baş çy­kar­ýan eke­niň. Sa­ňa bir işim bar” diý­ýär. Aba aga-da “Aýt” diý­ýär. Mo­dy baş­lyk oňa: “Bi­ziň kol­ho­zy­my­zyň ýyl­ky sü­rü­si bar. Sü­rä gi­de­li. Sen sü­ri­mi­ziň ýag­da­ýy­ny gö­rüp ber hem ola­ryň için­den ma­ňa go­wu­ja bir ýor­ga saý­lap ber” diý­ýär. Şeý­le­lik­de, ha­ýyr işi jem tut­ýan Aba aga bu işe gi­riş­ýär we at­la­ry gö­zü­niň gö­re­ji ýa­ly sak­la­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­hiş­di ahal­te­ke at­la­ry ha­kyn­da uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da alyp ba­ran do­wam­ly dö­re­di­ji­lik işi­niň mi­we­si bo­lan “Ga­da­my bat­ly be­dew” ki­ta­by be­dew­ler ha­kyn­da dö­re­di­len taý­syz nus­ga hök­mün­de ede­bi­ýa­ty­my­zyň al­tyn ha­zy­na­sy­ny baý­laş­dyr­dy. Ese­riň “Dün­ýä­niň wa­jyp­ly­gy”, “Ga­dy­my­ýe­tiň se­da­sy”, “Türk­me­niň ru­hy baý­ly­gy”, “Gö­zel­li­giň syr­ly dün­ýä­si”, “Ede­bi mi­ras”, “At—my­rat”, “Ta­ry­hyň için­dä­ki ta­ryh” ýa­ly bö­lüm­le­rin­de be­dew at­lar ha­kyn­da köp­ýyl­lyk bar­lag­la­ry­ny, pi­kir ýö­ret­me­le­ri­ni, ede­bi mag­lu­mat­la­ry us­sat­lyk bi­len bir sa­pa­ga düz­di. Eser­de aw­to­ryň at­çy­ly­gyň mil­li däp­le­ri ba­ra­da­ky çuň­ňur bi­lim­le­ri, türk­men be­dew­le­ri­ne ba­gyş­la­nan na­kyl­lar­da, pä­him­ler­de we pa­ra­sat­ly söz­ler­de öz be­ýa­ny­ny ta­pan halk pä­him­le­ri­niň ägirt uly baý­ly­gy aý­dyň şöh­le­len­me tap­ýar.
Şu ýy­lyň 5-nji ma­ýyn­da— Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Aziýa oýun­la­ry­nyň baş­lan­ma­gy­na 500 gün ga­lan­da gu­ra­lan at­ly ýö­ri­şiň Ga­dy­my Nu­saý ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň ýa­nyn­dan ba­dal­ga al­ma­gy, 17 ça­pyk­su­war­dan yba­rat bo­lan at­ly to­pa­ryň hä­zir­ki gün­ler­de Bal­kan we­la­ýa­tyn­da ýö­riş­de bol­ma­gy hem hal­ky­my­zyň dur­mu­şy­nyň be­dew at­la­rymyz bi­len bag­la­ny­şy­ga eýe­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Biz şeý­le döw­let­li iş­le­riň göz­ba­şyn­da du­rup, be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň şan-şöh­ra­ty­ny ar­şa gal­dyr­ýan eziz Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak, äh­li tu­tum­ly iş­le­ri­niň ro­waç bo­lma­gy­ny di­leg ed­ýä­ris!

Zöh­re JU­MA­ÝE­WA,
Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Ak­de­pe et­ra­byn­da­ky 33-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.