Naryň düzüminde myşsalary iýmitlendirýän we ömri uzaldýan birleşmeler bar. Lozannanyň federal politehniki okuw mekdebiniň alymlary öz geçiren barlaglarynda nar birleşmesiniň oňaýly täsirini subut etdiler. Şeýlelikde, nar mitohondriýa (energiýa berýän öýjükler) ýardam bermäge ukyply. Adatça, mitohondriýa bedeniň garraýşyna görä, öz işjeňligini peseltmäge başlaýar. Netijede, myşsalarda gowşaklyk ýüze çykýar. Naryň birleşmesi bedende urolitin A öwrülýär. Ol özüniň energiýa berşini gowşadan mitohondriýalara täzeden zarýad berýär we garramagyň öňüni alýar. Alymlar synag maksady bilen düzüminde urolitin A bolan biologik işjeň goşundylary işläp düzdüler. Häzir olar 30 meýletinçide synagdan geçirildi. Meýletinçiler ony ertirlik naharynda bir kapsuladan içdiler. Naryň myşsa dokumalaryna oňaýly täsirinden başga-da, gan basyşyny pese düşürýändigi we süňkleri berkidýändigi anyklanyldy. Şeýle hem bu miwede А, С, Е ýaly witaminler bar. Bulardan başga-da, nar ýürek-damar keselleriniň we stresiň öňüni almaga ýardam berýär.