Li­mon­lar

Bir ge­zek aýa­lym me­ni li­mon ge­tir­mek üçin dü­ka­na iber­di. Ça­ga­la­ry­myň bi­ri dü­mew­läp­di. Ol ma­ňa “Go­w­ra­gyn­dan saý­la­wer” di­ýip, tab­şyr­dy. Li­mon saý­la­mak üçin dü­kan­da­ky mej­imä­niň go­la­ýy­na bar­dym. Göw­nü­me bol­ma­sa, ba­ry gy­şyk, çüý­rük ýa-da ga­by­gy has ga­lyň ýa­ly­dy.

Gö­zü­miň gy­ta­gy bi­len se­red­ýä­rin; sa­gym­da­ky me­ji­me­den baş­ga bir er­kek ki­şi li­mon saý­lap dur. Göw­nü­me bol­ma­sa şol me­ji­me­dä­ki li­mon­lar iri, bi­şen we dat­ly ýa­ly­dy. Men “Hä­zir ol er­kek ki­şi gi­der, me­nem der­rew li­mo­nyň go­wu­sy­ny saý­la­ryn” di­ýip, öz ýa­nym­dan pi­kir ýü­würt­dim.

Göz üçin, li­mon saý­lan bo­lan bo­lup du­run, ara­syn­da-da ýa­nym­da­ky er­ke­k ki­şä gö­zü­miň gy­ta­gy bi­len ga­ra­ýa­ryn. Ol özü­ne ge­re­gi­ni saý­lap, heý bir gy­ra çe­kil­mez­mi­kä di­ýip oý­la­ýar­dym. O di­ýe­nim bol­ma­dy. Ol şol dör­je­läp dur­şu­dy. Bäş mi­nut da­gy ga­ra­şan­dy­ryn – bi­ri-bi­rin­den aja­ýyp, oňat li­mon­la­ryň hiç bi­ri­si onuň göw­nün­den tu­ra­ýa­nok­dy. Men bu ýag­da­ýa mun­dan ar­tyk sa­byr edip bil­jek däl­dim. “Gel, şu­ňa nä­hi­li adam­dy­gy­ny ýü­zü­ne pat­la­da­ýyn­-la” di­ýip, sa­gy­ma öw­rül­sem… aý­na.

Ha­şal ot

Bir ge­zek ýa­zy­na ag­ty­gy bi­len ata­sy mel­lek­dä­ki ha­şal ot­la­ry aý­ryp ýö­ren eken. Bir­den og­lan­jyk ata­syn­dan:

– Ata, nä­me üçin bi­ziň ek­me­dik ha­şal ot­la­ry­myz go­wy ös­ýär, ek­ýän zat­la­ry­myz bol­sa, ün­se, ala­da we zäh­me­te mä­täç? – di­ýip so­ra­ýar. Ata­sy ýyl­gy­ryp:

– Ine, ag­ty­ja­gym, sen syn­çy­ly­gyň bi­len özüň üçin uly açyş et­diň: adam üçin äh­li ar­zy­ly we äh­mi­ýet­li zat­lar ep-es­li zäh­met ta­lap ed­ýär, zy­ýan­ly hem-de ge­rek­me­jek zat­lar bol­sa, öz-özün­den ösüp çyk­ýar.

Ýe­ke-täk sy­na­ny­şyk

Us­sat ha­ly­pa öz şä­gir­di­ne ýaý­dan ok at­ma­gy öw­red­ýär­di. Şä­gir­di eli­ne ýa­ýy­ny we iki peý­ka­my alyp, tab­şy­ry­gy ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge taý­ýar­la­nyp dur­dy. Em­ma us­sat onuň ýa­ny­na gel­ip, elin­dä­ki iki peý­ka­myň bi­ri­ni al­dy-da, bir gap­da­la py­zyp goý­ber­di.

– Nä­me üçin, sen men­den ikin­ji peý­ka­my al­dyň? – di­ýip, şä­gir­di so­rap­dyr.

– Men sen­den ikin­ji peý­ka­my däl-de, bi­rin­ji peý­ka­my al­dym. Se­bä­bi ba­ry­bir ol peý­kam ny­şa­na­dan so­wa ge­çe­rdi.

– Nä­me üçin? – di­ýip, şä­gir­di ge­ňir­ge­nip so­rap­dyr.

– Se­bä­bi, sen at­ýan wag­tyň ýe­ne-de bir sy­na­ny­şy­gyň bar­dy­gy­ny bi­lip, ar­ka­ýyn bo­lar­dyň – di­ýip, us­sat jo­gap be­rip­dir.

Söý­gi

– “Ha­la­ýa­ryn” we “söý­ýä­rin” di­ýen söz­le­riň ta­pa­wu­dy­ny açyp ber­se­ne? – di­ýip akyl­dar­dan so­rap­dyr­lar. Akyl­dar uzak oý­lan­man:

– Ha­çan-da gü­li ha­la­saň, sen ony go­par­ýar­syň. Eger-de sen şo gü­li söý­seň we­lin, her gün­de oňa suw be­rip dur­ýar­syň – di­ýip, jo­gap be­rip­dir.

Ho­wa ýag­da­ýy

Ýo­la ro­wa­na bo­lan bir ja­han­keş­de go­ýun ba­kyp ýö­ren ço­pan­dan:

– Gar­daş, şu gün ho­wa nä­hi­li bo­lar­ka? – di­ýip so­rap­dyr:

– Me­niň is­leý­şim ýa­ly bo­lar – di­ýip, ço­pan äw­män jo­gap be­rip­dir.

– Eý­sem, ho­wa­nyň se­niň is­leý­şiň ýa­ly bol­jak­dy­gy­ny ni­re­den bil­ýär­siň? – di­ýip, ja­han­keş­de ge­ňir­ge­nip­dir.

– He­mi­şe ha­la­ýan za­dy­ňy al­ma­gyň müm­kin däl­di­gi­ne göz ýe­ti­rip, bol­jak za­dy söý­me­gi öw­ren­dim. Şo­nuň üçin, me­niň ha­la­ýan ho­wa­myň bol­jak­dy­gy­na bir­jik­de şüb­he­len­me­ýä­rin – di­ýip ço­pan jo­gap be­rip­dir.

Ynam

Og­lan­jyk oňat er­te­ki­le­ri oka­ma­gy ha­lap­dyr we on­da­ky ýa­zy­lan äh­li zat­la­ra ýü­re­gin­den yna­nyp­dyr. Şo­ňa gö­rä, ol dur­muş­dan hem haý­sy­dyr bir gud­rat-tä­sin­lik göz­läp­dir. Ýö­ne we­lin söý­gü­li er­te­ki­le­rin­dä­ki ýa­ly beý­le geň-taň­ly­ga ga­bat gel­män­dir. Öz göz­leg­le­rin­den ta­ma­sy çyk­ma­dyk og­lan­jyk, ahy­ry bir gün eje­si­niň ýü­zü­ne so­rag­ly na­za­ry­ny gez­di­rip:

– Eje, eý­sem, sen gud­ra­ta ynan­ýaň­my ýa-da dur­muş­da beý­le zat­lar bol­ma­ýar­my­ka? – di­ýip­dir.

– Mäh­ri­ban og­lum, eger-de sen oňat ýi­git bo­lup ýe­tiş­mä­ge ta­gal­la et­seň, dur­mu­şyň­da­ky äh­li er­te­ki­ler ha­syl bo­lar. Gud­ra­tyň göz­lenm­eýän­di­gi­ni, go­wy adam­la­ry onuň özü­niň tap­ýan­ly­gy­ny unut­ma, ba­lam! – di­ýip, eje­si og­lu­nyň ba­şy­ny sy­pap­dyr.

Ter­ji­me eden

Aý­gö­zel GEL­DI­MY­RA­DO­WA,

Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.