Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi şäheriniň golaýyndaky adada dünýäniň iň gadymy tebigy düri tapyldy. Bu gymmat bahaly daşyň 8 müň ýyllyk taryhynyň bardygy mälim edildi. Ol Marawa adasyndaky gazuw-agtaryş işleriniň çäklerinde tapyldy. Bu ýerde neolit döwrüne degişli binalaryň galyndylarynyň hem üstünden baryldy. Bilermenleriň pikirine görä, tapylan gymmat bahaly daşyň şol döwürde söwdada ýa-da alyş-çalyşda ulanylandygy çaklanylýar.
– Bu açyş häzirki döwürde ykdysadyýetiň hem-de medeniýetiň çuň taryhy kökleriniň bardygyny görkezýär – diýip, Abu-Dabiniň medeniýet we syýahatçylyk edarasynyň ýolbaşçysy Muhammed Halifa al-Mubarak belläp geçýär.
Arheologlar radiouglerod seljermesiniň netijesine görä, bu dürüň biziň eýýamymyzdan ozalky 5800-nji we 5600-njy ýyla degişlidigini çaklaýarlar. Umuman, bu gymmat bahaly daşy şol döwürde bezeg üçin ýa-da Mesopotamiýa bilen amala aşyrylan söwdada, ýagny keramika we beýleki harytlary satyn almakda ulanylandygy aýdylýar.
“Abu-Dabiniň düri” diýlip atlandyrylan bu gymmat bahaly daş mundan beýläk Luwr Abu-Dabi muzeýinde saklanar.
Yslam POSAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.