“Azi­ýa-Ýew­ro­pa” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan ASEM sam­mi­ti Mon­go­li­ýa­nyň paý­tag­ty Ulan-Ba­tor­da ge­çi­ril­di. 2 gün do­wam eden ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki ýyg­na­gyň bar­şyn­da Azi­ýa bi­len Ýew­ro­pa se­bi­ti ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ryn­da gelnen ne­ti­je­le­re ga­ral­dy hem-de hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň gel­jek­ki ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mon­go­li­ýa bu fo­ru­ma 18 aý taý­ýar­lyk gör­di we 21 mil­liard tugr sarp et­di.
ASEM sam­mi­ti Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za döw­let­le­ri hem-de Azi­ýa ýurt­la­ry bi­len bir ha­tar­da, Awst­ra­li­ýa we Tä­ze Ze­lan­di­ýa­ny hem öz içi­ne al­ýan 51 döw­le­tiň gat­naş­ma­gyn­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki ýyg­nak­dyr. Bu sam­mi­te gat­naş­ýan döw­let­ler dün­ýä­niň söw­da gat­na­şyk­la­ry­nyň üç­den iki bö­le­gi­ni hem-de dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ýa­ry­sy­ny eýe­le­ýär. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Ger­ma­ni­ýa, Rus­si­ýa, Hy­taý, Ýa­po­ni­ýa, Gü­nor­ta Ko­re­ýa ýa­ly iri döw­let­ler bar. 2 ýyl­dan bir ge­zek ge­çi­ril­ýän ýyg­na­gyň çäk­le­rin­de umu­my me­se­le­le­riň giň top­lu­my mas­la­hat­la­şyl­ýar.
Ulan-Ba­tor­da­ky sam­mit­de dün­ýä­niň iki iri se­bi­ti­niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 20 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li öza­ra gat­na­şyk­la­ryň umu­my ne­ti­je­le­ri­ne se­re­dil­di. “Azi­ýa-Ýew­ro­pa” fo­ru­my­nyň il­kin­ji­si 1996-njy ýyl­da Fran­si­ýa bi­len Sin­ga­pu­ryň baş­lan­gy­jy bi­len ge­çi­ril­di.
Mon­go­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti S. El­beg­dorž 11-nji ASEM sam­mi­ti­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça met­bu­gat ýyg­na­gy­ny ge­çir­di. Oňa Mýan­ma­nyň Pre­zi­den­ti Thin Çžo, Slo­wa­ki­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ro­bert Fi­so, Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň we Ýew­ro­ko­mis­si­ýa­nyň baş­lyk­la­ry Do­nald Tusk hem-de Žan-Klod Ýun­ker gat­naş­dy.
Pre­zi­dent El­beg­dorž sam­mi­tiň çäk­le­rin­de gu­ra­ma­çy ýurt hök­mün­de özleriniň mil­li me­de­ni­ýe­ti­ni we däp-des­sur­la­ry­ny tanyşdyrmaga ça­l­şan­dyklary­ny mä­lim et­di. ASEM sam­mi­ti Mon­go­li­ýa­da ýe­ne-de 100 ýyl­dan soň ge­çi­ri­ler. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, fo­ru­myň çäk­le­rin­de yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ba­bat­da oňat ne­ti­je­ler ga­za­nyl­dy – di­ýip, Pre­zi­dent gür­rüň ber­di.
Şeý­le hem Mon­go­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti bu hal­ka­ra fo­ru­my gu­ra­mak bi­len köp za­dy öw­re­nen­dik­le­ri­ni bel­läp, şo­nuň hem uly ma­ýa go­ýum­dy­gy­ny aýt­dy. Ol 2050-nji ýyl­da Mon­go­li­ýa­da Olim­pi­ýa oýun­la­ry­ny geçirmek is­le­ýän­dik­le­ri­ni hem köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­rin­den giz­läp dur­ma­dy.
Sam­mi­tiň ne­ti­je­si bo­ýun­ça in­di­ki ASEM sam­mi­ti­niň 2018-nji ýyl­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan gu­ral­ma­gy hem-de 2017-nji ýyl­da Mýan­ma­da da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň 13-nji mas­la­ha­ty­nyň ge­çi­ril­me­gi ba­bat­da de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.
Fo­ru­ma gat­na­şy­jy ýurt­lar gä­mi gat­na­wy, awia­si­ýa we söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge de­giş­li me­se­le­ler­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek ba­bat­da yla­laş­dy­lar.
Mon­go­li­ýa­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sam­mi­te 7 müň­den gow­rak myh­man gat­naş­dy. Olar üçin 42 myh­man­ha­na taý­ýar edil­di. Onuň çäk­le­rin­de köp­san­ly me­de­ni çä­re­ler ge­çi­ril­di. Dün­ýä li­der­le­ri­ne Mon­go­li­ýa­nyň me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­ny we däp-des­sur­la­ry­ny açyp gör­kez­ýän teatr­laş­dy­ry­lan sah­na­lar gör­ke­zil­di. Pre­zi­dent El­beg­dorž fo­ru­myň ahy­ryn­da oňa gat­na­şan döw­let we hö­kü­met baş­tu­tan­la­ry­na mon­gol aty­ny sow­gat ber­di.
ASEM sam­mi­ti­niň gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti­niň mas­la­hat­çy­sy Se­bast­ýan Ber­sik ha­bar­çy­la­r bilen söh­bet­deş­li­gin­de hal­ka­ra fo­ru­myň äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy­ny bel­le­di. Oňa 21 Azi­ýa döw­le­ti­niň hem-de 30 Ýew­ro­pa ýur­du­nyň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ýan­dy­gy­ny we fo­ru­my gu­ra­ýan ýur­duň Azi­ýa bi­len Ýew­ro­pa­nyň ara­syn­da­ky gel­jek­ki gat­na­şyk­la­ryň dö­re­me­gin­de mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di.
ASEM – “Azi­ýa-Ýew­ro­pa” fo­ru­my bo­lup, hal­ka­ra gu­ra­ma äh­mi­ýe­ti­ne eýe­dir. Ol Gün­do­gar Azi­ýa­nyň hem-de Ýew­ro­pa­nyň ýurt­la­ry­ny öza­ra bir­leş­dir­ýär. Onuň dü­zü­min­de 53 döw­let bar.

Mon­go­li­ýa­nyň ber­gi­si­ni geç­di
Fo­ru­myň çäk­le­rin­de dün­ýä li­der­le­ri­niň ara­syn­da köp san­ly iki­çäk du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da ýat­da ga­lan wa­ka­la­ryň bi­ri Mon­go­li­ýa bi­len Hy­ta­ýyň hö­kü­met baş­lyk­la­ry­nyň du­şu­şy­gydyr. Hy­ta­ýyň Prem­ýer-mi­nist­ri Li Kes­ýan bi­len Mon­go­li­ýa­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­ti­niň baş­ly­gy Ž.Er­de­ne­ba­tyň du­şu­şy­gyn­da 10-dan gow­rak iki­ta­rap­la­ýyn yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­di. Şol res­mi­na­ma­la­ryň çäk­le­rin­de Mon­go­li­ýa­nyň Hy­ta­ýa bo­lan 19 mil­li­on dol­lar­lyk ber­gi­si ha­sap­dan aý­ryl­dy. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Mon­go­li­ýa­nyň Hy­taý­dan 1958—1960-njy ýyl­lar bi­len bir ha­tar­da, 1991-nji, 1992-nji hem-de 1994-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da alan kar­zy ge­çil­di.

44,6 mil­li­on dol­lar karz be­ril­di
Fo­ru­myň çäk­le­rin­de Gü­nor­ta Ko­re­ýa bi­len Mon­go­li­ýa­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da karz ber­mek ba­bat­da yla­la­şy­ga gol çe­kil­di. Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň Eks­port-im­port ban­ky Mon­go­li­ýa ulag ul­ga­my­nyň dü­zü­mi­ni kä­mil­leş­dir­mek üçin 44,6 mil­li­on dol­lar karz pul se­riş­de­le­ri­ni be­rer. Bu karz pul se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na Mon­go­li­ýa Ko­re­ýa­dan 25 mil­li­on dol­lar möç­be­rin­de 170-den gow­rak aw­to­bus sa­tyn alar. Pul se­riş­de­si­niň ga­lan bö­le­gi ulag ul­ga­my­nyň dü­zü­min­dä­ki kär­ha­na­la­ry­na hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ry­ny sa­tyn al­mak üçin peý­da­la­ny­lar. Şeý­le hem ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar esa­syn­da Ko­re­ýa­nyň kom­pa­ni­ýa­sy Mon­go­li­ýa­da te­bi­gat mu­ze­ýi­niň gur­lu­şy­gy­ny ama­la aşy­rar.
Mun­dan baş­ga-da iki­çäk du­şu­şyk­la­ryň ne­ti­je­si bo­ýun­ça Mon­go­li­ýa bi­len Sin­ga­pu­ryň ara­syn­da sy­ýa­hat­çy­la­ra 1 aý yg­ty­ýar­na­ma­syz ge­ze­lenç et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän yla­la­şyk ga­za­nyl­dy. Wýet­nam Mon­go­li­ýa­nyň mu­zeý­le­ri­niň dur­ku­ny tä­ze­le­mek işi­ni öz üs­tü­ne al­dy. Pol­şa dag-mag­dan se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek üçin 1 mil­li­on ýew­ro karz ber­me­gi ma­kul gör­di.
Umu­man, bu hal­ka­ra fo­rum Mon­go­li­ýa üçin örän bäh­bit­li bol­dy. Sam­mi­ti gu­raý­jy ýurt hök­mün­de Azi­ýa bi­len Ýew­ro­pa­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­ma­gy­na ýar­dam et­di hem-de köp san­ly yla­la­şyk­la­ryň ga­za­nyl­ma­gy­na müm­kin­çi­lik dö­ret­di.