Dün­ýä­de teh­no­lo­gi­ýa­nyň çalt dep­gin­ler bi­len ös­ýän döw­rün­de halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ry­ny san­laş­dyr­mak ba­bat­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hut özü­niň ýa­kyn­dan gol­daw ber­me­gin­de we üns ala­da­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni san­ly ul­ga­ma ge­çir­mek ba­bat­da­ky maks­a­tnama­la­r giň ge­ri­me eýe bol­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­ny­lan Türk­me­nis­tan­da 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy­ny iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça mak­sa­da gö­nük­di­ri­len iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti san­laş­dyr­mak hem-de döw­let dü­züm­le­ri­ne teh­no­lo­gi­ýa­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny or­naş­dyr­mak mö­hüm bo­lup dur­ýar. Şu ugur­da äh­li pu­dak­lar bi­len bir ha­tar­da ylym-bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ryn­da hem san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak ba­bat­da de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. San­laş­dyr­mak ul­ga­my ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­ni hem gur­şap al­dy. Ýa­ňy-ýa­kyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ge­çi­ren wi­deo­şe­kil­li iş mas­la­ha­tyn­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň döw­let do­lan­dy­ry­şy tej­ri­be­si­ne, şol san­da elekt­ron res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy ul­ga­my­na san­ly mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa or­naş­dy­ry­lan ýur­du­my­zyň il­kin­ji se­bi­ti bo­lan­dy­gy mä­lim edil­di. We­la­ýat­la­ryň işi­ni san­ly teh­no­lo­gi­ýa ul­ga­my ar­ka­ly ýo­la goý­mak mil­li Li­de­ri­mi­ziň tab­şy­ry­gy esa­syn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li iş­le­riň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Şo­nuň çäk­le­rin­de Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi­niň özün­de elekt­ron res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy ul­ga­my il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da or­naş­dy­ryl­dy. Hu­su­san-da, we­la­ýat­lar­da we et­rap­lar­da elekt­ron res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy ul­ga­my­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy pu­dak­la­ryň ara­syn­da­ky öza­ra he­re­ket­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam be­rer. Şeý­le hem tä­ze usul et­rap­la­ryň de­re­je­sin­de çöz­güt­le­ri des­si­ne ka­bul et­mä­ge, döw­let, pu­dak­la­ýyn we se­bit­le­ýin mak­sat­na­ma­la­ryň ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mu­nuň özi ka­bul edil­ýän çöz­güt­le­riň we res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy­nyň wagt ýi­tir­mez­den de­giş­li dü­züm­le­re ýe­ti­ril­me­gi­ni, wag­tyň tyg­şyt­la­nyl­ma­gy­ny, şol bir wag­tyň özün­de ýan­gyç harç­lap, ýö­ri­te ulag­la­ry ug­rat­mak me­se­le­si­ni ara­dan aýyr­ýar. Mun­dan baş­ga-da, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň san­laş­dy­ryl­ma­gy ila­tyň aba­dan ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­mek üçin wa­jyp bo­lan mö­hüm me­se­lä­niň çö­zül­me­gi­ne hem ýar­dam ber­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň bir­nä­çe dü­züm­le­ri bü­tin­dün­ýä in­ter­net ul­ga­my­na bi­rik­di­ril­di. Aý­ra­tyn-da, bu iş­de müş­de­ri­le­re san­ly ul­ga­myň giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni hö­dür­le­ýän döw­let ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry iş­jeň­lik gör­kez­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, ýur­du­my­zyň her bir ra­ýa­ty in­ter­net-ban­king ul­gam­la­ryn­da bel­li­ge al­nyp bi­lin­ýär. Ol yk­jam we beý­le­ki te­le­fon­la­ryň, IP te­le­wi­de­ni­ýä­niň, in­ter­ne­tiň tö­le­gi­ni ge­çir­mä­ge, al­nan karz se­riş­de­le­ri­ni tö­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şeý­le hem bu hyz­mat­lar gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da 24 sa­gat ýo­la go­ýul­dy.

Bä­şim Şe­mi­ýew,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki
we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.