Gün ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän “So­lar Im­pul­se 2” uça­ry Ýer ýü­zü­niň da­şyn­dan aý­lan­mak üçin baş­lan sy­ýa­ha­ty­ny üs­tün­lik­li ta­mam­la­dy. Ge­çen ýy­lyň 5-nji mar­tyn­da Abu-Da­bi­den ýo­la ro­wa­na bo­lan, di­ňe Gün şöh­le­sin­den peý­da­la­nyp he­re­ket ed­ýän ho­wa gä­mi­si 16 aý­dan soň­ra, bu şä­he­re gaý­dyp gel­di. Şeý­le­likde, Ýer ýü­zü­ni di­ňe Gün ener­gi­ýa­sy bi­len aý­la­nan uçar hök­mün­de re­kor­da ady­ny ýaz­dyr­dy. Uça­ry iş­läp taý­ýar­lan we do­lan­dy­ran şweý­sa­ri­ýa­ly Ber­nard Pik­kard we And­re Borş gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ne ün­si çek­me­gi mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni aýd­ýar­lar. Olar ho­wa gä­mi­si­ni ge­zek­le­şip do­lan­dyr­dy­lar we 40 müň ki­lo­metr­den gow­rak ýo­ly kül­ter­le­di­ler. Üs­tün­lik bi­len ta­mam­la­nan sy­ýa­hat hü­när­men­le­ri, in­že­ner­le­ri we şe­re­ket­le­ri has uly tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ruh­lan­dy­rar.
Sa­gat­da 45-90 ki­lo­metr tiz­lik bi­len he­re­ket eden uçar bu sy­ýa­ha­ty­ny­nyň do­wa­myn­da 16 ge­zek düş­le­di. Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­den ýo­la çy­kan uçar Oman, Hin­dis­tan, Hy­taý, Ýa­po­ni­ýa, ABŞ, Is­pa­ni­ýa we Mü­sür ýurt­la­ryn­da gonmaly boldy.
Li­tiý-iýon ba­ta­re­ýa­ly uçar gün­di­zi­ne alan ener­gi­ýa­sy bi­len gi­je­si­ne-de öz ýo­lu­na do­wam et­di. Bu tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi di­ňe awia­si­ýa pu­da­gy üçin däl, eý­sem, ylym we teh­ni­ka­nyň uly üs­tün­lik­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
Ýe­ke­je dam­ja ýangyç ulan­maz­dan, he­re­ket ed­ýän “So­lar Im­pul­se” uça­ry il­kin­ji uçu­şy­ny 2009-njy ýy­lyň 3-nji de­kab­ryn­da Şweý­sa­ri­ýa­nyň Du­ben­dorf şä­he­rin­de ama­la aşy­ryp­dy. 2003-nji ýyl­da ta­nyş­dy­ry­lan uçar il­kin­ji sy­na­ny­şy­gyn­da bir­nä­çe metr be­ýik­li­ge çy­kyp­dy. Ho­wa gä­mi­si 2010-njy ýyl­da 26 sa­gat­lap üz­nük­siz uç­ma­gy ba­şa­ryp­dy. Uçar 2012-nji ýyl­da Is­pa­ni­ýa­dan Ma­rok­ka çen­li ba­ryp, il­kin­ji yk­ly­ma­ra uçu­şy­ny ama­la aşyr­dy. Onuň ikin­ji nus­ga­sy hem äh­li sy­nag­la­ry üs­tün­lik­li ge­çip­di. Ga­na­ty­nyň açyk­ly­gy 72 met­re ba­ra­bar bo­lan uçar­da dört sa­ny per­li he­re­ket­len­di­ri­ji bar. Onuň ga­nat­la­ryn­da 17 müň 248 sa­ny li­tiý-po­li­mer pa­ne­li otur­dy­lyp­dyr. Uça­ryň ba­ta­re­ýa­sy­nyň ag­ra­my 633 ki­log­ra­ma ba­ra­bar. Ho­wa gä­mi­si­niň umu­my ag­ra­my 2 müň 300 ki­log­ram. Ýag­ny onuň ag­ra­my ba­ry-ýo­gy ulu­rak bir aw­tou­la­gyň­ka de­ňe­çer. Uça­ry di­ňe bir adam do­lan­dy­ryp bil­ýär.