Alymlar jemi 3 adada guşuň 10 sany täze görnüşiniň ýaşaýandygyny anykladylar. Guşlaryň bu görnüşleri dünýäniň iň baý tebigatly ýurtlarynyň biri hasaplanýan Indoneziýada tapylypdyr. Bu açyşyň soňky 100 ýylyň dowamyndaky iň uly açyşdygy aýdylýar. Singapurda we Indoneziýada iş alyp barýan bilermenler Sulawesi adasynyň demirgazygyndaky Togian, Peleng we Taliabu adalarynda täze guşlary hasaba aldylar. Bu jandarlaryň bäşisiniň saýraýan guşlardygy mälim edildi. Olara “rhipidura”, “locustella”, “myzomela” we iki sanysyna “phylloscopus” ylmy atlary berildi. Mundan başga-da, guşlaryň saýramaýan görnüşleriniň hem üstünden baryldy. Şular ýaly kiçi ýerde şeýle köp mukdarda guşuň bardygy alymlary hem haýran galdyrdy. Tebigaty öwrenijiler ekoulgamyň dowam etmeginde guşlaryň ähmiýetiniň uludygyna ünsi çekýärler. Her ýyl ortaça 5-6 guş görnüşiniň üsti açylýar. Mör-möjekleriň we balyklaryň bolsa, has köp görnüşi anyklanýar.