Ilon Mas­kyň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän “SpaceX” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iş­läp taý­ýar­lan “Hy­per­lo­op” at­ly çen­de­na­şa ýo­ka­ry tiz­lik­li jem­gy­ýet­çi­lik ula­gy­nyň gel­jek­ki 20 ýy­lyň do­wa­myn­da taý­ýar bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Bu tä­sin ula­ga ho­wa we de­mir ýol ula­gy­nyň bir­leş­di­ril­me­gi di­ýil­se ýal­ňyş bol­maz. Hä­zir­ki wagt­da teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi ne­ti­je­sin­de, bir şä­her­den baş­ga şä­he­re, hat­da beý­le­ki ýur­da bir­nä­çe sa­ga­dyň do­wa­myn­da gi­dip bol­ýar. Hü­när­men­ler has ýo­ka­ry tiz­lik­li gat­naw ýol­la­ry­ny we ola­ra de­giş­li inf­rast­ruk­tu­ra­la­ry dö­ret­mek üçin zäh­met çek­ýär­ler. “Hy­per­lo­op” at­ly ulag ýo­ka­ry tiz­lik­li we ra­hat bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­la­nar. Edin­burg uni­wer­si­te­tin­de “Hy­per­lo­op” ula­gy­ny iş­läp taý­ýar­la­ýan HYP-ED at­ly teh­ni­ki to­pa­ryň ýol­baş­çy­sy Da­ni­ýel Kar­bo­nell bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ta­gal­la ed­ýän­dik­le­ri­ni aýd­ýar. Ang­li­ýa­da “SpaceX”-iň ge­çi­ren hal­ka­ra bäs­le­şi­gi üçin üç sa­ny nus­ga­lyk tas­la­ma taý­ýar­lap­dyr­lar. Kar­bo­nell taý­ýar­lan tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de gal­ta­şyk­syz mag­nit­li gal­dy­ry­jy ul­ga­my hem-de iti­ji tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ra has köp üns be­ren­dik­le­ri­ni bel­le­ýär.
Bu ul­gam­da jem­gy­ýet­çi­lik ula­gy da­şy tu­tuş­ly­gy­na ýa­py­lan, pes ba­syş­ly kap­su­la­nyň için­den ýö­re­ýär. Kar­bo­nell bu ula­gyň tiz­li­gi­niň 1287 km/sa­gat bol­jak­dy­gy­ny aýd­ýar. Hä­zi­re çen­li bu ulag gys­ga ara­lyk­da bir­nä­çe ge­zek dür­li sy­nag­lar­dan ge­çi­ril­di.