Awtonom ulaglar: haýsydyr bir awtoulagyň özbaşdak hereket etmegi, ilkibaşda howply ýaly bolup görünmegi mümkin. Emma häzirki wagtda öndürilýän ulaglar bilen 10 ýyl ozalky ulaglaryň arasynda özbaşdak hereket etmek barada uly tapawut bar. Mysal üçin, belli bir tizlikde ýöremek, şol bir çyzyk aralygyndan gitmek, sürüji belli bir wagt hereketsiz otursa, duýduryş bermek ýaly aýratynlyklar, eýýäm, köp maşynda gabat gelýär. Entek dolulygyna sürüjisiz gidip bilýän ulag ýok hem bolsa, belli bir aralykdan “hojaýynynyň” ýanyna gelip bilýän ulaglar bar. Wagtyň geçmegi bilen olaryň has kämilleşip, dolulygyna özbaşdak hereket etjekdigi bellenilýär. Elbetde munuň üçin degişli infrastruktura hem döredilmeli. BMW, “Audi”, “Ford”, “Toyota” we “Honda” ýaly iri kompaniýalar şeýle ulaglary işläp düzmek üçin uly tagalla edýär.
Günden energiýa alýan ulag: häzirki maşynlar adatça, ýa benzin, ýa-da dizel ýangyjy bilen hereket edýär. Elektrokarlar ýer ýüzündäki ulaglaryň ýüzden birini emele getirýär. Şeýle-de bolsa, iri kompaniýalaryň ählisiniň diýen ýaly täze modelleriniň arasynda elektrokar hökman bar. Gysga wagtdan öndüriljek awtoulaglaryň ýarysyny elektrik energiýasy bilen işleýän maşynlar emele getirer. Eýsem, maşynlar öz üçegine, kapotyna we beýleki ýerlerine ýerleşdirilen Gün panellerinden energiýa alyp ýöräp bilermikä?! Şeýle ulagy ilkinji bolup, “Toyota” kompaniýasy synagdan geçiripdi. Bu elektrokara Gün paneliniň goşandy örän ujypsyz bolupdy. Şu ýylyň tomsunda “Hyundai”-yň “Sonata” modeliniň hem üsti Gün panelli nusgasy peýda bolupdy. Gollandiýanyň “Lightyear” şereketi hem şuňa meňzeş nusgalyk ulagy öndürdi. Hindistanda bolsa, otlularyň birnäçesiniň ýokarsy Günden energiýa alýan paneller bilen örtüldi. Ol paneller otlynyň içinde ulanylýan energiýany üpjün etmäge ýetýär. Awtoulaglarda bolsa, bu ugurda entek edilmeli işiň az däldigi ýüze çykdy. Hünärmenler bolsa, tebigaty arassa saklamagyň hatyrasyna alternatiw çeşmeleri kämilleşdirmek üçin gije-gündiz zähmet çekýärler.
Öňüni alyş ýassyklary: awtoulaglaryň içindäki howa ýassyklary gaty urgy bolanyndan açylyp, sürüjini we ýolagçylary heläkçilikden goraýar. Geljekde şeýle ýassyklar ulagyň daş tarapyndan çykar ýaly edilip ýasalar.
Awtoulaglaryň özara baglanyşygy (V2V): häzirki wagtda mobil enjamlar arkaly aňsatlyk bilen surat, aýdym-saz ýaly maglumatlary biri-birine geçirip bolýar. Geljekde awtoulaglaryň arasynda hem şeýle gatnaşyk ýola goýlup, ol ulaglaryň has ygtybarly bolmagyna ýardam eder.
Barmak yzyňy okaýan gulplar: häzirki telefon modelleriniň birnäçesinde bar bolan, eýesini barmagynyň yzyndan tanaýan gulplar geljekde awtoulaglara hem oturdylar. Bu aýratynlyk gapyny açmakda hem-de ulagy otlamakda peýdalanylar.
Awtoulaglar geçen asyryň ortalarynda ýaýrap başlaýar. Şol döwürler at arabalary bilen bir hatarda ulanylan bu täze ulagyň geldi-geçer modadygy, atyň ýerini tutup biljek ulagyň ýokdugy hem aýdylýardy. Emma has kämilleşen tehnologiýa ýokary tizlikli, ozalkylar ýaly ses çykarmaýan awtoulaglaryň döredilmegine mümkinçilik berýär. Bu bolsa, awtoulaglaryň artmagyna getirýär. Häzirki wagtda bolsa, ulaglaryň ýüzlerçe görnüşi bolup, durmuşy olarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl.
Eýsem, geljekde nähili awtoulaglar peýda bolarka?! Geliň, tehnologiýa bilermenleriniň bu barada käbir maglumatlaryna nazar aýlalyň!