Agaç na­hal­la­ry­ny oturt­ma­gyň we ola­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­giň glo­bal ma­ýyl­gan­ly­gyň öňü­ni al­ýan­dy­gy yl­my taý­dan su­but edil­di.
Ösüm­lik­ler ho­wa­da­ky kö­mür­tur­şy ga­zy­ny özü­ne siň­di­rip, kis­lo­rody bölüp çykarýar.
Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­a görä, Ýer ýüzünde tokaý döretmek üçin amat­ly ýer­le­riň meý­da­ny­nyň 12 mil­liard ine­dör­dül met­re ýet­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy.
Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da­ky Su­ri­nam döw­le­ti­niň tutýan meýdanynyň 98 gö­te­ri­mi to­kaý­lar bi­len ör­tü­len­dir. Ýurt bu ugur­da dün­ýä­de bi­rin­ji ýer­de dur­ýar.
Ýer ýü­zün­dä­ki su­wuň umu­my muk­da­ry 1,5 mil­liard kub ki­lo­met­re ba­ra­bardyr.
Ama­zon­ka to­kaý­la­ry­nyň meý­da­ny 5,5 mil­li­on ine­dör­dül ki­lo­met­re ba­ra­bardyr.
Ýe­riň ýe­ke-täk hem­ra­sy bo­lan Aýyň dia­metri 3 476 km-e go­laýdyr.
Aýyň ýü­zün­dä­ki tem­pe­ra­tu­ra -153 °C de­re­jä çen­li so­wuk bol­ýar.
Aý Ýe­riň da­şyn­daky aýlawyny 27,3 gün­de tamamla­ýar.
Il­kin­ji ştrih kod­ly önüm “Wrig­ley’s” sak­gy­jy bo­lup, ol 1974-nji ýyl­da sa­tu­wa çy­ka­ryl­ýar.
Ýer ýü­zün­de is­len­dik wagt­da 2 000 sa­ny gök güm­mür­di­li ýyl­dy­rym çak­ýar.
Gu­ry ýer­de ýa­şa­ýan iň uly jan­dar bo­lan pil­ler ýü­züp bil­ýär­ler. Olar derýalardan we köl­ler­den ge­çen­le­rin­de, hol­tum­la­ry­ny suwdan çy­ka­ryp ýüz­ýär­ler.
Ýer ýü­zün­de ýar­ga­na­tyň 1 100 tö­we­re­gi gör­nü­şi bar.