Ýy­lyň iň ök­de fut­bol­çy­sy­na be­ril­ýän “Al­tyn top” (Bal­lon d’Or) baý­ra­gy­na “Bar­se­lo­na­nyň” ar­gen­ti­na­ly su­per ýyl­dy­zy Lio­nel Mes­si la­ýyk gö­rül­di. Şun­luk­da, “France Fo­ot­ball” žur­na­ly ta­ra­pyn­dan gow­şu­ryl­ýan “Bal­lon d’Or” baý­ra­gy­ny Lio­nel Mes­si 6-njy ge­zek eýe­läp, ol bu ugur­da re­kor­dy öz ady­na ge­çir­di. 32 ýaş­ly fut­bol­çy mun­dan ozal, 2009-njy, 2010-njy, 2011-nji, 2012-nji hem-de 2015-nji ýyl­lar­da “Al­tyn top” baý­ra­gy­na my­na­syp bo­lup­dy. 686 utuk top­lan Lio­nel Mes­si “Al­tyn top” baý­ra­gy ug­run­da Wir­gil Wan Deýk (679 utuk), Kris­tia­no Ro­nal­do (476), Sa­dio Ma­ne (347) hem-de Mu­ham­med Sa­lah (178) ýa­ly ýyl­dyz­la­ry yz­da gal­dyr­dy. Mes­si sent­ýabr aýyn­da FI­FA ta­ra­pyn­dan hem ýy­lyň iň ök­de oýun­çy­sy saý­la­nyp­dy.
Pa­riž­de ge­çi­ri­len da­ba­ra­da ýy­lyň iň ök­de ze­nan fut­bol­çy­sy­na be­ril­ýän “Bal­lon d’Or Fe­mi­nin” baý­ra­gy­na ame­ri­ka­ly Me­gan Ra­pi­nou la­ýyk gö­rül­di. Ol mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň Dün­ýä Ku­bo­gy­ny ga­zan­ma­gy­na uly go­şant go­şup­dy. 21 ýaş­dan ki­çi bo­lan fut­bol­çy­la­ryň ara­syn­dan iň ök­de­si diý­lip “Ýu­wen­tu­syň” gol­lan­di­ýa­ly go­rag­çy­sy Mat­tiýs de Light “Ko­pa Trop­hy” baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy. Şu ýyl il­kin­ji ge­zek gow­şu­ry­lan “Yas­hin Trop­hy” baý­ra­gy “Li­wer­pu­lyň” bra­zi­li­ýa­ly der­we­ze­çi­si Ali­son Be­ke­re be­ril­di.