Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň alymlary tarapyndan fermentirlenen gök çaýyň ikinji derejeli önümi bolan biodargaýjy materialdan sintetiki deri emele getirildi. Bu emeli materialdan ýa-da deriden adaty aýakgap ýasap bolýar. Soňky ýyllarda alymlar biodargaýjy sintetiki materiallary öndürmegiň üstünde iş alyp barýarlar. Gök çaýyň esasynda emele getirilen täze material hem munuň subutnamasydyr.
Alymlaryň geçiren ylmy-barlaglarynyň netijesine görä, gök çaýyň galyndylarynyň düzümindäki sellýuloz materialda adaty deridäki aýratynlyklaryň bardygy anyklandy. Şol sellýuloz materialdan emele getiriljek biodargaýjy maddany edil deri ýaly aýakgap önümçiliginde ulanyp boljakdygy mälim edildi. Alymlar birnäçe tapgyrda geçirilen yzygiderli barlaglarynyň netijesinde, ekologiýa taýdan arassa aýakgap jübütini ýasadylar. Ony hakyky deri aýakgap bilen deňeşdirip gördüler. Täze aýakgap howa geçirijiligi, hili we aýaga ýakymlylygy bilen ýokary baha mynasyp boldy. Häzirki wagtda bu taslama täzeden öwrenilýär we kämilleşdirilýär. Amerikaly alymlar ekologiýa taýdan arassa aýakgabyň suw geçirmeýän aýratynlygyny has-da ösdürmegiň we ony gündelik geýmek üçin amatly bolmagynyň usullaryny tapmaga synanyşýarlar.
Täze döredilen emeli deriden ýasalan aýakgaplaryň ýa-da beýleki zatlaryň haçan satuwa çykjakdygy barada entek maglumat ýok. Ýöne munuň ýakyn geljekde amala aşyryljakdygy ikuçsyzdyr.
Aýsoltan AŞYROWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.