Täze ýyl arçasyny bezemegiň ýörelgeleri ilki Germaniýada ýüze çykýar. Maglumatlara görä, şeýle däpler nemes syýasatçysy Martin Lýuter (1483-1546) tarapyndan başy başlanypdyr. Martin Lýuter 1513-nji ýylda Roždestwo baýramçylygynyň öň ýanynda agşam çagy öýüne gelýärkä, asman giňişligini tutup duran gür ýyldyzlar toplumynyň gözelligine haýran galýar. Şol gije hatda ýagty ýyldyzlaryň öwüşginleri arçalaryň iňňepisint pürlerine hem düşüp, şöhlelenýär. Ol öýüne gelensoň, iş stolunyň üstünde arçajyk goýup, ony şemler bilen bezeýär. Onuň üstünde bolsa, Wifleýem ýyldyzyny ýatladýan ýyldyzjygy goýýar.
Şeýle hem, XVI asyrda Merkezi Ýewropada Täze ýyl agşamy stoluň üstünde alma, garaly, armyt we hoz bilen bezelen kiçijik arça agajy goýlupdyr. XVII asyryň ikinji ýarymynda nemes we şweýsar maşgalalarynda Täze ýyl saçagynda iňňe pürli agaçlary goýmak däpleri giňden ýaýrap ugraýar. Ilki-ilkiler kiçijik arçajyklar dürli kemputlar we almalar bilen bezelip, ýokardan asylypdyr, soň-soňlar bolsa, uly arçany bezemek däpleri ýola goýlupdyr.
XIX asyryň başlaryna çenli arça bezemek däpleri Ýewropanyň beýleki ýurtlaryna hem aralaşyp ugraýar. Ilkinji Täze ýyl arçasy Finlýandiýada 1800-nji ýylda, Daniýada 1810-njy ýylda, Norwegiýada 1828-nji ýylda gurnalandygy barada maglumatlar bar. Belgiýada we Niderlandlarda bolsa, arça agajy diňe XIX asyryň ortalarynda peýda bolýar.
Parižde ilkinji Täze ýyl arçasy 1840-njy ýylda şa Lui Filippiň köşgüniň öňünde peýda bolýar. Bu wakanyň esasy sebäpkäri şanyň gelinligi Ýelena Meklenburg bolýar.
Angliýada ilkinji Täze ýyl arçasy haçan-da, şa zenan Wiktoriýa, germaniýaly Albert Saksen-Koburga durmuşa çykanda, Windsor köşgünde gurnalýar.
Täze ýyl arçasy germaniýalylaryň goldawy bilen Amerika eltilýär. Ilki ony şemler, miweler, süýjülikler bilen bezän bolsalar, soňabaka ony mumdan, pamykdan, kagyzdan we aýnadan ýasalan dürli jäjejikler bilen bezeýärler.
Russiýada Täze ýyl arçasyny bezemegiň däpleri Pýotr I ýardamy bilen ýüze çykýar. Ol ýaşlyk ýyllarynda Germaniýada Roždestwo baýramçylygynda bolanda, alma we kemput bilen bezelen arça agaçlary görüp geň galýar. Bu görnüş onuň göwnüni göterýär. Şeýlelikde, Pýotr I tagta çykandan soňra, Ýewropadaky ýaly Täze ýyl baýramçylygyny bellemek hakynda 1699-njy ýylyň 20-nji dekabrynda perman çykarýar. Ýöne Russiýada Täze ýyly alamatlandyrýan arça bir asyr soňra, XIX asyryň 40-njy ýyllarynda giňden ornaşyp ugraýar.
1817-nji ýylda Nikolaý I prussiýaly şa gyzy Luiza Şarlotta öýlenýär. Imperatoryň aýaly Täze ýyl zyýapatynda arça agajyny gurnamagy teklip edýär. Şeýlelikde, 1819-njy ýylda Nikolaý I aýalynyň haýyşy bilen ilkinji gezek Sankt-Peterburgdaky Aniçkow köşgünde Täze ýyl arçasyny gurnaýar.
1852-nji ýylda bolsa Ýekaterina şaýolunda ilkinji gezek köpçülik üçin niýetlenen Täze ýyl arçasy gurnalýar. Şeýlelikde, şäherlerde arça bolan islegler artyp ugraýar. Birinji jahan urşy ýyllarynda Russiýada arça bezemegiň däpleri dowam etdirilmändir. Ozalky sowet döwründe ilkinji köpçülige niýetlenen arça 1917-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Sankt-Peterburgda gurnalýar. 1938-nji ýylda bolsa Moskwada 10 müňden gowrak oýunjak bilen bezelen ýurduň 15 metrlik baş arçasy gurnalyp, bu däp häzirki günlere çenli dowam etdirilýär.
Häzirki wagtda dünýäde Täze ýyl arçasyny bezemegiň birnäçe usullary bar. Olaryň has giňden ýaýrany bolsa, arçalaryň dürli jäjejikler, çyrajyklar we zerli sapaklar bilen bezelmegidir. Geçen ýüz ýyllykda dünýä ýurtlarynda tebigy arçalar emeli arçalar bilen çalşylyp, olaryň käbiri hakyky arçadan onçakly tapawut etmeýär.