Beýik Britaniýanyň “Times Higher Education” neşiri “Sungat we ynsanperwer ugurlar” boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny taýýarlady. Bu sanawa sungat, şol sanda teatr, dil, edebiýat, taryh, pelsepe, binagärlik we arheologiýa ýaly ugurlardan hünärmenleri taýýarlaýan uniwersitetler girdi.
Şol uniwersitetleriň sanawy barada
gysgaça maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.
Stenford uniwersiteti: ABŞ-da ýerleşýän hususy ýokary okuw mekdepleriniň biri. Bu ýokary okuw mekdebinde birnäçe ugurda, ýagny, ýuridiki, lukmançylyk, tehniki, ynsanperwer we beýleki ugurlarda bilim berilýär. Onuň düzüminde dürli mekdepler (Stenford ýokary biznes mekdebi) hem-de ylmy-barlag institutlary bar. Bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlary “Hewlett-Packard”, “Electronic Arts”, “Sun Microsystems”, “Nvidia”, “Yahoo!”, “Cisco Systems”, “Silicon Graphics” we “Google” ýaly dünýä belli kompaniýalary esaslandyrdylar. Uniwersitetde 16 müň 135 talyp bilim alýar, olaryň 23 göterimi daşary ýurtly talyplardyr.
Kembrij uniwersiteti: Beýik Britaniýanyň iň gadymy hem-de uly ýokary okuw mekdepleriniň biri. Talyplaryň okuw we ylmy işleri uniwersitetiň birnäçe mekdeplerinde guralýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlarynyň 88-si Nobel baýragynyň eýesidir. Dünýäde bu ugurda uniwersitetleriň arasynda birinji orny eýeleýär. Uniwersitetde 18 müň 978 talyp bilim alýar we olaryň 37 göterimi daşary ýurtludyr.
Oksford uniwersiteti: Beýik Britaniýanyň Oksford şäherinde ýerleşip, dünýäniň iň gadymy hem-de Britan adalarynyň ilkinji ýokary okuw mekdepleriniň biri. Onuň haçan döredilendigi näbelli. Beýik Britaniýanyň hem-de Irlandiýanyň gadymy uniwersitetleriniň toparyna degişlidir. Okuw tölegli bolup, bu ýerde 20 müň 664 talyp bilim alýar. Talyplaryň 41 göterimi daşary ýurtlaryň raýatydyr.
Massaçusets tehnologiýa instituty: ABŞ-nyň Massaçusets ştatynda ýerleşýän ýokary okuw mekdebi we barlag merkezi. Bu uniwersitet robot tehnikasy we emeli aň ugurlarynda öňdebaryjydyr. Şeýle hem institut ykdysadyýet, menejment, dil öwreniş, syýasy bilimler we pelsepe ýaly ugurlar boýunça hem meşhurdyr. Bu ýerde 11 müň 247 talyp bilim alyp, onuň 34 göterimi daşary ýurtlaryň raýatlarydyr.
Garward uniwersiteti: Dünýäniň meşhur hem-de ABŞ-nyň iň gadymy uniwersitetidir. Ol hem Massaçusets ştatynda ýerleşýär. Ýokary okuw mekdebiniň talyplary, mugallymlary ýa-da işgärleri Nobel baýragynyň 75-siniň ýeňijisi boldy. Bu ýerde 20 müň 823 talyp bilim alýar we olaryň 24 göterimi daşary ýurtly talyplardyr.
Londonyň uniwersitet kolleži: Nobel baýragyny gazanan 26 alym bu ýokary okuw mekdebinde bilim aldy. Olaryň hatarynda 2009-njy ýylda fizika ugry boýunça bu baýraga mynasyp bolan Çarlz K.Kao hem bar. Ýokary okuw mekdebi 10 fakultetden ybarat bolup, olaryň çäklerinde 100-den gowrak bölüm, institut we ylmy-barlag merkezleri hereket edýär. Bu bilim ojagy biolukmançylyk barlaglarynda öňdebaryjydyr. Bilim ojagynda 4 müň ylmy işgär we 648 professor zähmet çekýär, bu görkeziji boýunça Beýik Britaniýada öňdebaryjydyr. Bu ýerde 32 müň 665 talyp bilim alýar. Talyplaryň 52 göterimi daşary ýurtlaryň raýatydyr.
Prinston uniwersiteti: ABŞ-da ýerleşýän bu bilim ojagy tebigy, ynsanperwer, jemgyýetçilik we tehniki bilimler boýunça hünärmenleri taýýarlaýar. Bu ýerde 7 müň 983 talyp bilim alyp, onuň 25 göterimi daşary ýurtlular.
Çikago uniwersiteti: Adyndan belli bolşy ýaly, ABŞ-nyň Çikago şäherinde ýerleşýär. 1890-njy ýylda esaslandyrylan bu bilim ojagy tebigy we ynsanperwer bilimler ugurlary bilen bir hatarda Pritsker lukmançylyk mekdebi, But adyndaky biznes mekdebi, hukuk instituty, Harris adyndaky jemgyýetçilik syýasaty mekdebi ýaly mekdepleri bilen meşhurdyr. Bu ýerde 13 müň 833 talyp bilim alýar. Talyplaryň 28 göterimi daşary ýurtlaryň raýatlarydyr.
Ýel uniwersiteti: ABŞ-nyň hususy ylmy-barlag uniwersitetidir. Düzüminde 12 bölümçesi bolan bu bilim ojagynda 12 müň 402 talyp okaýar, olaryň 20 göterimi daşary ýurtludyr.
Berklidäki Kaliforniýa uniwersiteti: Berklidäki Kaliforniýa uniwersiteti ABŞ-nyň döwlet ylmy-barlag bilim ojagydyr. Uniwersitet kompýuter, IT-tehnologiýa, ykdysadyýet we fizika ugurlary boýunça hünärmen taýýarlamakda öňdebaryjydyr. Bu bilim ojagynda 41 müň 81 talyp okaýar, olaryň 17 göterimi daşary ýurtludyr.
Döwletgeldi ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.