Tutuş dünýäde bolşy ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň çäklerinde bank ulgamynyň işine döwrebap tehnologiýalar, häzirki zaman bank hyzmatlary işjeň ornaşdyrylýar. Bu bank hyzmatlarynyň içinde, aýratyn hem raýatlaryň şahsy maksatlary, şahsy zerurlyklary üçin ulanylýan bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklara aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň karz edaralarynda giňden ýaýbaňlandyrylan nagt däl hasaplaşyklar boýunça durmuşa geçirilýän işler Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynda hem giň gerim alýar, hyzmatlaryň täze görnüşleri müşderilere yzygiderli hödürlenilýär. Şeýle hyzmatlaryň biri-de “Talyp tölegi” hyzmatydyr. Sentýabr aýynda açylan bu hyzmatyň esasy maksady tölegli esasda okaýan talyplar üçin ýeňillikli şertleri döretmekden, töleg geçirmekde ýüze çykyp biljek bökdençlikleri aradan aýyrmakdan ybaratdyr.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň aglabasynda tölegli okuwlar ýola goýuldy. Talyplaryň okuw töleglerini baglaşylan şertnamalaryna laýyklykda, öz wagtynda, doly geçirmekleri üçin bolsa karz edaralarynyň öňünde möhüm wezipeler durýar. Bankymyz tarapyndan açylan täze hyzmatda hem talyplar üçin ähli amatly mümkinçilikler göz öňünde tutulýar. Bu hyzmatyň esasy aýratynlygy, ýagny nagt hasaplaşykdan tapawudy tölegi islän wagtyň, nobata durmazdan, hakyky wagt tertibinde (“online” usul arkaly) geçirip bolýanlygydyr.
Häzirki döwre çenli ýurdumyzyň tölegli esasda bilim berýän ýokary okuw mekdepleri bilen degişli şertnamalar baglaşyldy. Şonuň esasynda bolsa, talyplaryň okuw tölegini bökdençsiz tölemekleri üçin olaryň her birine birnäçe sandan ybarat bolan ýörite belgiler paýlanyldy. Talyp özüne degişli şol şahsy belgiler arkaly “Halkbankyň” saýty ýa-da ýörite “Talyp tölegi” ady bilen döredilen goşundy hyzmatynyň üsti bilen töleg geçirip bilýärler. Tölegler bankyň saýty, şeýle-de telefon goşundysy arkaly kabul edilýär. Bu ýerde hereketler örän aňsat we tiz ýerine ýetirilýär. Saýt arkaly töleg üçin saýtyň baş sahypasynda “Onlaýn-tölegler” düwmesine basyp, “Talyp tölegi” hyzmatyny saýlamaly. Ýakynda döredilen goşundy hyzmaty hem tölegi tiz usulda tölemäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda programma ulanylýan ähli enjamlara (kompýuter, planşet we el telefon) görä niýetlenip taýýarlanyldy.
Myrat Gurbanow,
Türkmenistanyň “Halkbank“ döwlet täjirçilik
bankynyň Bank kart ulgamlary müdirliginiň
Müşderiler bilen işlemek bölüminiň baş hünärmeni.