13-nji ýanwarda Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy Muhammed Bin Zaýed Al-Nahaýýan Birleşen Arap Emirliklerinde saparda bolan Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda taraplar BAE we Ýaponiýanyň özara gatnaşyklaryny has-da berkitmegiň ýollary barada maslahat etdiler. Duşuşykda iki ýurduň söwda, energetika, maýa goýumlary, tehnologiýa, kosmos we bilim babatda uly ösüş gazanandygy bellenildi.
13-nji ýanwarda Fransiýanyň günortasyndaky Po şäherinde “Sahel bäşligi” toparynyň sammiti geçirildi. Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çagyrmagy bilen bu ýere Burkina-Faso, Mawritaniýa, Mali, Niger we Çad ýaly ýurtlaryň Liderleri ýygnandylar. Bu duşuşykda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary, şol sanda howpsuzlyk boýunça kararlar kabul edildi.
Kuweýt we Katar suwuklandyrylan gaz satyn almak baradaky ylalaşyga gol çekdiler. Ylalaşyga laýyklykda, Katar 15 ýylyň dowamynda her ýylda Kuweýte 3 million tonna suwuklandyrylan gaz ugradar. Degişli karara Kuweýtiň nebit ministri Haled Ali al-Fadyl we Kuweýte iş sapary bilen baran Kataryň energetika ministri Saad ben Şerida al-Kaabi gol çekdiler.
Ýaponiýanyň pasporty dünýäniň iň “güýçli” pasporty diýlip ykrar edildi; bu döwletiň raýatlary 191 ýurda wizasyz baryp bilýärler. Ikinji orunda Singapur ýerleşip, bu ýurduň ýaşaýjylary 190 ýurda wizasyz gidip bilýärler. Germaniýanyň we Günorta Koreýanyň pasportlary bolsa, üçünji orunda gelýär (189). Dördünji orunda Italiýa we Finlýandiýa gelýär (188). Bäşinji orunda Ispaniýa, Lýuksemburg we Daniýa gelýär (187).
2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Ispaniýanyň programma üpjünçiligi boýunça öňdebaryjy “Software Delsol” kompaniýasy ilkinjileriň hatarynda hepdede 4 günlük iş hepdesini ýola goýdy. Iş hepdesiniň azaldylmagyny durmuşyň hilini gowulaşdyryp, adamlaryň wagtlaryny maşgalasyna, sporta we syýahata aýyrmaga ýardam berjekdigini kompaniýada mälim etdiler.
Belarusuň zähmet we sosial goraglar ministri Irina Kostewiç ýurtda ýaşy 100-den geçen 382 adamyň bardygyny, olaryň 68-siniň bolsa, ýurduň paýtagty Minskde ýaşaýandygyny mälim etdi. Irina Kostewiç ýaşy birçene baranlaryň mynasyp şertlerde ýaşamagy üçin döwletiň alada edýändigini belledi. Ol häzirki wagtda Belarusda Ikinji jahan urşuna gatnaşan 5 müň 500 weteranyň ýaşaýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
ABŞ-nyň ozalky döwlet sekretary Hillari Klinton Beýik Britaniýanyň Belfast şäheriniň Kwins uniwersitetiniň rektory wezipesine 5 ýyllyk möhlet bilen bellendi. 1845-nji ýylda esaslandyrylan okuw mekdebiniň taryhynda Hillari Klinton 11-nji we ilkinji zenan rektordyr. 2019-njy ýylda dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň arasynda Kwins uniwersiteti görnükli orunlaryň birini eýeledi.
Maskatdan berilýän habarlara görä, Haýsam bin Tarek Al Said kasam kabul edip, Omanyň täze Soltany boldy. Ol merhum Soltan Kabus Bin Said Al Saidiň doganoglanydyr. 1954-nji ýylda doglan Haýsam bin Tarek Al Said, 1979-njy ýylda Oksford uniwersitetini tamamlaýar. Mundan ozal ol ýurduň syýasy meseleler boýunça daşary işler ministriniň orunbasary, medeniýet we milli miras ministri bolup işledi.
11-nji ýanwarda Moskwada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň federal Kansleri Angela Merkel bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň çäklerinde taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, “Demirgazyk akymy-2” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň we halkara ýagdaýynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
11-nji ýanwarda Hytaý Taýpeýinde geçirilen saýlawlarda Saý Inwen ynamly ýeňiş gazandy. Sesler sanalandan soňra onuň 57,38 göterim sese eýe bolandygy belli boldy. Onuň esasy bäsdeşi Gomindan partiýasynyň agzasy, Gaosýun şäheriniň meri Han Goýuý bolsa, 38,41 göterim sese eýe boldy. Şeýlelikde, dolandyryjy Demokratik ösüş partiýasynyň agzasy 63 ýaşly Saý Inwen 4-nji möhlete täzeden saýlandy.
12-nji ýanwarda Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes täze bileleşen hökümetiniň düzümini hödürledi. Oňa özüniň ýolbaşçylyk edýän sosialistleri hem-de “Unidas Podemos”-yň wekilleri girýärler. Sançes ministrleriň sanyny 17-den 22-ä çenli artdyrdy. Onda erkekler we zenanlaryň sany des-deň bolar. Bu 40 ýyldan soň ýurtdaky ilkinji bileleşen hökümetdir.
Özbegistan Respublikasynyň “Oliý Majlis”-iniň senatynyň (parlamentiň ýokarky palatasy) agzalarynyň saýlawy 16-17-nji ýanwarda geçirildi. Onuň netijeleri ýakyn günlerde mälim ediler. Senat 100 adamdan ybaratdyr. Özbegistanyň Prezidenti ylym-bilim, sungat, edebiýat, önümçilik we beýleki ugurlarda özüni tanadan tanymal raýatlaryň arasyndan 16 senatory özi belleýär. Senatyň ygtyýarlylygynyň möhleti 5 ýyl.
Azerbaýjanda geçiriljek Parlament saýlawlarynda 2 müňe golaý synçy işlär. Bu barada Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Mazahir Panahow habar berdi. Onuň sözlerine görä, olaryň 1630-sy ýerli, 70-si bolsa daşary ýurtly synçylardyr. Azerbaýjanyň Prezidenti geçen ýylyň 5-nji dekabrynda parlamentiň işiniň ýatyrylyp, 9-njy fewralda saýlawlaryň möhletinden öň geçirilýändigi baradaky karara gol çekipdi.