Sag­ly­gy go­ra­ýyş: luk­man­lar adam­la­ryň sag­ly­gy­nyň has go­wu­lan­ma­gy we uzak ýa­şa­ma­gy üçin ala­da ed­ýär­ler. Gel­jek­de bir­nä­çe ke­se­liň öňü­ni al­ma­gyň müm­kin bol­jak­dy­gy we ze­per ýe­ten sy­na­la­ry gaý­ta­dan di­kel­dip bol­jak usul­la­ryň ta­pyl­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. 2030-njy ýyl­lar­da has uly ýaş­ly adam­lar­da­ky ke­sel­le­riň be­jer­gi­si müm­kin bo­lar.

Üç öl­çeg­li önüm­çi­lik en­ja­my: 3 öl­çeg­li prin­ter­ler hä­zir­ki wagt­da awia­si­ýa we kos­mos pu­da­gyn­da ula­nyl­ýar. Bu en­jam­lar is­len­dik şe­ki­li ga­ly­ba guý­mak ar­ka­ly ýa­sa­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýö­ri­te çig ma­ly bo­lan bu en­jam­la­ra ge­rek za­dyň üç öl­çeg­li şe­ki­li­ni ber­mek ýe­ter­lik.

Gö­rün­me­zek komp­ýu­ter: ge­çen asy­ryň or­ta­la­ryn­da peý­da bo­lan äpet komp­ýu­ter­le­ri giň otag­lar­da gur­na­ma­ly bol­ýar­dy. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, ola­ryň amal­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­riş tiz­li­gi hä­zir­ki smart­fon­lar­dan hem pes­di. Komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­sy gys­ga wagt­da ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da ös­di. Bi­ler­men­ler komp­ýu­ter­le­riň ki­çel­me­gi­niň do­wam et­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň hem kä­mil­leş­me­gi bi­len go­şar sa­gat­la­ry­myz, dür­li şaý-sep­ler we beý­le­ki ki­çi­jik zat­lar komp­ýu­te­riň işi­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rip bi­ler.
Ki­çi­jik ro­bot­lar: dür­li mak­sat­lar üçin ary, gur­çuk ýa­ly he­re­ket ed­ýän ro­bot­lar dö­re­di­ler.

Eme­li ekoul­gam: 2030-njy ýyl­lar­da Ýer ýü­zün­de ho­wa­ny go­wu­lan­dyr­jak eme­li ekoul­gam­lar dö­re­di­ler. Iri tas­la­ma­la­ryň çäk­le­rin­de eme­li agaç­lar, um­man­la­ra dö­kün ber­ýän hem-de ola­ryň su­wu­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ýan en­jam­lar peý­da bo­lar. De­ňiz­dir um­man­lar­da dür­li suw jan­dar­la­ry­ny we ösüm­lik­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýän fer­ma­lar azyk önüm­çi­li­gi­ne uly go­şant go­şar.

Pla­ne­ta­ra in­ter­net bag­la­ny­şy­gy: hä­zir­ki wagt­da iň ýa­kyn pla­ne­ta bo­lan Mar­sa adam­ly uçuş­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy üçin ta­gal­la edil­ýär. Kos­mos bi­len bag­ly is­len­dik tas­la­ma­da ara­gat­na­şyk iň esa­sy me­se­le bo­lup dur­ýar. Gy­zyl pla­ne­ta adam aýa­gy­nyň sek­me­gi bi­len iki pla­ne­ta­nyň ara­syn­da in­ter­net ara­gat­na­şy­gy hem ýo­la goý­lar. Hä­zir­ki wagt­da iň uzak ara­lyk­da­ky in­ter­net Hal­ka­ra Kos­mos Be­ke­din­de bo­lup, ol Ýer­den 400-430 km daş­lyk­da, öz or­bi­ta­syn­da aý­lan­ýar.

Suw arassalaýjy ulgamlar: tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň iş­le­nip taý­ýar­lan­ma­gy bi­len de­ňiz su­wu­ny daş­ky gur­şa­wa ze­per ýe­tir­mez­den aras­sa­la­ýan ul­gam­lar dur­mu­şa or­naş­dy­ry­lar.