Guşçulyk pudagy iň düşewüntli pudaklaryň biri hasaplanylýar. Her bir kärde ussatlygyň zerur bolşy ýaly, jüýje ýetişdirmäge, towuklary idetmäge hem erjellik bilen çemeleşmek zerurdyr. Guşlardan ýokary hilli et-ýumurtga almak üçin dürli ýaşdaky we dürli görnüşdäki guşlaryň iýmitlendirilişi, saklanylyşy talabalaýyk ýola goýulmaly. Häzirki döwürde guşlaryň köpeldilmegi bilen et önümleriniň öndürilişi düýpli artýar. Guş etiniň myşsalarynda iri şahly mallaryňka garaňda, birleşdiriji dokumany az saklaýar. Şonuň üçin hem ýeňil siňýär. Ýaş towuklaryň we hindi towuklarynyň eti aýratyn berhizlik häsiýete eýedir. Ördekleriň, gazlaryň eti bolsa, ýokary kaloriýalylygy bilen tapawutlanýar. Etiniň düzüminde beloklary saklaýjylygy boýunça hindi towuklary we towuk jüýjeleri ilkinji orunda durýar. Ýag saklaýjylygy boýunça gaz etiniňki, ördekleriňki ýokary bolýar. Guş etinde B1, B2, PP witaminleri saklanýar. Häzirki wagtda bedenäniň etine islegiň artmagy, onuň şypa beriji häsiýetiniň ýokarylygy bilen baglydyr. Guşçulygyň bize berýän gymmatly önümleriniň biri ýumurtgadyr. Oba hojalyk guşlarynyň ýumurtgalary ýokary biologik bahaly, siňňitli iýmitdir. Bölek satuwa diňe towuklaryň hem-de bedeneleriň ýumurtgasy çykarylýar. Gazlaryň hem-de ördekleriň, hindi ördekleriň ýumurtgalary senagatda gaýtadan işlenilýär. Hindi guşlary ýumurtgany az berýändigi sebäpli, diňe köpeltmek üçin goýulýar.
Ýumurtganyň daşky hekli gabygynyň 90%-den köprägi kömürturşy, fosforturşy kalsiden we fosforturşy magniden durýar. Ýumurtga gabygy towuklaryň tohumyna baglylykda, ak reňkden, açyk sary, goňur reňke çenli aralykda üýtgeýär. Gazlaryňky hem-de ördekleriňki ak hem-de tegmilli bolýar. Hindi towuklaryňky ak reňkde goňur tegmilli bolýar. Ýumurtga sarysynyň düzüminde karatinoidler we D witamini saklanýar. Bedenäniň ýumurtgasy ýokumlylygy we düzümindäki bar bolan witaminleriň, mikroelementleriň mukdary boýunça beýleki oba hojalyk guşlaryňkydan düýpli tapawutlanýar. Mundan başga-da, oba hojalyk guşlaryndan per alynýar. Per ýassyklar özüniň rahatlygy bilen tapawutlanyp, nerw ulgamyna oňaýly täsir edýär we rahat ukyny üpjün edýär.