ABŞ-nyň Las-We­gas şä­he­rin­de elekt­ron en­jam­la­ry­nyň hal­ka­ra ser­gi­si (CES) ge­çi­ril­di. 7-nji ýan­war­da baş­lan ser­gi 10-njy ýanwarda öz işi­ni ta­mam­la­dy. Adat­ça, bu ser­gi­de gün­de­lik dur­muş­da ula­nyl­ýan elekt­ron en­jam­lar, öý-ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry bilen ta­nyş­dy­ryl­ýar. Em­ma bu ýyl­ky ser­gi aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ag­dyk­lyk et­me­gi bi­len ta­pa­wut­lan­dy. Se­bä­bi, soň­ky ýyl­lar­da elekt­ron en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­lar bi­len aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk art­ýar. Mun­da aw­tou­lag­la­ryň için­de aw­to­mat­laş­dy­ry­lan güý­men­je ul­ga­my­na is­le­giň ýo­kar­lan­ma­gy­nyň we aw­to­mat­laş­dy­ry­lan sü­rüş ul­ga­my­nyň ös­me­gi­niň tä­si­ri uly.
Soň­ky ýyl­lar­da ön­dü­ril­ýän aw­tou­lag­lar sü­rü­ji­niň işi­ni ýe­ňil­leş­dir­ýändigi we howp­suz­ly­gynyň ýo­ka­rydy­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu ul­gam­la­ry aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­ler teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. Ser­gi­de dür­li elekt­ron en­jam­la­ry­ny ön­dür­me­gi bi­len ta­nal­ýan Ýa­po­ni­ýa­nyň “So­ny” kom­pa­ni­ýa­sy özü­niň il­kin­ji aw­tou­la­gy­ny ta­nyş­dyr­dy. “So­ny” “Vision-S” at­ly se­dan gör­nüş­li bu elekt­ro­ka­ry aw­tou­lag­la­ra de­giş­li teh­no­lo­gi­ýa­la­ry aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri­ne gör­kez­mek mak­sa­dy bi­len iş­läp dü­züp­dir. Ýa­pon kom­pa­ni­ýa­sy “BlackBer­ry” QNX, “Bosch”, “Qualcomm”, “NVIDIA” we “Con­ti­nen­tal” ýa­ly şe­re­ket­ler bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. “So­ny”-niň ýol­baş­çy­sy Ke­ni­çi­ro Ýo­şi­da nus­ga­lyk ula­gyň aw­to­mo­bi­liň gel­je­gi­ne go­şant­la­ry­nyň su­but­na­ma­sy­dy­gy­ny aýt­dy.
Uçýan ulaglar kämilleşdirilýär
Şah­sy ula­glaryň bi­len tak­si­ hyz­mat­la­ry­ny et­me­gi gur­na­ýan “Uber” kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa “Hy­un­dai” kompaniýasy bi­len uç­ýan elekt­ro­kar­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ýar. Ser­gi­de 100 ki­lo­met­re çen­li ýol ge­çip bil­ýän, sa­gat­da­ky tiz­li­gi 290 km bo­lan uç­ýan ulag ta­nyş­dy­ryl­dy. Ol 300-600 metr be­lent­lik­den uçar. “S-A1” at­ly 4 orun­lyk ulag di­ku­çar ýa­ly dik­li­gi­ne uçup hem-de go­nup bil­ýär. Sü­rü­ji­siz ula­gyň uzyn­ly­gy 4-6 metr bo­lar.
“Uber” şe­re­ke­ti 2023-nji ýyl­dan baş­lap, şä­he­riň için­de söw­da mak­sat­ly uç­ýan tak­si­le­ri ýo­la goý­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.
ASUS kom­pa­ni­ýa­sy “ZenScre­en MB16ACE” at­ly ýu­ka we ýe­ňil ek­ra­ny­ny ta­nyş­dyr­dy. Bu önüm mo­ni­tor teh­no­lo­gi­ýa­syn­da iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa ha­sap­lan­ýar. Komp­ýu­ter­le­re ni­ýet­le­nen ek­ra­ny no­ut­buk­la­ra hem bi­rik­di­rip ula­nyp bol­ýar. 15,6 dýuým­lyk FULL HD ek­ra­nyň ga­lyň­ly­gy 8 mm, ag­ra­my 700 gram. Onuň ýö­ri­te ga­by bo­lup, on­da ek­ra­ny dik sak­la­ýan aýa­jyk hem bar.
Elekt­ron en­jam­la­ry­nyň ýüz­ler­çe gör­nü­şi­ni ön­dür­ýän “Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä­de il­kin­ji bo­lup, çar­çu­wa­syz 8K QLED ek­ran­ly “akyl­ly” te­le­wi­zo­ry­ny ta­nyş­dyr­dy. Di­ňe aşa­gyn­da in­siz­je çar­çu­wa bo­lan “Sam­sung Q950TS” at­ly te­le­wi­zor eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy ar­ka­ly ha­ky­ky şe­ki­liň hi­li pes hem bol­sa, ony 8K du­ru­ly­gy­na çy­ka­ryp bil­ýär.
LG kom­pa­ni­ýa­sy mo­ni­tor­la­ry ön­dür­mek­de öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri­dir. Ko­reý kom­pa­ni­ýa­sy “CES 2020”-niň çäk­le­rin­de uçar ka­bi­na­la­ryn­da oturt­ma­ga ni­ýet­le­nen tä­ze ne­sil OLED ek­ran­la­ry ta­nyş­dyr­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň we­kil­le­ri bu ek­ran­la­ryň ýo­lag­çy­la­ryň wagtyny has gy­zyk­ly ge­çir­mek­le­ri­ne müm­kin­çi­lik ber­jek­digi­ni aýd­ýar­lar. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa 55 dýuým­lyk “Full HD Trans­pa­rent” at­ly ek­ra­ny­ny ta­nyş­dyr­dy. Bu ek­ra­nyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy aň­ry­sy­nyň 40% gö­rün­ýän­di­gi­dir. Mun­dan baş­ga-da iki gy­ra­syn­dan ep­läp bol­ýan 65 dýuým­lyk “Ult­ra HD Ben­dab­le OLED” hem-de 13,3 dýuým­lyk “Plas­tic OLED” ek­ra­ny­ny gör­kez­di.

5G te­le­fon­la­ry­nyň sa­ny art­ýar,
ba­ha­sy ar­zan­la­ýar
“TCL Com­mu­nication” kom­pa­ni­ýa­sy ser­gi­de üç sa­ny 5G aý­ra­tyn­ly te­le­fo­ny­ny ta­nyş­dyr­dy. Tä­ze en­jam­lar ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­de De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka ba­za­ry­na hö­dür­le­ner. Te­le­fon­la­ryň ba­ha­sy­nyň 500 dol­lar­dan ar­zan bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Kom­pa­ni­ýa bu smart­fon­la­ry we beý­le­ki en­jam­la­ry ba­ra­da 22-nji few­ral­da Bar­se­lo­na­da açyl­jak hal­ka­ra ser­gi­de has gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat be­rer. Ge­çen ýyl peý­da bo­lan ara­gat­na­şy­gyň 5-nji nes­lin­den peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän smart­fon­lar 1000-1500 dol­lar­dan sa­tyl­ýar­dy. Ola­ry ön­dür­ýän şe­re­ket­le­riň sa­ny­nyň art­ma­gy bi­len ba­ha­sy hem gör­ne­tin ar­zan­la­dy.

Reňk­li elekt­ron sy­ýa­ly smart­fon
Ki­tap oka­ma­ga ni­ýet­le­nen ak-ga­ra reňk­li en­jam­lar­da elekt­ron sy­ýa at­ly teh­no­lo­gi­ýa­dan peý­da­la­nyl­ýar. Bu ek­ran­lar gö­zü­ňi ýa­dat­ma­ýan­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Hy­ta­ýyň “Hi­sen­se” kompa­ni­ýa­sy elekt­ron sy­ýa teh­no­lo­gi­ýa­ly tä­ze te­le­fo­ny­ny ta­nyş­dyr­dy. Bu te­le­fon reňk­li bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Elekt­ron sy­ýa­ly ki­tap okal­ýan en­jam­la­ryň sa­ny her­nä­çe ar­tan hem bol­sa, bu teh­no­lo­gi­ýa hä­zi­re çen­li smart­fon­lar­da ga­ty seý­rek ula­nyl­dy. Kom­pa­ni­ýa ge­çen ýyl hem A5 at­ly smart­fo­ny ta­nyş­dy­ryp­dy. Em­ma ol en­ja­myň ek­ra­ny ak-ga­ra reňk­li­di. Il­kin­ji elekt­ron sy­ýa ek­ran­ly te­le­fon 2012-nji ýyl­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lyp­dy. “Yo­taP­ho­ne” at­ly bu smart­fo­nyň iki ta­ra­py hem ek­ran­ly bo­lup, onuň ar­ka ta­ra­pyn­da elekt­ron sy­ýa­ly ek­ran bar­dy. Yz­ky ek­ran ki­tap oka­mak we te­le­fo­nyň ener­gi­ýa­sy­ny tyg­şyt­ly ulan­ma­ga ni­ýet­le­nip­di. Soň­ky ýyl­lar­da bu te­le­fo­nyň tä­ze nus­ga­la­ry hem peý­da bo­lup­dy. 2013-nji ýyl­da bol­sa, “Onyx” at­ly şe­re­ket di­ňe elekt­ron sy­ýa ek­ran­ly smart­fon çy­ka­ryp­dy.
Gelj­egiň şä­he­ri­ni ta­nyş­dyr­dy
Aw­tou­lag önüm­çi­li­gi­ bi­len ta­nal­ýan “Toyo­ta” kom­pa­ni­ýa­sy aras­sa ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Ser­gi­de ýa­pon kom­pa­ni­ýa­sy aras­sa ener­gi­ýa se­riş­de­le­rin­den peý­da­lan­ýan şä­her­çä­niň tas­la­ma­sy­ny ta­nyş­dyr­dy. Ýa­po­ni­ýa­da­ky Fu­ji da­gy­nyň etek­le­rin­de 175 gek­tar meý­dan­da gu­rul­jak “Woven City” at­ly ilat­ly no­kat­da­ky bi­na­lar­da wo­do­rod ýan­gy­jyn­dan peý­da­la­ny­lar. Bu şä­her­de aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek­de iş­ler ýo­la goý­lar. “Akyl­ly” jaý­lar­da ýa­şa­jak şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry aw­to­nom ulag­lar­dan peý­da­la­nar. Bu şä­he­riň tas­la­ma­sy­ny da­ni­ýa­ly bi­na­gär Bjar­ke In­gels iş­läp dü­zer. In­gel­siň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän bi­na­gär­ler to­pa­ry hä­zi­re çen­li Nýu-Ýork­da­ky Bü­tin­dün­ýä Söw­da Mer­ke­zi­ni, San-Fran­sis­ko­da­ky we Wan­ku­wer­dä­ki bir­nä­çe gök­di­rä­niň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­lap­dyr. Tä­ze gu­rul­jak şä­her­de ýol­lar üç gör­nüş­li bo­lar – ýo­ka­ry tiz­lik­li ulag­lar üçin, dür­li tiz­lik­dä­ki ulag­lar üçin hem-de py­ýa­da­lar üçin. Bi­na­lar­da agaç ma­te­ri­al­lar­dan has köp peý­da­la­ny­lar. Jaý­la­ryň üçek­le­ri Gün pa­nel­le­ri bi­len ör­tü­ler. 2021-nji ýyl­da dur­mu­şa ge­çi­ril­jek tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de, il­kin­ji no­bat­da, 2 müň ilat­ly şä­her­çe peý­da bo­lar. Soň­ky tap­gyr­lar­da şä­he­riň çä­gi gi­ňel­di­lip, ila­ty kö­pe­ler.