Uýu­ni kö­lü­ne bar­ýan­la­ryň köp­dü­gi se­bäp­li, ol ýer­de bir­nä­çe myh­man­ha­na hem bar. Bu ýer­dä­ki “Lu­na Sa­la­da” at­ly myh­man­ha­na äh­li za­dy­nyň duz­dan ýa­sal­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Myh­man­ha­na­nyň di­war­la­ry, için­dä­ki me­bel­ler, be­zeg üçin ýer­leş­di­ri­len heý­kel­ler we beý­le­ki äh­li zat duz­dan ýa­sa­lyp­dyr. Köl­dä­ki In­ka öýi at­ly ada­jyk hem ja­han­keş­de­le­ri özü­ne çek­ýär. Bu ýer­de ir­ki dö­wür­ler­de gur­lan bi­na­la­ryň ha­ra­ba­lyk­la­ry sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Bu ada­da ös­ýän kak­tus­la­ryň bo­ýy 10 met­re ýet­ýär. Ýy­lyň gu­rak möw­sü­min­de ada we­lo­si­ped­li bar­mak bol­ýar. Kö­lüň ke­nar­la­ryn­da­ky de­pe­lik­ler­de ýe­liň tä­si­ri bi­len peý­da bo­lan üýt­ge­şik şe­kil­ler hem gö­re­ni haý­ran gal­dyr­ýar.

Ast­ro­no­mi­ýa­da­ky äh­mi­ýe­ti

Uýu­ni kö­li as­man ji­sim­le­ri­ni syn­la­mak üçin hem amat­ly ýer­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ap­rel-no­ýabr aý­la­ryn­da yga­lyň az bol­ma­gy, bu se­bit­de se­na­gat des­ga­la­ry­nyň ýok­du­gy we de­ňiz de­re­je­sin­den be­lent­de­di­gi se­bäp­li, ho­wa açyk bo­lan­soň, as­man ji­sim­le­ri­ni syn­la­mak has aň­sat bol­ýar. Kos­mo­sy öw­re­ni­ji­le­r bu döwürde kö­le has köp bar­ýar­lar.

Döw­re­bap en­jam­lar bi­len al­nan öl­çeg­ler ar­ka­ly kö­lüň aý­na ýa­ly te­kiz däl­di­gi­ni, mil­li­metr de­re­je­sin­de “be­ýik­li-pesli” ýer­le­riň bar­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Uýu­ni­niň tä­sin ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si bar. Ol ýer­de gy­zyl we ak guw­lar gyş­la­ýar. Şeý­le hem Gü­nor­ta Ame­ri­ka mah­sus bo­lan öý haý­wa­ny al­pa­ka­la­ry gör­mek bol­ýar. Äpet kak­tus­lar bol­sa, has tä­sin gör­nü­şi eme­le ge­tir­ýär.