Beýik Britaniýanyň oftalmologiýa žurnalynyň geçiren barlaglaryna görä, her gün bir bulgur gök çaý içmek göze garasuw inme keseliniň (glaukoma) öňüni almaga ýardam edýär. Mundan başga-da, Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlaglaryna laýyklykda, gök çaý bilen baglanyşykly geçirilen ylmy-barlag işine meýletinçiler topary gatnaşyp, olar her gün azyndan bir gezek gök çaý içdiler. Şol barlagyň netijesinde, meýletinçileriň 74 göteriminiň glaukoma keseli bilen kesellemek mümkinçiliginiň azalandygy mälim edildi. Ýöne, bu ýerde gürrüň gyzgyn gök çaý barada gidýär. Sowuk çaýyň şeýle aýratynlygy ýokdur.
Çaýyň düzüminde köp sanly biologik serişdeler bar. Olaryň köpüsi dürli kesellere garşy göreşiji bolup hyzmat edýär. Şol serişdeler şol bir wagtda adam bedenindäki öýjükleri we molekulalary dürli zeper ýetmelerden goraýar. Şeýle hem, gök çaý adam beýnisiniň işleýşini gowulandyrýar. Bulardan başga-da, gök çaýyň düzüminde zerurlyk derejesinde kofein bolup, ol hem adamyň şähdaçyk bolmagyna hem-de gaharlanmazlygyna kömek edýär.