Täze ýyl aýdymlarynyň adatlary dünýäniň köp ýurtlarynda henize çenli saklanyp galypdyr. Täze ýylda çagalar hem, ulular hem biri-biri bilen şatlyklaryny deň paýlaşyp, söýgi we parahatçylyk barada aýdym aýdýarlar. Täze ýylyň bosagasynda dünýäniň dürli künjeklerinde bellenip geçilýän bu baýramçylykda ýerine ýetirilýän aýdymlar barada gürrüň bermegi makul bildik.
Beýik Britaniýa we Irlandiýa
Irlandiýa, Şotlandiýa we Uels öz taryhy geçmişi bilen arasyny üzmän, aýdym-saz ýörelgelerini saklap gelýärler. Iň meşhur Täze ýyl aýdymlary, elbetde, XIX-XX asyryň aýdymlarydyr. Olaryň biri Kristina Rosetti tarapyndan 1872-nji ýylda ýazylan “Ýowuz gyş” atly goşgudyr. 1900-nji ýylyň başynda bu goşga saz ýazylyp, onuň dürli görnüşleri peýda bolýar. Olaryň birini bolsa, iňlis kompozitory Gustaw Holst ýazýar.
Ispaniýa
Täze ýyl aýdymlaryny aýtmak däpleri saklanyp galan ýurtlaryň ýene-de biri bolsa, Ispaniýadyr. Ispanlar flamandlaryň neslinden bolup, öňden gelýän aýdym-sazlar bu baýramçylygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Aýdymçy La Jose hem-de gitaraçy Leandro Býanki dagy flamenko tärinde aýdym aýdýarlar. Andaluz aýdymlary hem aýratyn ähmiýete eýedir. Ispaniýanyň obalarynyň ýaşaýjylarynyň köpüsi Täze ýyl güni aýdym aýtmak üçin bütin maşgala bolup, köçä çykýarlar. Ispaniýanyň çetki obalarynda bolsa, çagalar öýme-öý aýlanyp, Täze ýyl aýdymlaryny aýdyp, sylag hökmünde az-owlak gazanç edýärler. Ispanlaryň XVI asyrdan galan Täze ýyl aýdymlary biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.
Gresiýa
Grek adalarynda hem Täze ýyl aýdymlarynyň däpleri saklanyp galypdyr. Her bir sebitde 30-a golaý aýdym saklanyp galyp, olar lýutnýa ýa-da buzuki ýaly ýerli saz gurallarynda ýerine ýetirilýär.
Wengriýa
Wengriýanyň demirgazygynda we Transilwaniýada iň esasy täze ýyl aýdymy hökmünde “Behiştiň perişdesi” (Angel of Heaven) ýerine ýetirilýär. Bu aýdymy çagalar öýme-öý aýlanyp ýerine ýetirýärler.
Germaniýa
Germaniýanyň iň meşhur Täze ýyl aýdymy “Assa düşýän gar” (Leise rieselt der Schnee) bolup, 1895-nji ýylda kompozitor Eduard Ebel tarapyndan ýazylypdyr. Ol garly Täze ýyl manzaryny beýan edýän ýönekeýden özboluşly saz bolup, köpüň göwnünden turýar. Şeýle hem Germaniýada öýde we ybadathanada Täze ýyl aýdymyny aýtmak adatlary saklanyp galypdyr. “Eý, Täze ýyl arçasy!” (O! Tannenbaum) iň meşhur maşgala aýdymlarynyň biri bolup, şol bir wagtyň özünde ýylyň bu günlerinde “Gapyny aç, gapy açylýar” (Macht hoch die Tür, die Tor macht weit) aýdymyny ybadathanada ýygy-ýygydan diňläp bolýar.
Fransiýa
Fransiýada täze ýyl adatlary Alp sebitleriniň käbir ýerlerinde saklanyp galypdyr. Muňa garamazdan, fransuz dilinde iň gowy Täze ýyl aýdymy “Garpisint ýyldyz” (Étoile des neiges) bolup, onda Alp sebiti Sawoýýada bolup geçen söýgi wakasy barada gürrüň berilýär.