Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýi­ti ze­hi­nin­den dö­rän “Türk­men ala­ba­ýy” at­ly aja­ýyp ki­ta­by oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ala­baý it­le­ri ba­ra­da giň mag­lu­mat almaga müm­kin­çi­lik dö­ret­di. Türk­men hal­ky dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ösü­şi­ne eg­sil­mez gym­mat­lyk­la­ry go­şan halk. Bu gün­ki gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ne­pis türk­men ha­ly­la­ry­nyň, ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň, sa­ry­ja goý­nu­nyň, ak bug­da­ýyň, mil­li şaý-sep­le­riň şan-şöh­ra­ty has-da be­len­de gal­dy. Şeý­le aja­ýyp gym­mat­lyk­la­ryň bi­ri-de, yn­san üçin we­pa­dar, duý­gu­daş dost ha­sap­lan­ýan türk­men ala­ba­ýy­dyr.
Alym Ar­ka­da­gy­my­zyň mil­li gym­mat­ly­gy­myz bo­lan ala­baý it­le­ri ba­ra­da dö­re­den ese­rin­de türk­men ala­ba­ýy­nyň we­pa­ly­ly­gy, ynam­dar­ly­gy, duý­gur­ly­gy, gaý­duw­syz­ly­gy giň­den be­ýan edi­lip­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: “Adam üçin çyn dost ga­zan­mak örän kyn­dyr. Ha­ky­ky dost­lu­ga we­pa­ly adam dos­tu­nyň bäh­bi­di­ni özü­niň­ki­den öň­de goý­ýar. Dün­ýä­de it­le­riň we­pa­ly­ly­gy ha­kyn­da hem örän geň gal­dyr­ýan wa­ka­lar köp­dür. Şol wa­ka­la­ryň gah­ry­man­la­ry­nyň ara­syn­da ala­baý­la­ryň ady­nyň hem meş­hur­ly­gy bel­li­dir” di­ýip, ese­rin­de jaý­dar bel­läp geç­ýär. Ki­tap­da ala­baý it­le­ri hakyn­da­ yrym-ynanç­lar, däp-des­sur­lar, ro­wa­ýat­lar, na­kyl­lar, ata­lar söz­i çe­per be­ýan edi­lip­dir. Eser ala­baý iti­niň ter­bi­ýe­le­ni­şi, ide­di­li­şi, iý­mit­len­di­ri­li­şi, kö­pel­di­li­şi, onuň hüý-hä­si­ýet­le­ri hak­ynda­ky yl­my nuk­daý­na­zar­ly mag­lu­mat­la­ra-da örän baý­dyr.
Türk­men hal­ky ala­ba­ýa he­mi­şe öz dos­ty, syr­da­şy hök­mün­de ga­rap­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň çuň ma­ny­ly söz­le­ri bi­len aý­dy­lan­da, ala­baý – bi­ziň Wa­ta­ny­my­zyň baý­ly­gy­dyr, ol bi­ziň ata-ba­ba­la­ry­my­zyň dö­re­den mil­li gym­mat­ly­gy­dyr. Ony go­rap sak­la­mak, äh­li aja­ýyp­ly­gy bi­len gel­jek­ki ne­sil­le­ri­mi­ze ýe­tir­mek bi­ziň bor­ju­myz­dyr.
Ki­tap­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, türk­men ala­ba­ýy we­pa­ly­ly­gyň te­bi­gy nus­ga­sy­dyr, ba­tyr­ly­gyň hem-de eder­men­li­giň ala­ma­ty­dyr. Mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, türk­men hal­ky mil­li gym­mat­lyk­la­ry ha­sap­la­ýan aty­ny, iti­ni sat­ma­ýar. Ola­ry iň ýa­kyn ha­sap­lan adam­la­ry­na sow­gat ber­ýär. Olar pul­dan we beý­le­ki zat­lar­dan ýo­kar­da dur­ýar. Şo­nuň üçin ol aý­ra­tyn ýag­daý­lar­da, has iç­gin gat­na­şy­gyň ny­şa­ny ha­sap edil­ýär. Şun­da ola­ryň ba­ran ýe­rin­de hor­lan­maz­ly­gy, har sak­lan­maz­ly­gy il­kin­ji göz öňün­de tu­tul­ýan şert­ler bo­lup durýar. Türk­men dos­tu­na atyň we ala­ba­ýyň iň go­wu­sy­ny sow­gat ber­ýär.
Soň­ky ýyl­lar­da ala­baý­la­ra bo­lan gy­zyk­lan­ma dün­ýä­de hem ep-es­li art­dy. Ala­baý­lar öz ta­pa­wut­ly daş keş­bi bi­len has-da uly meş­hur­lyk­dan peý­da­lan­ýar­lar. Olar iri we be­de­ni kuw­wat­ly it­ler bo­lup, hä­si­ýe­ti we özü­ni alyp bar­şy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar­lar – ala­baý­lar mä­hir­li­dir, yg­ty­bar­ly­dyr we gu­lak asy­jy­dyr. Bu it­ler köp ýurt­lar­da sak­çy to­hum it­le­ri­niň ara­syn­da my­na­syp ýag­daý­da öň­de­ba­ry­jy or­ny eýe­le­di.
Mil­li Li­de­ri­mi­z mil­li mi­ra­sy­my­zy go­rap sak­la­mak, türk­men ala­baý it­le­ri­niň to­hum­çy­lyk-seç­gi işi­ni ös­dür­mek we ala­baý it­le­ri­ni kö­pelt­mek mak­sa­dy bi­len möhüm Ka­rar ka­bu­l et­di. Şol res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Ahal we­la­ýa­tyn­da “Türk­men ala­baý it­le­ri” ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­ni dö­ret­mä­ge esas­lan­dy­ry­jy­lar hök­mün­de ýur­du­my­zyň bir­nä­çe bank­la­ry­na paý­ly gat­naş­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­dil­di. Bu ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti türk­men ala­baý it­le­ri­niň to­hum­çy­lyk-seç­gi­çi­lik işi­ni alyp bar­mak hem-de ola­ry sak­lap, kö­pelt­mek ug­run­da de­giş­li iş­le­ri alyp ba­rar­lar. Bu jem­gy­ýe­tiň bi­na­lar top­lu­my­nyň hem açy­lyp ulan­ma­ga ber­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.

Ta­wus HO­JA­NE­PE­SO­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.