Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýan ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň göw­ne­jaý dynç al­ma­gy üçin döw­let ta­ra­pyn­dan äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di we dö­re­dil­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, Ga­raş­syz ýur­du­myz­da ada­m jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň gym­mat­ly ha­zy­na­sy ha­sap­lan­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, mil­li Li­de­ri­miz «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýar. Ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz­da äh­li za­t ada­myň ha­ty­ra­sy­na, onuň bäh­bit­le­ri­niň, aba­dan­çy­ly­gy­nyň hem-de bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­nyň ha­ty­ra­sy­na gö­nük­di­ri­len­dir.
Şo­nuň üçin hal­ky­my­zyň we onuň myh­man­la­ry­nyň dynç al­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­di­len­dir. Go­ja­man Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da hal­ka­ra de­re­je­sin­de sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy eme­le gel­di. Ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de döw­re­bap şy­pa­ha­na mer­kez­le­ri he­re­ket ed­ýär. Mun­dan baş­ga-da ýur­du­my­zyň paý­tag­ty we äh­li we­la­ýat mer­kez­le­rin­de, şä­her­dir et­rap­lar­da hä­zir­ki za­man söw­da we dynç alyş mer­kez­le­ri, att­rak­si­on­ly se­ýil­gäh­ler hal­ky­my­zyň hyz­ma­tyn­da.
Hal­kyň sag­ly­gy, aba­dan­çy­ly­gy we göw­ne­jaý dynç al­ma­gy ba­ra­da­ky ala­da Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu ugur­da goý­lan we­zi­pe­le­ri çöz­mek üçin döw­let ta­ra­pyn­dan um­ma­syz we ägirt uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Tä­ze myh­man­ha­na­lar­dyr şy­pa­ha­na­la­ryň, dynç alyş mer­kez­le­ri­niň hem-de se­ýil­gäh­le­riň gu­rul­ma­gy do­wam et­di­ril­ýär, şeý­le hem bar bo­lan dynç alyş pu­da­gy­na de­giş­li des­ga­la­ryň dur­ky tä­ze­le­nip, hal­kyň hyz­ma­ty­na taý­ýar edil­ýär.
Umu­man, to­mus pas­ly dynç alyş möw­sü­mi­dir. Esa­san hem, to­mus pas­ly­nyň 3 aýyn­da adam­lar zäh­met rug­sa­dy­na çyk­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şu ýy­lyň 15-nji iýu­lyn­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de äh­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­daklaýyn eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na 25-nji iýul­dan 20-nji aw­gus­ta çen­li dynç al­ma­ga rug­sat ber­di.
Mil­li Li­de­ri­miz hem zäh­met rug­sa­dyn­da bol­ýan döw­rün­de ag­tyk­la­ry bi­len wagt ge­çir­di we sag­dyn-dur­muş ýö­rel­ge­si bi­len hal­ky­my­za gö­rel­de bo­lup, Kö­pet­da­gyň ete­gin­de we­lo­si­ped­li ge­ze­lenç et­di. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da sport bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Mu­nuň özi hä­zir­ki döw­rüň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şun­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şah­sy gö­rel­de gör­kez­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz en­di­gi­ne gö­rä, we­lo­si­ped­li ge­ze­lenç edip, sport maşk­la­ry bi­len meş­gul­lan­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz yzy­gi­der­li tür­gen­le­şik­le­riň ne­ti­je­sin­de, ga­za­nyl­ýan berk be­den taý­ýar­ly­gy­ny gör­kez­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň sport dü­zü­mi­ni ös­dür­mä­ge, köp­çü­lik­le­ýin sport-to­ma­şa çä­re­le­ri­ni, ýa­ryş­la­ry, şol san­da spor­tuň ýur­du­myz­da in­di ösüp baş­lan gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik­le­ri ge­çir­mä­ge uly üns ber­ýär. Mu­nuň özi in­di­ki ýyl Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­me­giň çäk­le­rin­de hem uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ýur­du­myz­da de­giş­li çä­re­ler, şol san­da Umu­my­mil­li spar­ta­kia­da­lar, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry, şol san­da Azi­ýa­nyň çem­pio­nat­la­ry yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Sport ul­ga­my­nyň, şol san­da ýur­du­myz­da gaý­ta­dan di­kel­di­len we­lo­si­ped spor­tu­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy ber­ki­dil­ýär.
Mil­li Li­de­ri­miz we­lo­si­ped­li ge­ze­lenç ma­ha­lyn­da dag ete­gi­niň aja­ýyp gör­nü­şi­ne syn et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty­nyň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, soň­ky ýyl­lar­da haý­wa­nat­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri, şol san­da Gy­zyl ki­ta­ba gi­ri­zi­len haý­wan­la­ryň sa­ny ep-es­li art­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýo­lu­ny do­wam edýärkä, ýy­gy-ýy­gy­dan duş gel­ýän örän hüş­gär, ýö­ne adam­la­ra öw­re­ni­şen je­ren­le­re, şeý­le hem as­man­da uçup ýö­ren bür­güt­le­re hem-de la­çyn­la­ra we beý­le­ki jan­dar­la­ra syn et­di. Te­bi­gy şert­ler­de ös­ýän dür­li agaç­la­ryň hem-de köp­çü­lik­le­ýin dö­re­dil­ýän ýa­şyl zo­lak­la­ryň ha­sa­by­na dag ete­gi­niň ösüm­lik dün­ýä­si hem baý­laş­dy.
2016-njy 27-nji iýu­lyn­da mil­li Li­de­ri­miz ag­tyk­la­ry bi­len Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­na bar­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz us­sat ça­pyk­su­war, be­hiş­di be­dew­le­re çuň­ňur sar­pa goý­ýan at­şy­nas hök­mün­de boş wagt­la­ry­ny be­dew­ler bi­len di­dar­laş­ma­ga ba­gyş­la­ýar. Bu ge­zek hem ag­tyk­la­ry bi­len At­çy­lyk top­lu­my­na ge­len döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ki­çi ag­ty­gy Ys­ma­ýy­lyň ça­pyk­su­war­lyk sun­ga­ty bi­len meş­gul­lan­ma­ga hö­wes bil­dir­ýän­di­gi­ni göz öňün­de tu­tup, onuň is­le­gi­ni ka­na­gat­lan­dyr­dy. Mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­myz be­de­wiň jy­la­wyn­dan tu­tup, ag­ty­gy­na ata at­lan­ma­gy öw­red­ýär. Kör­pe ag­tyk ata at­la­nyp, ma­než­de aý­la­nyp baş­la­ýar. Ol ma­než­de bir­nä­çe öw­rüm ed­ýär. Soň­ra Ke­rim­gu­ly Ys­ma­ýy­la eýer­de yk­jam otur­ma­ly­dy­gy­ny, jy­la­wy tut­ma­gyň usul­la­ry­ny, mah­la­sy, atyň üs­tün­dä­ki ada­myň be­dew bi­len bir hörp­den gop­ma­ly­dy­gy, dem al­şyň hem be­de­wiň­ki bi­len saz­laş­ma­ly­dy­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly mas­la­hat­la­ry ber­di. Şu ýy­lyň 26-njy iýu­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ag­tyk­la­ry bi­len “Ber­ka­rar” söw­da-dynç alyş mer­ke­zi­ne ba­ryp gör­di we bu ýer­de aş­ga­bat­ly­la­ryň hem-de paý­tag­ty­my­zyň myh­man­la­ry­nyň, şol san­da kör­pe­le­riň boş wagt­la­ry­ny gy­zyk­ly ge­çir­mek­le­ri üçin dö­re­di­len şert­ler we müm­kin­çi­lik­ler bi­len ta­nyş­dy.

“AWA­ZA” – GAÝ­NAP JOŞ­ÝAR
Şu gün­ler «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da dynç alyş möw­sü­mi gaý­nap joş­ýar. Bu ýer­de su­wa düş­mek möw­sü­mi do­wam ed­ýär. Ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­den müň­ler­çe adam dynç al­ma­ga gel­ýär­ler. To­mus­ky zäh­met rug­sat­la­ry hem-de mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň to­mus­ky dynç alyş döw­ri bu aja­ýyp kün­jek he­mi­şe köp adam­ly bo­lýar – hem­me­ler iň bol­ma­n­da, hep­dä­niň dynç alyş gün­le­ri Ha­za­ryň ke­na­ry­na, aras­sa çä­ge­li su­wa dü­şül­ýän ýer­le­re dynç al­ma­ga how­luk­ýar­lar.
Awa­za myh­man­la­ry mä­hir bi­len ka­bul ed­ýär, ola­ra ka­şaň myh­man­ha­na­lar­da, maş­ga­la bo­lup dynç al­ma­ga ni­ýet­le­ne­n kot­tej­ler­de, hyz­mat­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri ýo­la goý­lan ça­ga­lar we ulu­lar üçin amat­ly dynç alyş mer­kez­le­rin­de sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge hö­dür­le­ýär.
Şu ýy­lyň için­de Awa­za­da üç sa­ny se­ýil­gäh-dynç alyş top­lum­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi bi­len ke­narýa­ka­syn­da dynç al­ýan­la­ryň dur­mu­şy has-da joş­gun­ly hä­si­ýe­te eýe bol­dy. “Älem­go­şar”, “De­ňiz mer­je­ni” we “Ja­dy­ly ke­nar” se­ýil­gäh-dynç alyş top­lum­la­ry de­ňiz ýa­ka­sy­nyň öz­bo­luş­ly be­ze­gi­ne öw­rü­lip, hä­zir­ki wagt­da dynç al­ýan­la­ryň iň köp gel­ýän ýe­ri­ne, ça­ga­la­ryň we ulu­la­ryň gy­zyk­ly dynç al­ýan kün­je­gi­ne öw­rül­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hut özü­niň ho­wan­dar­ly­gyn­da we döw­let ta­ra­pyn­dan iş­jeň gol­daw be­ril­me­gin­de dün­ýä de­re­je­li de­ňiz şy­pa­ha­na zo­la­gy­nyň giň möç­ber­li tas­la­ma­la­ry bar­ha ro­waç­lan­ýar. Onuň dep­gin­le­ri gow­şa­ma­ýar. Şu döw­rüň için­de “Awa­za­da” di­ňe bir iri möç­ber­li gur­lu­şyk iş­le­ri ge­çi­ril­män, eý­sem, bu ýer­de iş­jeň, dö­re­di­ji­lik­li şy­pa­ha­na dur­mu­şy ke­ma­la gel­di, ýy­lyň-ýy­ly­na bu ýe­re dynç al­ma­ga gel­ýän­le­riň sa­ny bar­ha kö­pel­ýär.

ŞY­PA­HA­NA­LA­RY­MYZ KÖP ADAM­LY
Ýur­du­my­zyň şy­pa­ha­na­la­ry ýy­lyň äh­li pas­lyn­da he­mi­şe köp adam­ly bol­ýar. Hu­su­san-da, to­mus pas­lyn­da bu ýe­re dynç al­ma­ga gel­ýän­le­riň sa­ny bar­ha kö­pel­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da­ky “Arç­man”, “Ýy­ly suw”, “Fa­rap”, “Ber­zeň­ňi”, “Da­şo­guz”, “Baý­ra­ma­ly” ýa­ly şy­pa­ha­na­lar be­je­riş aý­ra­tyn­lyk­la­ry bo­ýun­ça ra­ýat­la­ry­my­zyň hem-de ýur­du­my­zyň myh­man­la­ry­nyň iň bir ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri­ne öw­rül­di.
Şy­pa­ha­na­la­ryň dür­li be­je­riş usul­la­ry­nyň bol­ma­gy di­ňe bi­ziň ýur­du­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň ara­syn­da däl, eý­sem, ýa­kyn we uzak­da­ky da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­len myh­man­la­ryň ara­syn­da uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. Sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­miz bu gün­ki gün “iň oňaý­ly” de­re­je­li myh­man­ha­na­lar ýa­ly dynç al­ýan­la­ra äh­li amat­lyk­la­ry hö­dür­le­ýär.

«Zaman–Türkmenistan».