Soňky ýyllarda ähli iri awtoulag öndüriji kompaniýalar sürüjisiz ulag tehnologiýasynyň ösdürilmegine uly möçberde pul serişdelerini gönükdirýärler. Ýöne bu ugurda degişli işleriň alnyp barylýandygyna garamazdan, bu ulaglardan nähili peýdalanylmagy baradaky sowallar hem häli-şindi ýüze çykýar. Bu ugurda iş alyp barýan bilermenler sürüjisiz ulaglary ulanmaga taýýar ýurtlaryň sanawyny taýýarlady.
Bilermenler bu sanawy taýýarlamak üçin ýurtlaryň infrastruktura, kanunçylyk, tehnologiýa hem-de innowasiýa ugurlaryndaky görkezijilerini seljerdiler. Bu seljermäniň netijesine görä, sanawdaky ýurtlar barada gysgaça maglumat bermegi makul bildik.
Ýaponiýa: tehnologiýa babatda ösen ýurtlaryň biri hasaplanýan Ýaponiýa bu ugurda bilermenlerden 20,53 baha aldy. Geçen ýyl ýurduň hökümeti 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde sürüjisiz ulaglary synag etmek maksatnamasyna täzeden seretdiler.
BAE: Birleşen Arap Emirliklerinde sürüjisiz ulag tehnologiýasyny ösdürmek üçin köp möçberde maýa goýum serişdelerini özleşdirjek kompaniýanyň ýokdugyna garamazdan, ýurduň ösen ýol ulgamy we degişli infrastrukturasy täze tehnologiýadan netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Ilatyň köp bölegi öz ulaglarynyň dolandyrylmagyny emeli aň ulgamyna bermäge taýýardygyny mälim edildi. 2030-njy ýyla çenli Dubaýyň ulaglarynyň 25 göteriminiň sürüjisiz bolmagyna garaşylýar. 2016-njy ýyldan bäri, bu ugurda degişli synag işleri geçirilýär.
Germaniýa: BMW we “Volkswagen” ýaly iri kompaniýalar sürüjisiz ulag tehnologiýasynyň ösdürilmegine milliardlarça dollar sarp edýärler. Şeýle hem ýurduň hökümeti bu ulaglardan peýdalanmak üçin degişli kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrýar. Germaniýa “tehnologiýa we innowasiýa” ugry boýunça ýokary baha mynasypdyr.
Beýik Britaniýa: geçen ýyl ýurduň hökümeti sürüjisiz ulag sebäpli ýetirilen zyýandan ätiýaçlandyryjylaryň jogapkärdigi babatda kanun kabul etdi. Ýurtda bu ugurda kanunçylyk yzygiderli ösdürilýär. Muny 2021-nji ýyla çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar we Beýik Britaniýa 5G tehnologiýasyna köp möçberde maýa gönükdirýär.
Finlýandiýa: ýurduň hökümeti sürüjisiz ulaglaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ähli ugurlary ösdürýär. 2015-nji ýyldan bäri, ýurtda bu ugurda degişli synaglar geçirilýär. 2021-nji ýylda dolulygyna sürüjisiz awtobuslaryň gatnawynyň ýola goýulmagy göz öňünde tutulýar.
Şwesiýa: ýurtda elektrik togy bilen işleýän hem-de sürüjisiz ulaglar üçin degişli infrastruktura döredilýär. Geçen ýylyň ýanwar aýynda sürüjisiz awtobus synagdan geçirildi. Şwesiýanyň “Volvo” awtoulag kompaniýasy sürüjisiz ulaglary synagdan geçirmek üçin rugsatnama aldy. Bu ulaglara isleg bildirýän adamlaryň sany boýunça Şwesiýa öňdeligi eýeleýär.
ABŞ: “Google”, “Apple”, “Tesla”, “Ford”, “General Motors”, “Uber” ýaly dünýäniň iri tehnologiýa ägirtleri sürüjisiz ulag tehnologiýasyny ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar. ABŞ bu ugurda öňdeligi eýeläp barýar.
Norwegiýa: 2018-nji ýylyň ýanwarynda ýurtda sürüjisiz ulag synagyny geçirdi. Şondan bäri, birnäçe operatorlar sürüjisiz kiçi awtobuslaryň hyzmatyndan peýdalanýarlar. Ýolagçylar şeýle ulaglarda gatnamakdan gorkmaýarlar.
Singapur: ýurtda sürüjisiz ulaglary synag etmek üçin degişli meýdançalar döredildi. Duralgalar, ýol yşyklary we beýleki zerur tehnologiýalar şeýle ulaglary synagdan geçirmäge taýýar edildi.
Gollandiýa: bu ýurt sürüjisiz ulaglardan netijeli peýdalanmakda öňdeligi eýeleýär. Geçen ýylyň mart aýynda bu ugurda degişli birnäçe kanunçylyk namalary kabul edildi. Gollandiýa goňşy ýurtlar bilen sürüjisiz ýük ulaglarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça giň göwrümli ulgamy döretmek babatda işjeň iş alyp barýar.
Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.