Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Täze, 2020-nji ýylyň ilkinji günlerinden pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň 10 göterim ýokarlandyrylan möçberi tölenilip başlandy. Resminama laýyklykda, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 1415 manat möçberde kesgitlenildi.
Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň artdyrylmagynyň her ýyl geçirilýän çäredigini bellemek möhümdir. Bu çäre döwlet Baştutanymyzyň durmuş ugurly syýasatynyň yzygiderli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy”, ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen okgunly ösdürmäge hem-de sanly ulgama geçirmäge, dünýä hojalyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, durnukly ösüşi hem-de ähli derejelerde ýaşaýyş-durmuşy has-da gowulandyrmaga gönükdirilen beýleki döwlet maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, şäherlerimiziň we obalarymyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Döwletimiz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysady, medeni, ylym-bilim kuwwatyny artdyrmak boýunça giň gerimli işleri amala aşyryp, her bir raýatyň, şol sanda ýaşuly nesliň bähbitlerini göz öňünde tutýar.
Şunuň bilen baglylykda, sanly tehnologiýalaryň ösdürilmegi netijesinde pensiýalary we kömek pullaryny hasaplamak hem-de bermek işiniň ep-esli kämilleşdirilendigini bellemelidiris. Şol tölegler elektron kartlaryna geçirilýär. Indi kartlaryň eýeleri pul serişdelerini bankomatlardan bökdençsiz alyp bilýär ýa-da islendik töleg amallarynda kartlardan peýdalanýar. Kartyň eýeleri üçin goşmaça hyzmatlaryň girizilmegi bilen, ýaşulularda uzak aralykdan durmuş meseleleriniň köpüsini çözmek mümkinçilikleri peýda bolýar. Saglyk ýagdaýy we beýleki sebäplere görä, elektron kartlaryndan peýdalanyp bilmeýän pensionerler üçin pensiýalary öýüne eltilip berilýär.
Ýaşuly adamlara hormat-sarpa goýmak hem-de ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary hilini üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ynsanperwer ugry bolup durýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän gymmatlyklary we köpasyrlyk däpleri şol syýasatyň özenini düzýär.
Türkmenistanda ýaşuly nesliň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak we durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Her ýyl pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberini ýokarlandyrmakdan başga-da, birnäçe kanunlar hem-de kanunçylyk-kadalaşdyryjy namalar kabul edildi. Döwlet pensiýa ulgamynyň bolmagy ýaşuly adamlar üçin kepillendirilen girdejini üpjün etmegiň esasydyr, ählumumy durmuş goraglylygynyň ähmiýetli bölegidir. Bu bolsa, öz nobatynda, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde esasy şertleriň biridir.
Biziň döwletimiz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasaty, Oba milli maksatnamasyny, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” we beýlekileri durmuşa geçirip, häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge saldamly goşant goşýar. Şol maksatnamalar bolsa, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy gün tertibiniň esasynda goýlan wezipeleri şöhlelendirýär hem-de her bir raýatyň bähbidine gönükdirilendir.